24.09.2024
Ýurdumyzyň döwlet gurluşynda ata-babalarymyzyň iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meselelerini çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alynýar we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerilýär. Ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi Esasy Kanunymyzyň 3-nji maddasynyň «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeketäk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar» diýen kadalarynyň durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.
Halkyň özygtyýarlylygy hukuk döwletiniň iň esasy alamatlarynyň biridir. Şonuň bilen birlikde, munuň özi halk häkimiýetiniň, ýagny demokratiýany hakykat ýüzünde amala aşyrmagyň möhüm şertidir. 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanun kabul edilip, Konstitusiýamyza Halk Maslahatynyň halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradygy, ony döretmegiň tertibiniň we ygtyýarlyklarynyň Konstitusion kanun bilen kesgitlenýändigi baradaky kadalar girizildi. Bu bolsa halk häkimiýetiniň bu ýokary wekilçilikli edarasynyň döwletimiz üçin syýasy we hukuk taýdan möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär. Döwürleriň aýrylmaz baglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamat-dowamlygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gadymdan gelýän milli demokratik ýörelgelere, saýlap alan döredijilikli ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde: «Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar geňeşdarlary ýygnap, karara gelmek däbini, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr» diýip belleýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylanlary has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarynda täze sepgitlere ýetirmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen döredilen bu edara häzirki wagtda giň gerimli işleri amala aşyrýar.
Döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, özgertmeleri we durmuş-ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmäge halk köpçüligini giňden çekmek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de döwletimiziň täze taryhy döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy maksatlary bolup durýar. Halk häkimiýetiniň bu ýokary wekilçilikli edarasy ýurdumyzda giň gerimli işleri amala aşyrmak bilen, halkyň arasynda uly abraý gazandy, belent ynama mynasyp boldy. Türkmenistany durmuşykdysady taýdan ösdürmek we strategik taýdan özgertmek, türkmen jemgyýetinde agzybirligi, jebisligi has-da pugtalandyrmak Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlarydyr. Şeýle hem Halk Maslahatynyň işi demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna hem-de azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak, kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly ýörelgelere esaslanýar.
Görnüşi ýaly, ata-babalarymyzdan miras galan syýasy tejribe we milli däpler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ýörelgeleridir. Bu ýörelgeler şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini we kämilleşmegini üpjün etmäge gönükdirilýär. Ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary diňe bir ykrar edilmän, eýsem, juda berk kepillendirilýär, halkyň işjeň gatnaşmagynda, göni hem-de wekilçilikli demokratik ýörelgeleriň esasynda döredilen döwlet edaralary tarapyndan üpjün edilýär, goralýar.
Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 12-nji iýuldaky giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek barada beren tabşyryklary, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 20-nji iýulda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekmegi halkymyzda çäksiz ruhy galkynyşy döredip, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň guramaçylyk işlerine badalga boldy. Türkmenistanyň raýatlarynyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni, şeýle-de erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga bolan hukuklarynyň dabaralanýandygyny görkezýän bu çäräniň ähmiýeti uludyr. Onda il-ýurt bähbitli meseleler boýunça halkyň wekillerine sala salynmagy hakyky demokratiýadyr. Kanuna laýyklykda, Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen kararlaryň Türkmenistanyň bütin çäginde hökmany güýjüniň bolmagy we diňe onuň özi tarapyndan üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp bilinmegi halk häkimiýetiniň giň ygtyýarlyklaryny görkezýär. Şeýle hem munuň özi taryh üçin uzak bolmadyk döwürde ýurdumyzyň döwleti dolandyrmagyň ygtybarly, demokratiýa we hukuga esaslanýan nusgasyny döredip, jemgyýetimiziň her bir wekiliniň erk-islegini beýan etmeginiň netijeli ulgamyny kemala getirendigini subut edýär.
Halkymyzda «Maslahatly il myrada ýeter», «Geňeşli il salamat bolar», «Döwletliniň başlan işi oň bolar» ýaly pähimler bar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul ediljek çözgütler täze ösüşlere badalga berer, belent sepgitleriň gözbaşyna öwrüler. Şu ynsanperwer başlangyçlaryň sakasynda duran, döwletimizde demokratik we hukuk gymmatlyklarynyň berkidilmegi, adamlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegi, azatlyklarynyň goralmagy, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda tagalla edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Nurjemal BAÝRAMOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiri, 1-nji derejeli ýurist.