20.12.2024
Arkadagly eýýamymyzda ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamy il-ýurt bähbitli, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen, yzygiderli kämilleşdirilýän kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi bilen ösdürilýär. Türkmenistanda kärende gatnaşyklarynyň ykdysady, hukuk we guramaçylyk esaslaryny düzgünleşdirýän hem-de kärende hyzmatlarynyň bazarynyň ösdürilmegine gönükdirilen kanunçylyk namalarynda hem muny aýdyň görmek bolýar.
Ýerden peýdalanmak, kärendesine bermek hukuklary bilen baglanyşykly gatnaşyklar Türkmenistanyň Ýer kodeksi, şeýle hem «Kärende hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we beýleki kanunçylyk namalary bilen kadalaşdyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran Karary bilen, «Ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga we kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň, hasaba almagyň we bermegiň Tertibi» tassyklanyldy. Bu resminama ýurdumyzyň ýer serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmagy hem-de ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar.
2017-nji ýylda kabul edilen «Kärende hakynda» Türkmenistanyň Kanuny umumy düzgünleri, kärende gatnaşyklarynyň düzgünleşdirilmegi, emlägiň aýry-aýry görnüşleriniň kärendesiniň aýratynlyklary, jemleýji düzgünleri özünde jemleýän 4 bapdan we 20 maddadan ybaratdyr.
«Kärende hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasynda Kanunda ulanylýan adalgalar düzgünleşdirilen. Beýan edilişi ýaly, kärende — emlägiň (şol sanda ýeriň, gaýry aýrybaşgalanan tebigy serişdeleriň) eýesi ýa-da onuň ygtyýarlyk beren şahsy tarapyndan fiziki we (ýa-da) ýuridik şahsa kesgitli emlägiň ýa-da onuň böleginiň kärende şertnamasy esasynda muzdly wagtlaýyn peýdalanmagy, hojalyk ýa-da gaýry işi özbaşdak amala aşyrmagy üçin berilmegidir.
Agzalan Kanunyň 6-njy maddasynda kärende şertnamasyny baglaşmagyň tertibi düşün dirilýär. Ýagny, kärendesine beriji bilen kärendeçiniň arasynda taraplaryň meýletinlik we deňhukuklylyk başlangyçlarynda baglaşylýan kärende şertnamasy kärende gatnaşyklarynyň ýüze çykmagy, üýtgemegi hem-de bes edilmegi üçin esas bolup durýar.
Kanunda beýan edilişi ýaly, kärendeçileriň we kärendesine berijileriň hukuklary we borçlary, şeýle hem ýerlere kärende hukugynyň ýüze çykmagynyň hem-de bes edilmeginiň esaslary kärende şertnamasynyň şertleri bilen kesgitlenilýär. Kärende şertnamasy ýazmaça görnüşde baglaşylýar. Türkmenistanyň degişli kanunçylygyna laýyklykda, emlägiň kireýine berilmegi muňa degişli däldir.
Ýer bölegine eýeçilik hukugy, ýerden peýdalanmak hukugy we ýere kärende hukugy ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan ýer bölekleriniň hakyky çäkleri bellenilenden we oňa bolan hukuga güwä geçýän resminamalar berlenden soň ýüze çykýar.
«Kärende hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 8-nji maddasynda tirkeşikli kärende we kärende hukugynyň birine berilmegi düzgünleşdirilendir. Şunlukda, Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da kärende şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, kärendeçiniň kärendesine berijiniň razylygy bilen kärendesine alan emlägini ýa-da onuň bir bölegini üçünji şahsa möhletli muzdly peýdalanmak üçin (tirkeşikli kärendesine) bermäge hukugy bardyr.
Tirkeşikli kärende taraplaryň hukuklarynyň, borçlarynyň we jogapkärçiliginiň, şeýle hem kärende şertnamasynyň başga düýpli şertleriniň üýtgemegine eltmeýär, şunda tirkeşikli kärende şertnamasynyň möhleti kärende şertnamasynyň möhletinden aňry geçip bilmez.
Kärendeçi tarapyndan kärende şertnamasy boýunça özüne degişli kärendesine alnan emläkden peýdalanmaga bolan hukuklarynyň kärende şertnamasynyň hereket edýän döwründe başga adamlara berilmeginiň (doly ýa-da bölekleýin) tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy we şertnamanyň şertleri bilen düzgünleşdirilýär. Emlägiň kireýine ulanylmaga berilmeginiň şertnamasy boýunça kärendeçä berlen emlägiň tirkeşikli kärendä berilmegine, emlägiň kireýine ulanylmaga berilmeginiň şertnamasy boýunça olaryň hukuklarynyň we borçlarynyň berilmegine, şeýle hem emlägiň başga şahsyň ulanmagyna berilmegine ýol berilmeýändigi bellenilendir. Türkmenistanyň kanunçylygynda kärendäniň obýektleriniň aýry-aýry görnüşleriniň tirkeşikli kärendä berilmegine çäklendirmeler göz öňünde tutulyp bilner.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda has netijeli zähmet çekmek bilen, kabul edilýän kanunçylyk namalaryny raýatlara düşündirmek hukukçylaryň esasy wezipeleriniň biridir. Şeýle wagyz-nesihat işlerini güýçlendirmekde, raýatlaryň hukuklaryny goramaga gönükdirilen döwlet ähmiýetli kanunçylyk namalarynyň kabul edilmeginde özümiziň mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys.
Daňatar Abdyllaýew, Akdepe etrabynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.