30.12.2024
Türkmenistanyň Konstitusiýasy milli döwletliligiň kemala gelmeginiň hem-de ösmeginiň syýasy-hukuk binýady bolup, dünýäniň oňyn tejribesine daýanýar we şol bir wagtyň özünde, türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan iň gowy däp-dessurlaryny hem-de milli aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Döwlet esaslarynyň mizemezligini, gadymdan gözbaş alýan demokratik sütünleri we halk häkimi ýetliliginiň köpasyrlyk däplerini alamatlandyrýar.
Ýurdumyzyň Esasy Kanuny özüniň esasy düzgünlerini saklap galmak bilen birlikde, amala aşyrylýan ägirt uly hem-de giň möçberli özgertmelere laýyklykda kämilleşdirilýän hukuk guraly bolup durýar. Ol döwlet gurluşy babatda ýurdumyzyň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini, milli we umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemlemek bilen demokratik, hukuk hem-de dünýewi döwleti gurmagyň möhüm wezipelerini birleşdirdi. Bu bolsa bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti döretmäge hem-de raýatlarymyzyň ýaşaýyşdurmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam etjek durmuş wezipelerini çözmäge gönükdirilendir.
2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Konstitusiýamyzyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda täze taryhy eýýamyň başlanýandygyny alamatlandyrýan taryhy waka boldy. Esasy Kanunymyz türkmen döwletiniň mizemez ýörelgelerini — Garaşsyzlyk hemde Bitaraplyk, parahatçylyk, demokratiýa we kanunlaryň rüstemligi ýaly ýörelgeleri özünde jemlemek bilen, jemgyýetde onuň ösüşiniň esasy ugurlaryny ruhubelentlige hem-de durmuş-ykdysady ösüşe itergi berdi. Ýurdumyzyň ösüşiniň täze taryhy tapgyrynda okgunly ösüş, durnuklylyk hem-de syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ulgamlarda özgertmeleriň giňmöçberliligi mahsusdyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň girişinde ata-babalarymyzyň eziz Watanymyza söýgini we wepalylygy, ýagşylyga hem-de adalatlylyga ynamy mukaddeslik hökmünde nesillerine wesýet etmegi tötänleýin däldir. Şondan ugur alyp, Türkmenistanyň halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Esasy Kanunymyzyň kabul edilen senesini gadymy taryhymyzyň beýikligine, ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine uly hormat we sarpa goýmak ruhunda belleýär. Bu baýramçylygyň adynda halkymyzyň bir bitewi, kuwwatly we ösen döwlet hakynda köpasyrlyk arzuwynyň dabaralanmagy öz beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň baýramynyň «Pähimpaýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly bilen sazlaşýan belent joşguny her bir raýat üçin mukaddes bolan parahatçylyk, adalat, agzybirlik we döwletlilik ýaly düşünjeleriň belent mazmuna eýediginiň alamatydyr. Magtymguly Pyragynyň garaýyşlary umumadamzat gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň kalbyna ýakyndyr.
Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň erkin we gülläp ösýän döwlet hakynda eden arzuwlary ösüşlere beslenýän döwrümizde amala aşyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapdy. Esasy Kanunymyz we akyldar şahyryň parasatly garaýyşlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň synmaz binýadyny döretdi, halkymyzy jebisleşdirýän egsilmez güýje öwrüldi.
Konstitusiýamyzda Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet diýlip yglan edilmek bilen, onda jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň hukuk kepillikleri öz beýanyny tapýar.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Bu Konstitusion kanun esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Döwletimizde kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan Türkmenistanyň Mejlisi baradaky kadalary özünde jemleýän bap täze görnüşde beýan edildi. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen bilelikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatyna kanun çykaryjylyk başlangyjyna hukuk berildi.
Esasy Kanunymyzyň esasy häsiýetli aýratynlyklarynyň biri-de, onuň kadalarynyň aglabasynyň adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny belleýän kadalardygydyr.
Hormatly Prezidentimiz wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda: «Döwletimiziň Konstitusiýasynda raýatlarymyzyň kepillendirilen hukuklaryny goramak meniň esasy borjum bolar», «Döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatdaky ynsanperwer syýasatyny mundan beýläk hem üpjün ederis» diýip belledi. Munuň özi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen başy başlanan adamyň hemmetaraplaýyn goraglylygyna gönükdirilen işleriň, asylly wezipeleriň Magtymguly Pyragynyň döwletlilik, ynsanperwerlik wesýetleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem dowamatdowam bolýandygyny aýdyň görkezýär.
Didar Orazow, Daşoguz welaýatynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.