Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylaryň käbirini ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda Karary

10.12.2021

Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini we medeniýetini ösdürmekde bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu ýolbaşçylar ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy: Türkmenistanyň energetika ministri Hajymuhammet Saparmuhammedowiç Rejepmyradow, Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Allanur Nurgeldiýewiç Altyýew, Türkmenistanyň dokma senagaty ministri Resul Şyhdurdyýewiç Rejepow, Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Aşyrowiç Şamyradow, Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amangeldiýewiç Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Güýçgeldi Myradowiç Baýgeldiýew, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy Döwran Reimbaýewiç Saburow, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Gurulýan desgalaryň direksiýasynyň direktory Derýageldi Nuryýewiç Orazow, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Aşgabat-siti» — gurulýan desgalaryň direksiýasynyň direktory Şamuhammet Durdylyýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy Döwran Allamuratowiç Hudaýberdyýew, «Guş toplumy» hususy kärhanasynyň başlygy Aleksandr Sahatowiç Dadaýew.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany

10.12.2021

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, önjeýli jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, karar edýärin: Ýurdumyzyň şu raýatlaryny «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamaly: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy Döwran Allamuratowiç Hudaýberdyýewi, «Guş toplumy» hususy kärhanasynyň başlygy Aleksandr Sahatowiç Dadaýewi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permany

10.12.2021

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň nebitgaz, senagat, ulag, oba hojalyk, medeniýet we beýleki pudaklaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, karar edýärin: Ýurdumyzyň şu ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly: Türkmenistanyň energetika ministri Hajymuhammet Saparmuhammedowiç Rejepmyradowy, Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Allanur Nurgeldiýewiç Altyýewi, Türkmenistanyň dokma senagaty ministri Resul Şyhdurdyýewiç Rejepowy, Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Aşyrowiç Şamyradowy, Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amangeldiýewiç Amanowy, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Güýçgeldi Myradowiç Baýgeldiýewi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy Döwran Reimbaýewiç Saburowy, Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Nurgeldiýewiç Gandymowy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. *** Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda gazanan uly üstünlikleri, milli medeniýetiň ösmegine, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken göreldeli zähmetini, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän Bütindünýä «EKSPO — 2020» sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonyny hem-de Milli gününi guramaçylykly we ýokary derejede geçirmäge işjeň gatnaşyp, has-da tapawutlanandyklaryny nazara alyp, karar edýärin: Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy Merdankuli Nurýagdyýewiç Baýramowy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy Ýazberdi Gurbannepesowiç Hydyrowy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy Gurbanmyrat Çaryýarowiç Baýjykowy, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň başlygynyň orunbasary — daşary ykdysady aragatnaşyklary seljeriş bölüminiň başlygy Serdar Gurbannepesowiç Atagylyjowy, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düýpli gurluşyk we ulaglar bölüminiň başlygynyň orunbasary Wepa Ebabakrowiç Karaýewi, «Tekmil» hususy kärhanasynyň direktory Şanepes Amannepesowiç Amannepesowy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara Bitaraplyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Permany

10.12.2021

Ýurdumyzyň ilatynyň Halkara Bitaraplyk gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, karar edýärin: 1. 2021-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky dynç gününi 13-nji dekabra — duşenbe gününe geçirmeli. 2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

10.12.2021

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Hormatly diplomatlar! Biz, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öň ýanynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm soraglaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanýarys. Geçen ýyl, belli sebäplere görä, şeýle düzümde duşuşyk geçirilmedi. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň halkara giňişlikde häzirki döwürde alyp barýan işini şu gün toplumlaýyn seljermek uly ähmiýete eýedir. Daşary işler ministrliginiň, daşary ýurtlardaky wekilhanalarymyzyň geljek döwürdäki syýasy-diplomatik işiniň wezipelerini we olary çözmegiň ýollaryny kesgitlemek örän möhüm bolup durýar. Ilki bilen, geçen iki ýylda dünýäde ýagdaýlaryň düýpli özgerendigini bellemek zerurdyr. Umumy geostrategik ýagdaý çylşyrymlaşdy. Sebit derejesinde, şol sanda ýurdumyzyň serhetleriniň gönüden-göni golaýynda üýtgeşmeler bolup geçdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

