20.11.2024
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähimpaýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilen 2024-nji ýylynda beýik söz ussadynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, şahyryň döwletliligi ösdürmekde eýeleýänornuny,umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek bilen gönüden-göni baglydyr. Hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli oktýabr aýynyň 11-ne paýtagtymyzda geçirilen «Döwürleriňwe siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy—parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum uly üstünliklere beslendi. Söwda-senagat edarasynda geçirilen ýokary derejeli forum ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga, ýokary ynsanperwer gymmatlyklara esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiz forumyň umumy mejlisinde çykyş edip, dana Pyragynyň parasatly pikirleriniň asyrlarboýy halkymyz üçin, şeýle-de beýleki halklaryňwekilleri üçin hem durmuş ýörelgesine öwrülip gelendigine ünsi çekdi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bu abraýly gurama bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, TÜRKSOÝ-nyň 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy» diýip yglan etmegi nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.
Forumda nusgawy şahyryň baý edebi mirasynyň tutuş dünýäde öwrenilmegine hem-de ýaýradylmagyna gönükdirilen giň gerimli çäreleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde, agzybirlik, ynsanperwerlik, dostluk taglymlaryna esaslanýan Magtymgulynyň döredijiliginiň möhümligi, häzirki döwrüň ruhuna laýyklygy bellenildi. Onuň ýaş nesli watançylyk ruhunda, ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekdäki aýratyn orny, halkyň medeni mirasyny hem-de ruhy gymmatlyklaryny gaýtadan dikeltmekde, gorap saklamakda ägirt uly ähmiýeti nygtaldy. Parahatçylygyň hem-de ösüşiň esasy hökmünde döwürleriň we siwilizasiýalaryň aýrylmaz özara baglanyşygyny öwrenmek maksady bilen, dünýä halklarynyň milli däp-dessurlaryny hem-de medeniýetini mundan beýläk-dewagyz etmegiň, ýaş nesilde dünýäniň dürli döwletleriniň milli döredijiligini, medeniýetini öwrenmäge gyzyklanma döretmegiň möhümdigi tassyklanyldy.
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wagyz etmek ulgamynda medeni dialogyň döwletleriň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýandygy, halklaryň arasynda dostlugyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna, olaryň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna ýardam berýändigi barada aýratyn bellenildi. Gündogar şygryýetiniň köp öwüşginliligini, çuňňur pähim-paýhasyny özünde jemleýän Magtymguly Pyragynyň döredijiligi milli edebiýatlaryň, sebitiň we dünýäniň halklarynyň ruhy medeniýetleriniň ösüş ýoluna şugla saçýan şamçyrag bolup hyzmat edýär. Paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen halkara forum Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda täze ösüşlere barýan eziz Watanymyzyň şöhratly taryhynda aýdyň sahypalary açar.
Kerwen TAGANSÄHEDOW, Aşgabat şäher Berkararlyk etrap prokuraturasynyň uly sülçüsi, 1-nji derejeli ýurist