Habarlar
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.10.2021
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.
Mejlisiň dowamynda şu ýylyň 9 aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýoluny geçdi we welosipedli gezelenç etdi
03.10.2021
Dynç güni säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýoluny geçip, sport maşklary bilen meşgullandy. Milli Liderimiziň nusgalyk göreldesi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, ilat köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmaklarynda möhüm orun eýeleýär.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10.2021
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler, hususan-da, Mejlisde döredilen iş toparlarynyň köp çagaly maşgalalara ýeňillikleri bermegi göz öňünde tutýan, ilatyň durmuş taýdan goraglylygy hakyndaky kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça amala aşyrýan işleri barada maglumat berdi.
Giňişleýin
Milli Liderimiziň beýik baýramyň hormatyna täze kitaby
29.09.2021
Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu kitap şöhratly senä — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan özboluşly edebi esere öwrüldi.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyndaky bu çäre aýratyn dabaraly ýagdaýda geçdi.
Halkymyzyň baý medeni mirasynyň subutnamalary bolan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň nusgalary sergi diwarlyklarynyň ajaýyp derejede üstüni ýetirdi. Döredijilik toparlarynyň, meşhur aýdymçylaryň we sazandalaryň joşgunly çykyşlary baýramçylyk çärelerine ajaýyp öwüşgin çaýdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen çuňňur mazmunly şygar astynda geçýän şu şanly ýylda çapdan çykan kitaby asyrlaryň dowamynda ençeme beýik döwletleri döreden türkmen halkynyň iň täze taryhyna özboluşly syýahatdyr.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Kararlary
28.09.2021
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglamak hakynda
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli harby özgertmeleriň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş kuwwaty we maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylýar. Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertleri düýpli özgerdilip, olaryň netijeli gulluk etmekleri üçin ähli döwrebap şertler döredilýär.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
28.09.2021
Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda, goranmak kuwwatyny pugtalandyrmakda, raýatlaryň howpsuzlygyny we asudalygyny, kanunylygy hem-de hukuk tertibini üpjün etmekde, Watan goragçylaryny mertlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaraly harby ýörişi ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge goşan uly şahsy goşantlaryny nazara alyp, karar edýärin:
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň podpolkownik B.Ý.Annaýewe polkownik harby adyny dakmak hakynda Permany
28.09.2021
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, karar edýärin:
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleri serkerdeliginiň serkerdesi, podpolkownik Begenç Ýazdurdyýewiç Annaýewe polkownik harby adyny dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 28-nji sentýabry.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň podpolkownik N.M.Atagaraýewe polkownik harby adyny dakmak hakynda Permany
28.09.2021
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, karar edýärin:
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, podpolkownik Nazar Muhammetmyradowiç Atagaraýewe polkownik harby adyny dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 28-nji sentýabry.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň podpolkownik M.A.Hudaýkulyýewe polkownik harby adyny dakmak hakynda Permany
28.09.2021
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, karar edýärin:
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, podpolkownik Maksat Agamyradowiç Hudaýkulyýewe polkownik harby adyny dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 28-nji sentýabry.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýustisiýanyň uly geňeşçisi B.R.Muhamedowa ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi hünär derejesini bermek hakynda Permany
28.09.2021
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, karar edýärin:
Türkmenistanyň adalat ministri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Begmurat Rahmangulyýewiç Muhamedowa ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi hünär derejesini bermeli.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 28-nji sentýabry.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň general-maýor B.A.Gündogdyýewe general-leýtenant harby adyny dakmak hakynda Permany
28.09.2021
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, karar edýärin:
Türkmenistanyň goranmak ministri, general-maýor Begenç Ataýewiç Gündogdyýewe general-leýtenant harby adyny dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 28-nji sentýabry.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň general-leýtenant Ç.K.Amanowa general-polkownik harby adyny dakmak hakynda Permany
28.09.2021
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, karar edýärin:
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, general-leýtenant Çarymyrat Kakalyýewiç Amanowa general-polkownik harby adyny dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 28-nji sentýabry.
Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk çärelerine gatnaşdy
28.09.2021
Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaralar geçirildi.
Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen çapyşyklar bir demde geçip, hemmelere ençeme tolgundyryjy täsirleri bagyş etdi. Bu owadan tomaşa ýyndamlygynda hiç bir böwedi bilmeýän, şöhratly ganatlarynda edermen söweşijileri, mähriban topragynyň azatlygyny goran merdana batyrlary, türkmen halkynyň taryhyna ajaýyp sahypalary ýazan mert söweşiji zenanlary hem-de ady rowaýata öwrülen serkerdeleri alyp barýan bedewleriň keşbini döredýär.
Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
28.09.2021
Şu gün agzybir we jebis türkmen halky parahatçylyk, ylalaşyk we ruhubelentlik ýagdaýynda beýik baýramçylygyny — ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belledi.
Täze taryhy döwrüň — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz bagly bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary döredijilik ruhuny şöhlelendirýän umumymilli dabaralar tutuş ýurdumyzda geçirildi. Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri milli Liderimiziň başyny başlan düýpli özgertmeleriniň, şeýle-de dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlary bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de oňyn, netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy ugrunyň netijesi bolup, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar olaryň kesgitleýji ýörelgesine öwrüldi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
28.09.2021
Şu gün tutuş ýurdumyz mäkäm jebislikde baş baýramymyzy — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny aýratyn ruhubelentlik ýagdaýynda giňden belleýär.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda beýik taryhy wakany — Watanymyzyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagyny şöhlelendirýän Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.
30 ýyl mundan ozal halkymyzyň özbaşdak döwlet baradaky köpasyrlyk arzuwy hasyl boldy. Ol watandaşlarymyza döredijilikli zähmet çekmek, parahatçylygy hem-de dostlugy pugtalandyrmak üçin egsilmez güýç-gaýrat, ruhubelentlik paýlaýar. Halkymyz erkinligi we bagtyýar durmuşy alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramçylyga aýratyn buýsanýar.
Giňişleýin