KÖŇÜLLERIŇ YLHAM ÇEŞMESI

28.09.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtym­guly Pyragy» goşgusynyň ady şygar edinilen üstümizdäki ýylyň guwançly menzilleri ýeňişlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürmekde belent sepgitlere eýe bolunýar. Gündogaryň akyldary, filosof, beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly toýy şu ýylymyzyň şanyna şan goşdy.

Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dog­lan gününiň 300 ýyllygynyň baýramçylygy taryhy waka bolmak bilen, beýik söz ussadynyň sylag-sarpasynyň buýsançly ýaňy alyslara aşdy. Beýik şahyrymyzyň uly toýunyň halkara derejesinde baýram edilmegi onuň edebi mirasynyň iňňän uly ähmiýetine şaýatlyk edýär. Bilşimiz ýaly, Mag­tymguly Pyragynyň şygyrlary türkmen halky üçin tapylgysyz terbiýe mekdebi bolup durýar. Her bir setiri Watana, türkmen topragyna çäksiz söýgä ýugrulan şygyrlarynda watansöýüjilik, mertlik, gaýduwsyzlyk çeper beýan edilýär. Dana şahyrymyzyň edep-terbiýä, ahlaklylyga, lebzihalallyga, zähmetsöýerlige çagyryşly şygyrlary türkmen halkynyň aňyna ymykly ornap, köňüllerimiziň ylham çeşmesi bolup hyzmat edip gelýär. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi hazynasy dogrusynda gürrüň açylanda asyrlar aşsa-da, beýik şahyrymyzyň dürler hazynasy bolan eserleriniň ähmiýetiniň üýtgewsiz saklanyp galýandygyny bellemelidiris.

Akyldar şahyrymyzyň ömri we döredijiligi bilen bagly dabaraly çäreler dowam etdirilýär. Munuň özi Magtymguly Pyraga belent sylag-sarpanyň äşgär subutnamasydyr.

Yhlas KURBANNAZAROW, Türkmengala etrap prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.