HUKUK DÖWLETIMIZIŇ DEMOKRATIK ÝÖRELGELERI

21.07.2023

Ata Watanymyzda döredilen kämil hukuk döwleti hem-de raýat jemgyýeti sazlaşykly bir bütewi ulgamy emele getirip, ýurdumyzda syýasy durnuklylygy, ykdysady ösüşi üpjün edýär. Biziň ýurdumyzda hukuk döwletiniň we raýat jemgyýetiniň özara baglanyşygy demokratik döwleti gurmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanda hukuk döwleti bilen raýat jemgyýetiniň sazlaşykly hereket etmeginiň birnäçe aýratynlyklarynyň bardygyny aýratyn bellemek gerek.

Birinjiden, ýurdumyzda adam baradaky alada döwlet derejesinde ilkinji nobatda durýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň çäginde adamyň we raýatyň hukuklaryna uly üns berilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir» diýlip bellenilmegi hem ýurdumyzda adam barada iň ýokary derejede alada edilýändigini dolulygyna subut edýär. Türkmenistan adam hukuklary çygryndaky halkara resminamalaryň çäklerinde öz üstüne alan borçlaryny gyşarnyksyz berjaý edýär.

Ikinjiden, Watanymyzda köppartiýaly syýasy ulgam netijeli ýola goýuldy. Türkmenistanda Demokratik partiýa, Telekeçiler we senagatçylar partiýasy we Agrar partiýa hereket edýär. Köppartiýalylyk bolsa, öz gezeginde, syýasy köpdürlüligi üpjün edýär. Syýasy partiýalar ulgamy raýat jemgyýetiniň we şol bir wagtda döwlet diwanynyň bir bölegi bolmak bilen, raýat jemgyýetiniň bähbitleriniň döwlete ýetirilmeginiň möhüm ýoly bolup durýar. Partiýalar raýatlaryň isleglerini we pikirlerini bir ýere jemleýär hem-de halkyň we raýat jemgyýetiniň syýasy erkiniň kemala gelmegine ýardam edýär. Ýurdumyzda köppartiýaly ulgamyň netijeli hereket etmegi döwletimiziň köptaraplaýyn syýasy ösüşine aýdyň şaýatlyk edýär.

Üçünjiden, ýurdumyzda hukuk döwletiniň we raýat jemgyýetiniň iň möhüm syýasy institutlarynyň biri bolan ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamy netijeli hereket edýär. Türkmenistanda ýerli öz-özüňi dolandyryş döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyna girmeýär. Bu ulgam olar bilen deňhukukly özara hereket etmegiň esasynda hem-de raýat jemgyýetiniň döwlete dahylly bolmadyk düzümleri bilen utgaşyklylykda hereket edýär. Ýerli öz-özüňi dolandyryş döwletiň ilatyna olar üçin iň ýakyn bolan derejede döwleti dolandyrmaga gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýerli öz-özüňi dolandyryşyň özygtyýarlyklarynyň çäklerinde özbaşdaklygy kepillendirilýär.

 

Şalarhan Öwezow, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.