14.06.2024
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde edebi mirasymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda uly işler bitirilýär. Nusgawy edebiýatymyzda Gündogaryň beýik akyldary, filosof, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi uly orna eýe bolup, onuň terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlary asyrlar aşsa-da, gadyr-gymmatyny saklap gelýär. Magtymguly Pyragynyň durmuş pelsepesine ýugrulan şygyrlary halkymyzyň aňynda asyrlar boýy ýaşap gelýär.
Ata Watana, ene topraga, gözel tebigatymyza söýgi, beýik şahyrymyzyň döredijiliginde aýratyn ähmiýete eýe bolupdyr. Bu barada aýdara zat köp. Şu ýerde biz Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” diýen goşgusyndan şu setirleri ýatlasak, ýokarda aýdanymyzy tassykladygymyz bolsa gerek. Has takygy, şahyr:
Hak sylamyş, bardyr onuň saýasy,
Çyrpyn şar çölünde neri-maýasy,
Reň be-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň. —
— diýmek bilen, Watanymyzyň gözel tebigatyna çäksiz guwanjyny göwnüňe jaý çeper beýan edýär. Bir bitewi döwlete tire-taýpalary birleşdirip, bir döwlete hemmeleriň gulluk etmegi baradaky islegi Magtymguly Pyragynyň ömür boýy arzuwy bolandygy şübhesiz hakykatdyr. Şahyr ýokarda ady agzalan şygyrynda türkmen halkynyň aşynyň bir suprada taýýar kylynmagyny arzuwlap, türkmen iliniň agzybir ligini, jebisligini isläpdir. Garaşsyz Türkmenistanymyzyň aýdyň ýoly dana şahyrymyzyň arzuwynyň hasyl bolandygynyň subutnamasydyr.
Üstümizdäki — “Pähim-paý has ummany Magtym guly Pyragy” ýylynda türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýuna taýýarlyk görýär. Bu taryhy senäniň halkara derejesinde belleniljekdigi şygyryýet äleminiň şasy Magtymguly Pyragynyň edebimirasynyň dünýä dolmagynda taryhy waka boljakdygy guwandyrýar.
Mekan Ataýew. Mary etrap prokurorynyňuly kömek çisi, 2-nji derejeli ýurist