Habarlar

Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar

26.09.2022

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Türkmenistanyň ähli raýatlaryna Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy beýan edýärin. Taryhdaky bu aýratyn pursat bize bir maşgala hökmünde bilelikde işlemegiň zerurdygyny ýatladýar. Her bir ýurt öz milli serhetleriniň çäginden has alyslara çykýan meseleleriň — dünýämizi gurşap alan COVID-19 pandemiýasyndan başlap, barha artýan garyplyk, deňsizlik we adalatsyzlyk, adatdan daşary howa ýagdaýlary, gapma-garşylyklar bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine öz goşandyny goşmalydyr. Şu aýratyn günde Türkmenistanyň ähli raýatlarynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işini çaltlandyrjakdyklaryna hem-de ähli adamlar üçin has gowy, has adalatly, parahat durmuşy gurjakdyklaryna Birleşen Milletler Guramasynyň bil baglap biljekdigine ynanýaryn. Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň! Antoniu GUTERRIŞ, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary.

Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň sebitlerindäki awtomenzilleriň açylyşyna ak pata berdi

24.09.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ulag düzüminiň desgalarynyň — Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli täze desgalaryň açylyş dabaralary baýramçylyk wakalarynyň öwüşginini has-da artdyrdy. Şanly seneleriň öňüsyrasynda möhüm ähmiýetli desgalaryň açylmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da artýandygyna, durmuş taýdan depginli ösüşine aýdyň şaýatlyk edýän ajaýyp däbe öwrüldi. Munuň özi eziz Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklaryň geriminde hem öz beýanyny tapýar. Täze ýolagçy awtomenzilleriniň ulanmaga berilmegi döwrebap ulag ulgamynyň kemala getirilmeginiň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Geografik taýdan örän amatly ýerde — Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz ägirt uly üstaşyr kuwwata eýe bolup, ondan has netijeli peýdalanýar.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet Maslahatyndaky ÇYKYŞY

23.09.2022

(Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabry) Hormatly adamlar! Eziz watandaşlar! Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän günlerinde täze taryhy döwürde döwletimiziň syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni taýdan ösüş depginlerini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly wajyp meseleler girizilen Döwlet Maslahatyny geçirýäris. Bu maslahatda Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek, halkara abraýyny ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn wezipeleri kesgitläris. Içeri we daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň meselelerine seredip, möhüm Kararlary kabul ederis. Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Ilki bilen, men şu belent münberden sizi, mähriban halkymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize we merdana halkymyza berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 2022-nji ýylda ýurdumyz garaşsyz ösüşiniň täze onýyllyklaryny öz içine alýan täze döwre gadam basdy. Strategik ösüşe esaslandyrylan giň gerimli özgertmelerimizi amala aşyryp, Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkidýäris.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar

22.09.2022

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Doglan günüňiz mynasybetli ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Ýakynda Moskwada we Aşgabatda bolan duşuşyklarymyzy, netijeli, mazmunly gepleşiklerimizi ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Iýun aýynda gol çekilen Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama, gürrüňsiz, dürli ugurlar boýunça özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin şertleri döredýär. Dostlukly halklarymyzyň bähbidine, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmagyň hatyrasyna Siziň bilen dialogy hem-de ýakyndan bilelikdäki işleri dowam etdirmäge şatdyryn. Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlik arzuw edýärin! Hormatlamak bilen, Wladimir Putin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministrini kabul etdi

20.09.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministri Musadik Masud Maligi kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýokary ýolbaşçylarynyň — Prezident Arif Alwiniň hem-de Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarifiň salamyny hem-de türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Pakistanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän özara bähbitli sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň täsirli guralydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Pakistan Yslam Respublikasynyň ýokary ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de döwletara gatnaşyklara özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň ýokary derejesiniň mahsusdygyny kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi oňyn ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine hem-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, täze, anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam edýär.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

19.09.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler we sebitlerdäki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda pagta ýygymynyň depgini, gowaça hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin kombaýnlaryň hem-de beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilişi, gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleri barada hasabat berdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi

