Türkmenistanyň konstitusiýasy adalatlylygyň, abadançylygyň we ösüşiň kanuny

26.06.2023

Her ýylyň 18-nji maýynda türkmen halky Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi uly ruhubelentlik bilen belläp geçýär. Bu iki mukaddesligiň baýramynyň bilelikde toýlanylmagynda çuňňur many bar. Çünki Esasy Kanunymyz we Döwlet Baýdagymyz ýurdumyzyň özygtyýarly döwlet hökmündäki esasy gymmatlyklarydyr. Bu mukaddeslikler biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr.

Konstitusiýa döwletiň esaslandyryjy resmi- namasy bolup, onda döwletiň döredilmeginiň esasy maksatlary beýan edilýär. Beýleki kanunçylyk namalary bilen deňeşdireniňde, Konstitusiýa aýratyn hukuk häsiýetine eýe bolup, ol döwletiň gurluşyny, raýatlaryň esasy hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýär, döwleti dolandyrmagyň görnüşini we döwletiň ýokary häkimiýet edaralarynyň ulgamyny kesgitleýär. Ýokary ýuridik güýje eýe bolmak bilen kanun çykaryjylyk işi üçin binýat bolup hyzmat edýär. Kabul etmek we üýtgetme girizmekbabatda oňa aýratyn tertip häsiýetlidir. Gös-göni täsir etmek güýjüne eýe bolan kadalaşdyryjy namadyr.

Diňe bir ýetilen sepgitleri berkitmek bilen çäklenmän, jemgyýetiň we döwletiň öňünde täze wezipeleri we maksatlary goýmagy, syýasy işjeňligi ýokarlandyrmagy, döwlet edaralaryny, jemgyýetçilik birleşmelerini we ähli raýatlary täze Esasy Kanunyň ruhunda hereket etmäge gönükdirmek arkaly Konstitusiýanyň guramaçylyk hereketi ýüze çykýar. Diýmek, Konstitusiýa diňe bir ösüş üçin bar bolan şertleri şöhlelendirmek bilen çäklenmän, ony gazanmagyň kanunçylyk hukuk gurallaryny-da özünde jemleýär.

Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 21-nji ýanwarynda hem «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny kabul edildi. Bu Konstitusion Kanun esasynda Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Döwletimizde kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan Türkmenistanyň Mejlisi baradaky kadalary özünde jemleýän bap täze görnüşde beýan edildi. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna kanun çykaryjylyk başlangyjyna hukuk berildi.

Esasy Kanunymyzyň esasy häsiýetli aýratynlyklarynyň ýene-de biri onuň kadalarynyň aglabasynyň adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny belleýän kadalardygydyr. Şol kadalara laýyklykda, Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär hem-de Konstitusiýa we kanunlar bilen kepillendirilýär.

Adamyň we raýatyň hukuklary şahsy, durmuş-ykdysady hem-de syýasy hukuklara bölünmek bilen olaryň hersiniň döwlet kepillikleri barada Esasy Kanunymyzda aýry-aýrylykda durlup geçilýär we adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň Konstitusiýada we kanunlarda sanalyp geçilmeginiň olaryň beýleki hukuklaryny we azatlyklaryny inkär etmek ýa-da kemeltmek üçin peýdalanylyp bilinmeýändigi anyk görkezilýär. Munuň özi ýurdumyzda adamyň hukuklaryny üpjün etmek üçin döredilýän döw- let kepillikleriniň ölçegsizligini, adam hakynda edilýän aladanyň tükeniksizligini görkezýär.

Mälim bolşy ýaly, adamyň we raýatyň durmuş-ykdysady hukuklaryna telekeçilige we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny erkin peýdalanmaga bolan hukugy degişlidir. Bu hukuk Esasy Kanunymyzyň 47-nji maddasy we ýurdumyzda telekeçilik işiniň (telekeçiligiň) umumy esaslaryny kesgitleýän, telekeçilik işi bilen meşgullanýanlaryň hukuklaryny we jogapkärçiligini belleýän, işiň bu görnüşiniň döwlet tarapyndan goralmagyny hem-de goldalmagyny üpjün edýän, ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary bilen gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän «Telekeçilik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny arkaly kepillendirilýär.

Kanuna laýyklykda, telekeçilik (hususy iş başyny tutujylyk) — munuň özi raýatlaryň peýda ýa-da girdeji almaga gönükdirilen, öz adyndan hem töwekgelçilikledip we emläk jogapkärçiligini öz üstüne alyp ýa-da ýuridik şahsyň kärhananyň adyndan, şeýle-de emläk jogapkärçiligini onuň öz üstüne alyp, amala aşyrýan başlangyçly özbaşdak işidir, hususy kärhanaçylyk işidir. Telekeçi Türkmenistanyň kanunçylyk namalary arkaly gadagan edilmedik işiň islendik görnüşi- ni amala aşyryp biler.

Döwletimiz telekeçileriň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini, emlägiň eldegrilmesizligini kepillendirýär, bäsdeşlik üçin şert döredýär, maddy, maliýe, zähmet, maglumat, tebigy we gaýry serişdeler elýeterli bolar ýaly, goldaw hem deň mümkinçilikler berýär. Telekeçiniň eýeçilik hukugynyň goralmagyny üpjün edýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 12-nji maddasyna laýyklykda, döwlet eýeçiliginiň äh- li görnüşleriniň deň goragyny kepillendirýär we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýär. Kanunda gadagan edilen usul bilen edinilen eýeçilikden başga eýeçiligiň muzdsuz alynma- gyna ýol berilmeýär. Diňe kanunda göz öňünde tutulan halatlarda eýeçiligiň muzduny töläp, mejbury alynmagyna ýol berilýär. Hususy taraplaryň emlägine döwlet emlägi bilen deň hukuk kepillikleriniň berilmegi, bazar gatnaşyklarynyň, hususy pudagyň ösmegine amatly şertleri we mükinçilikleri döredýär.

Esasy Kanunymyz arkaly bellenilýän adamyň we raýatyň hukuklarynyň döwlet kepillikle­ri haýsy ugra degişlidigine garamazdan, ilkinji nobatda şahsyýet üçin amatly şertleri döretmegi, durmuş abadançylygyny üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Munuň özi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 5-nji maddasynda bellenilen «Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir.» diýen kadalarynyň, onuň tutuş mazmunyndan eriş-argaç bolup geçip, ýurdumyzda döwlet syýasatynyň adamy goramaga we goldamaga gönükdirlendigini aýdyňlygy bilen subut edýär.

 

Nurjemal Baýramowa, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.