12.07.2023
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 6-njy aprelinde geçirilen Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň birinji maslahatynda sözlän sözünde: «Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esas goýujy ýörelgelerinden, ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan kabul edilen maksatnamalardan we Kararlardan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, üstümizdäki ýylda hem ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine kanunçylyk taýdan oňyn şertleri döretmäge uly üns bermeli» diýip nygtady. Ви babatda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek, ony halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek üçin alnyp barylýan giň gerimli iş/ere aýratyn orun degişlidir
Häzirki wagtda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri her bir adamyň syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki hukuklaryny üpjün etmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymaty bolsa ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň, ösüşleriň beýany bolmak bilen, jemgyýetimizi jebisleşdirip, adamlaryň hukuk goraglylygynyň ýokary derejede kepillendirilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Adamlar baradaky alada Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalarynda has aýdyň görünýär. Hususan-da, adam hukuklarynyň berkarar bolmagyna gönükdirilen döwrebap kadalar aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Ýeri gelende bellesek, Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşinde anyk kadalary jemleýän maddalaryň 142-si bolup, şolaryň birnäçesi täze maddalardyr. Onuň ikinji bölümi tutuşlygyna Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklaryna, azatlyklaryna hem-de borçlaryna bagyşlanandyr. Ýokary hukuk güýje eýe bolan Konstitusiýamyz döwlet gurluşynyň esasy ýörelgelerini, adamyňdyr raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň hukuk kepilliklerini, häkimiýet edaralarynyň şahsyýet we jemgyýet bilen gatnaşyklarynyň esaslaryny kesgitleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde türkmen jemgyýetinde ynsanperwerlik ýörelgeleri esasy orny eýeleýär. Şu nukdaýnazardan, Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşinde Türkmenistanyň her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün edýän döwletdiginiň beýan edilmegi ynsanperwerligiň aýdyň ýüze çykmasydyr. Munuň özi her bir raýatyň bagtyýar, erkin ýaşamagy, ösüşlere işjeň gatnaşmagy üçin şertleriň döredilýändigini görkezýär. «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir» diýen kada bolsa adamlaryň syýasy, raýatlyk, durmuş ykdysady, medeni we beýleki hukuklarynyň toplumlaýyn kepillendirilmesidir.
Adam sarpasynyň hem-de mertebesiniň ýokary derejedäki gymmatlykdygy bilen baglylykda, konstitusion ýörelgeleriň hatarynda adamyň we raýatyň kanunyň, kazyýetiň öňündäki deňligi; aýallaryň we erkekleriň deň hukuklylygy, olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri; her bir adamyň öz at-abraýyny, mertebesini goramaga bolan hukugy, adamlaryň erkinligi we şahsy eldegrilmesizligi; bilim almaga; saglygyny goramaga, zähmet çekmäge bolan hukuklary; medeni durmuşa gatnaşmaga; dynç almaga bolan hukuklary; her bir adama pikir we söz azatlygyna bolan hukuk umumy ykrar edilen halkara kadalaryň derejesinde kepillendirilýär. Şunuň bilen birlikde, hukuklary amala aşyrmak mümkinçiligi raýatlaryň kanunçylygy berjaý etmäge bolan borçlary bilen utgaşdyrylýar.
Türkmenistanda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady maksatnamalarda türkmen halkynyň medeni, taryhy gymmatlyklarynyň we däp-dessurlarynyň halk köpçüligine, halkara jemgyýetçilige giňden ýaýradylmagy, baýlaşdyrylmagy ýaly wezipeler ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda adamyň medeni, durmuş hukuklaryny goramak hem barha möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň 56-njy maddasy hökmünde «Her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine hukugy bardyr» diýen täze kadanyň girizilmegide muny doly tassyklaýar. Şeýle-de ýurdumyzyň telekeçileriniň ykdysadyýetimiziň ösmegine saldamly goşant goşýandygy nazara alnyp, her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugynyň bardygy hakyndaky kadalar Esasy Kanunymyzda berkidilýär. Munuň özi döwletiň telekeçiligi goldaýandygyny, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýändigini görkezýär.
Gahryman Arkadagymyz: «Häzirki döwürde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň taryhy gazananlaryny saklap galmak bilen birlikde, ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbitleri üçin ýöredilýän döwlet syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak biziň her birimiziň baş wezipämizdir» diýip belleýär. Diýarymyzda islendik ugurda gazanylýan her bir ösüş, ýetilýän sepgitler bolsa, ilkinji nobatda, milli kanunçylygymyzyň kämilleşdirilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Biz döwletimiziň we jemgyýetimiziň bähbidine bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýarys
Maksatgeldi Nazarow, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher prokuraturasynyň uly sülçüsi