ARKADAGDAN ARKALY DÖWRÜMIZ BAR SARPALY

11.08.2024

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmekde, halkara abraýyny ýokarlandyrmakda, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmekde, jemgyýetimiziň bitewüligini, ilimiziň agzybirligini we jebisligini berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin halkymyzyň çäksiz sylagynyň, belent sarpasynyň, uly hormatynyň we söýgüsiniň beýany hökmünde 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusion kanuny bilen Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edildi. Bu belent hormat Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ösüşi, halkymyzyň abadan ýaşaýşy üçin amal eden beýik işlerine halkymyzyň çuňňur minnetdarlygynyň nyşanydyr.

Berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen hukuk ulgamy uly ösüşlere eýe boldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilip, 2008-nji we 2016-njy ýyllarda rejelenen görnüşde kabul edilmegi bilen, döwlet binýadynyň özeni bolan konstitusion kadalar halkara hukugynyň ýörelgelerine laýyk getirildi, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýän kadalar döwrebaplaşdyryldy.

Esasy Kanunymyzyň: «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar» diýen kadalarynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ähmiýetli işler edildi.

Türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köpasyrlyk taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ähli halk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meselelerini çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alyp we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerip, şeýle hem ilatyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginde hem Milli Liderimiziň tagallalary uludyr.       Her bir döwürde ylmyň ösüşi jemgyýetiň intellektual ösüşiniň derejesini kesgitleýär. Garaşsyz ýurdumyzyň ylym ulgamynyň ösüşi, ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň belent ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyny döretmek hakynda» taryhy Karara gol çeken pursadyndan türkmen ylmynyň ösüşi has-da rowaçlandy. «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işler üçin wajyp bolan bu ulgamyň berk hukuk binýady döredildi.

Milli Liderimiziň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän işleriň döwletimiziň tanalmaz derejede özgermeginde, halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagynda ähmiýeti uludyr. Ýurdumyz sanlyja ýyllarda Arkadag şäheri ýaly döwrebap, ekologiýa taýdan arassa şäheri gurmagy başarýan, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly döwlete öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän şähergurluşyk syýasaty netijesinde, bu gün diňe bir şäherlerimizde däl, eýsem, obalarymyzda hem ähli şertler döredilen döwrebap binalar gurlup, halkymy zyň amatly ýaşaýşy üçin giň mümkinçilikler döredildi. Ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak arkaly obasenagat toplumyny ösdürmekde we azyk bolçulygyny üpjün etmekde guwandyryjy netijeler gazanyldy. Sebitlerimizde täze obalardyr şäherçeler, döwrebap maldarçylyk toplumlary we elewatorlar, ýyladyşhana hojalyklary, azyk önümlerini öndürýän kärhanalar, iri sowadyjy ammarlar, suw arassalaýjy desgalar guruldy.         

«Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda», «Däneçilik hakynda», «Pagtaçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň we beýleki kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi bilen, oba hojalyk pudagynyň hukuk esaslary pugtalandyryldy.

Daşky gurşawy arassa saklamak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek we olary rejeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülip, Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, Suw kodeksi, Howa kodeksi, Ýer hakynda Türkmenistanyň Bitewi kanuny yzygiderli kämilleşdirilip, «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginde we bu ugurda gözegçiligiň güýçlendirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça kabul edilýän we durmuşa geçirilýän maksatnamalar hem amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli asylly işleriň möhüm hukuk binýadyna öwrüldi.

Ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn giň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmek, saglygy goraýşy halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek maksady bilen, indi ençeme ýyllardan bäri ýurdumyzda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasy lukman hem-de Alym Arkadagymyzyň irginsiz yhlasynyň hem-de taýsyz tagallalarynyň miweleridir.

Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda durnukly ulag ulgamynyň ösdürilmegi boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň dört sany kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi-de Gahryman Arkadagymyzyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäde ykrar edilen Milli Lider hökmündäki belent abraýynyň subutnamasydyr.

«Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly dürdäne eserinde: «Meniň tutuş ömrümiň manysy, bu il-halkymdyr, adamlaryň parahat, agzybir durmuşydyr, olaryň jan saglygydyr» diýip belleýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, nusgalyk peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Belent Serkerdebaşymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, buýsançly başlary belent, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Didar Orazow, Daşoguz welaýatynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.