LEBZI HALALLYK — YNSANYŇ BEZEGI

08.12.2024

Ýaş nesle berilýän terbiýäniň halallyk we halal zähmet bilen utgaşykly alnyp barylmagy jemgyýetde arassa kalply, päk ahlakly, ruhubelent, dogruçyl, kämil şahsyýetiň kemala gelmeginiň gözbaşydyr. Ynsan durmuşynda terbiýäniň we oňat gylykhäsiýetleriň esasy halallykda jemlenýär.

Lebzi halallyk, beren sözüňde tapylmaklyk, birinden diläp alan zadyňy ynjytman, yzyna gaýtaryp bermeklik türkmen halkynyň öňden gelýän ýolýörelgesidir. Emma durmuşda kähalatlarda karzyna alan puluny, wagtlaýyn ulanmaga alan emlägini sagbolsuny, taňryýalkasyny bilen yzyna gaýtarmakda ejizlik edip, milli ýörelgelerimize ters gelýän hereketleri edýänler hem tapylýar. Elbetde, bu bir durmuş, adamlar ynama arka daýanyp, biribirinden karzyna pulam almaly bolar, emlägi wagtlaýyn ulanyp hem biler, ýöne olar biribirlerini ynjytmaly däldir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda eýeçiligiň ähli görnüşiniň döwlet tarapyndan goralýandygy kepillendirilýär. Raýatlaryň arasynda emläk ­haryt gatnaşyklary hem Türkmenistanyň Raýat kodeksinde kepillendirilýär. Şeýlelik bilen, raýatlaryň arasyndaky harytpul gatnaşyklary, pul karz almaklyk, emlägi wagtlaýyn ulanmaga almaklyk kanun esasynda amala aşyrylsa, maksada laýyk bolar. Döwlet notarial edarasy tarapyndan raýatlaryň karz alan pul serişdeleri, wagtlaýyn ulanmaga alan emläkleri kepillendirilip berilse, olaryň arasynda ýüze çykan meseleleriň kanun esasynda tizdentiz maksadalaýyk çözülmegine getirer.

Ine, durmuşymyzda bolup geçýän şular ýaly hereketleriň aňyrsynda ýene halallyk, lebizlilik, dogruçyllyk ýaly häsiýetler örboýuna galýar. Halal zähmet çekmek, halal gazanmak jemgyýetimiziň agzybirligi, sagdynlygy we asudalygy baradaky aladalar bilen baglanyşyklydyr. Durmuşda halal, dogruçyl ýaşap, ýagşy at galdyrmak her bir ynsanyň borjudyr.

Dinmuhammet Amanlyýew, welaýat prokuraturasynyň Baş derňew bölüminiň prokurory, 2-nji derejeli ýurist.