10.12.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwletimiziň alyp barýan daşary we içeri syýasaty bilen bagly käbir meseleler girizildi. Milli Liderimiz mejlisi açyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň uly baýramçylyklarymyzyň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini aýtdy. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi

10.12.2021

(2021-nji ýylyň 9-njy dekabry) Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Igor Babuşkiniň belleýşi ýaly, Russiýada ýokary ykdysady görkezijileri gazanýan Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň, köpýyllyk hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kanslerini gutlady

08.12.2021

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Olaf Şolsa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Milli Liderimiz Gutlagynda Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň deň¬hukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny, bu gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde täze sepgitlere ýetjekdigine ynam bildirýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Olaf Şolsa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk hem-de täze wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Giňişleýin
2021-nji ýylyň noýabry: milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen

08.12.2021

(2021-nji ýylyň 7-nji dekabry) Geçen aý ýurdumyzyň işjeň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna täze öwüşginleri çaýyp, netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de Türkmenistanyň we onuň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny, abraýyny has-da belende galdyrmakda aýratyn ähmiýetli wakalara beslendi. Ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi syýasy geňeşmeleri, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde köp sanly duşuşyklary hem-de işewür gepleşikleri, ugurdaş sergileri, işewürler forumlaryny, beýleki medeni çäreleri geçirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Şol çäreler hasabat döwründe ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan giň gerimde guraldy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň maslahaty

07.12.2021

4-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň sanly ulgam arkaly altynjy çagyrylyşynyň on altynjy maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe kanunlara we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna garaldy hem-de kabul edildi. Maslahata birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Deputatlaryň garamagyna “Durmuş hyzmatlary hakynda”, “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda”, “Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda” Kanunlaryň hem-de hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmäge degişli Kanunlaryň taslamalary hödürlenildi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

04.12.2021

(2021-nji ýylyň 3-nji dekabry) Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwletimiziň halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň berkidilmegine gönükdirilen içeri hem-de daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi. On bir aýda jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe öndürilen önümleriň mukdary, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim ýokarlandy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

03.12.2021

(2021-nji ýylyň 2-nji dekabry) Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, olaryň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de harby özgertmeleriň durmuş meseleleri girizildi. Milli Liderimiz mejlisi açyp, hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer assosiasiýanyň işi hem-de ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

01.12.2021

(2021-nji ýylyň 29-njy noýabry) Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerini, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, paýtagtymyzda abadançylyk we döwrebaplaşdyrylyş işleriniň alnyp barlyşy, şeýle hem öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede garşylamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda, ilki bilen, ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa çykyş etdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitindäki çykyşy

29.11.2021

(Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabry) Hormatly Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ýolbaşçylary! Hormatly wekiliýetleriň agzalary! Ilki bilen, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ýolbaşçylaryna bu sammite gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtyna gelmek baradaky çakylygymyzy kabul edendikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Biz bu forumyň geçirilmegine ýurtlarymyzyň ykdysady, söwda-maýa goýum we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyny berkidýän möhüm waka hökmünde doly esas bilen garaýarys. Ilkinji nobatda, Bitarap döwlet we dünýä jemgyýetçiliginiň doly hukukly agzasy hökmünde Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly sebit we halkara guramalar bilen giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmak üçin açykdygyny bellemek isleýärin. Şu ýerde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini kanagatlanma bilen belleýärin. Bu gurama bilen bilelikdäki işimiziň uly tejribesi toplandy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bu gurama agza döwletleriň her biri bilen aýratynlykda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Bu, meniň pikirimçe, köpugurly hyzmatdaşlyga oňyn ýardam berýär, ony baýlaşdyrýar, biziň umumy işlerimizi goşmaça berkidýär.

Giňişleýin
Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde YHG-nyň 15-nji sammiti geçirildi we Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy kabul edildi

29.11.2021

(Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabry) Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammiti geçirildi. Köpugurly işewürlik merkezli täze “Garagum” oteli nobatdaky duşuşygyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de halkara ähmiýetli möhüm çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Şu ýyl YHG-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň geçirýän sammitine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Forumda Gazagystan Respublikasyna Premýer-ministr Askar Mamin wekilçilik etdi. Şeýle hem sammite YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri gatnaşdy.

Giňişleýin

Soňky habarlar