18.09.2022

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin: 1. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2022-nji ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmaly. 2. Çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren, ýaşy 27-ä çenli bolan erkek raýatlary 2022-nji ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda harby gulluga çagyrmaly.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

17.09.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşine, demokratik esaslaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Mejlisde kanun taslamalarynyň birnäçesi işlenip taýýarlanylýar. Halk Maslahaty bilen bilelikde döwlet Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli çärelere hem-de Türkmenistanyň Dabaraly maslahatyny ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça işler alnyp barylýar. Halkara hyzmatdaşlygy hem-de parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde Mejlisiň deputatlary BMG-niň Türkmenistandaky düzüm birlikleri bilen bilelikde guralýan çärelere gatnaşýarlar. Döwlet ösüşiniň täze taryhy eýýamynda Watanymyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleri, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň many-mazmunyny halka düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işleri geçirilýär.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň Samarkant sammitine gatnaşýar

16.09.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde ŞHG-niň Samarkantda geçýän sammitine gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz sammitde ŞHG-niň çäklerinde söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy meseleleri bilen bagly çykyş eder. Duşuşygyň netijeleri boýunça jemleýji resminama gol çekilmegine göz öňüne tutulýar. Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtly kärdeşleri — Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle-de, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Çžan Min bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. ŞHG 2001-nji ýylda döredilen halkara guramadyr. Oňa Hindistan, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Pakistan we Özbegistan girýär. Owganystan, Belarus, Eýran we Mongoliýa synçy ýurtlar, Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe, Şri-Lanka bolsa hyzmatdaş ýurtlardyr.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkanda bardy

15.09.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Döwlet Baştutanymyzy Samarkant halkara howa menzilinde Özbegistanyň resmi wekilleri we Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşy aldylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ŞHG-niň sammitine gatnaşmagyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikler geçirmegine meýilleşdirildi. ŞHG-niň sammitiniň barşynda guramanyň giňişliginde söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. ŞHG 2001-nji ýylda döredilen halkara guramadyr. Oňa Hindistan, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Pakistan we Özbegistan gatnaşýar. Synçy ýurtlar – Owganystan, Belarus, Eýran we Mongoliýa, hyzmatdaş ýurtlar – Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe we Şri-Lanka.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi

14.09.2022

“Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, “Türkmenistanyň gümrük serhedinde döwlet edaralarynyň işini tertipleşdirmek we daşary ýurt döwletleriniň awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň ýeke-täk möçberlerini bellemek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 7-nji iýulynda çykaran 4746-njy Kararyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şu Karar 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan herekete girýär.

Giňişleýin
Halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň baş maksadydyr

13.09.2022

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara jemgyýetçilik bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, berkarar Watanymyzyň täze eýýamynyň beýik taglymlaryny dabaralandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasaty aýdyň beýanyny tapdy. 5-nji sentýabrda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk guralmalydygyna ünsi çekip, degişli işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Şunda ekerançylaryň ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler, oba hojalyk tehnikasy bilen üpjün edilmegi häzirki günüň möhüm talaby bolup durýar.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

12.09.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görlüşine, sebitlerdäki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişine degişli meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda pagta ýygymynyň alnyp barlyşy, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilişi, hasyly ýygnap almak üçin gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Giňişleýin
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary

11.09.2022

“Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 28-nji aprelinde çykaran 58-nji Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti hakynda Düzgünnama, şeýle hem bu komitetiň merkezi edarasynyň gurluşy we işgär sany, ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklary tassyklanyldy. Resminama bilen, Gurluşyk we binagärlik ministrligine hem-de Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine ministrligiň Gurulýan desgalaryň direksiýasyny bellenen tertipde komitete birleşdirmek we ony direksiýanyň hukuk oruntutary diýip kesgitlemek tabşyryldy. Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetine girizmek tabşyryldy.

Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi

10.09.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilişi, şol sanda onda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hiliniň ekologik talaplara laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ir bilen welaýatyň täze edara ediş merkezine gelip, gurluşyk işleriniň barşy, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy hem-de bu ýerde gurulýan binalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Merkeziň çäginde gurulýan medeni-durmuş maksatly binalaryň taslamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Giňişleýin

Soňky habarlar