WATANSÖÝÜJILIGIŇ ASYL NUSGASY

28.03.2025

Watany söýmek, ony goramak duýgusy halkyň bagtyýarlygynyň, asudalygynyň kepilidir. Watançylyk türkmen halkyna gan bilen, ene mähri, ata göreldesi bilen siňip, arkama-arka geçip gelýän belent duýgudyr. Bu duýgy adamyň ýaşaýşa bolan höwesini artdyrýar, geljege bolan ynamyny berkidýär, ata, ene, ojak, maşgala, perzent ýaly mukaddesliklere imrindirýär. Bu dünýägaraýyş hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda: «Ýaşlary pederlerimizden miras galan milli häsiýetler, watançylyk ruhy esasynda terbiýelemek, olaryň il-ýurda, halka, Watana bolan söýgüsini gazanmak üçin Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewlerine berk eýermelidiris» diýen buýsançly sözler arkaly şöhlelenýär.

Täze kitabyň ilkinji sahypalarynda Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şy gyr larynyň ýerleş di rilmeginde aýratyn many bar. Çünki türkme niň milli ruhuny, arzuw-umydyny şöhlelendirýän bu şygyrlar iki beýik şahsyýetiň gursagyndaky kämil watançylyk kelamydyr. Magtymguly Pyragy «Türkmeniň» atly goşgusynda «Mertler ata çyksa, söweş sarydyr» diýmek bilen, mertlik diýen düşünjäniň, ilkinji nobatda, Watan goragy bilen häsiýetlenýändigini beýan edýär. Watan goragynyň esasynda duran edermenlik hem mertlik häsiýeti dana şahyryň döredijiliginde iň köp ýüzlenilen tema bolupdyr.

Mert ýigit mert ärden öner,

Namart asyl-ha mert bolmaz —

diýýän Magtymguly Pyragynyň pikiri aýdyň. Akyldar şahyr biziň mert ata-babalarymyzyň bolandygyny, olaryň nesilleriniň hem mert-merdana bolmalydygyny nygtaýar.

Magtymguly Pyragy asyrlar geçse-de, türkmen durmuşynda we terbiýe mekdebinde özüne mynasyp orny eýeläp gelýär. Şahyryň döredijiliginiň halkymyzyň ruhy dünýäsiniň, ene diliniň, edebi mirasynyň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, ýaş nesli ýokary ahlak ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemegiň milli mekdebiniň dürdäne esasydyr. Ussadyň şygyrlarynyň adamlarda iň gowy häsiýetleri — ruhy-ahlak taýdan päkligi, dogruçyllygy, il-güne, Watana wepalylygy, ylma-bilime ymtylyşy, bilesigelijiligi terbiýeleýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly:

— Magtymgula düşünmek üçin halkyňy söýmeli!

— Magtymgula düşünmek üçin Watanyňy söýmeli!

— Magtymgula düşünmek üçin barlygy söýmeli!

Bulardan başga-da, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň täze kitabynda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär. Şeýle-de akyldaryň döredijiliginiň we durmuş ýolunyň ylmy esasda öwrenilişi, pähim-paýhasly şygyrlarynyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly 2024-nji ýylda beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçirilen halkara çäreler barada söhbet edilýär. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň halkymyza sowgat eden täze kitaby ylmyň we çeper edebiýatyň muşdaklaryna, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenijilere hem-de giň jemgyýetçilige niýetlenilendir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Gaýratly ogullar Watanyň daýanjydyr! Siziň Watany goramakda gaýrat görkezip, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, milli gymmatlyklarymyzy goramak ýaly belent borçlara wepaly boljakdygyňyza, gerek bolsa, bu mukaddeslikler üçin şirin janyňyzy hem gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn» diýen sözleri biz — merdana Watan goragçylarynyň öz borjuna bolan jogapkärçiligini ýokarlandyryp, täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Pederlerimiziň watançylyk ýörelgelerine ygrarlylykda ýurdumyzyň parahatçylygyny hem-de asudalygyny pugtalandyrmakda bimöçber aladalar edýän Milli Liderimiziň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halk bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Batyr BERDIÝEW, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap prokuraturasynyň uly sülçüsi, 3-nji derejeli ýurist.