Metbugat neşirleri

ENERGETIKA PUDAGYNYŇ KADALARY

23.05.2022

Energetika hukugynyň çeşmeleriniň arasynda halkara-hukuk kadalary möhüm orny eýeleýär we muňa bu kadalaryň ähmiýetiniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilmegi hem şaýatlyk edýär. Esasy Kanunymyzyň 9-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýär. Ýurdumyzyň energetika pudagynyň hukuk kadalaryny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda amala aşyrylýan we Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen syýasy gepleşiklerini çuňlaşdyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we Ýer ýüzündäki halklaryň gülläp ösmeginiň hatyrasyna hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ynsanperwerlik çygryndaky aragatnaşygy berkitmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň netijeliliginiň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýär.

Giňişleýin
ENERGIÝANY TYGŞYTLAMAGYŇ HUKUK DÜZGÜNLERI

05.05.2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallasy bilen energiýa tygşytlylygyny üpjün etmäge gönükdirilen wezipeler doly amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda dürli innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy şol meseleleri tiz we üstünlikli çözmäge ýardam berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň wezipeleriniň hatarynda hususy ulgamda iri kärhanalaryň döredilmeginiň hasabyna ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny pudaklara ornaşdyrmak, serişdeleri we energiýany tygşytlaýan, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürýän ýokary öndürijilikli önümçilikleri döretmek, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşlerini öndürmegi we ulanmagy ýola goýmak bilen baglanyşykly wezipeleriň kesgitlenmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty üçin energiýany tygşytlamagyň ähmiýetiniň ýokarylygyny alamatlandyrýar. Ýurdumyzda transkontinental köpgörnüşli energetika we logistika üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge işjeň gatnaşmak, Demirgazyk — Günorta, Günbatar — Gündogar ugurlary boýunça Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän ulag-üstaşyr hem-de energetika geçelgelerini gurmak boýunça uzak möhletli we yzygiderli halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirilýär. Ýakyn on ýylda Türkmenistany Ýewraziýada ulag we energetika ulgamlarynyň geçýän esasy ýurtlarynyň birine, yklymda ähli logistika ulgamynyň aýrylmaz bölegine öwürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Giňişleýin
Türkmen ülkesine seýle geleňde

03.05.2022

Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň «Näler görüner» goşgusy türkmeniň jahany seýil-seýran edip, ajap-ajap binalary görmekden lezzet almak islegini dabaralandyrýar. Gahryman Arkadagymyz bolsa «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» eserinde türkmen ülkesine gelen syýahatçylaryň türkmen topragynda bina edilen ymaratlaryň gözelliklerine haýran galandyklary barada gyzykly maglumatlary getirýär. Kitapda: «Binagärlik sungatynyň milli mekdebi goňşy döwletlere-de öz täsirini ýetirip, olaryň çäklerine-de ýaýrapdyr. Watanymyzyň dürli ýerlerinde saklanyp galan binagärlik ýadygärlikleri, şeýle hem goňşy ýurtlarda türkmen ussalary tarapyndan gurlan gadymy ýadygärlikler muňa şaýatlyk edýän aýdyň mysallardyr» diýlip beýan edilýän durmuşy hakykat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de döwrebap derejede dabaralandyrylýar. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Karary hem tassyklaýar. Resminama laýyklykda, Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylandygy we olary ýerine ýetirmegiň degişli edaralara we häkimliklere bellenen möhletlerde talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň tabşyrylandygy bellenilýär. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli başlangyçlary rowaç bolsun!

Giňişleýin
SANLY ULGAMYŇ DÖWREBAP MÜMKINÇILIKLERI

19.04.2022

Sanly ykdysadyýeti döretmezden, döwletiň häzirki zaman derejesindäki ösüşini göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Bütin dünýäde sanly innowasiýalary öňe sürmek bäsdeşlige ukyplylygyň, ykdysady ösüşleriň aýrylmaz şertine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da ýokarlanmagynyň esasy ugurlarynyň biri hem sanly ykdysadyýeti işjeň durmuşa ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Sanly ykdysadyýet sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolup, ol wagtyň we harajatlaryň tygşytlanmagy bilen bir hatarda, hyzmatlaryň döwrebap ulgamyny ýola goýmaga amatly şertleri döredýär.

Giňişleýin
EŞRETLI DURMUŞYŇ YKRARY

15.04.2022

Ýurdumyzda Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, olaryň häzirki zamanyň talaplar y na laýyk derejede enjamlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Harby gullukçylary ň gulluk we ýaşaý yş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Dürli ugurlar üçin ýokar y hünärli gullukçylaryň taý ýarlanylmagyna, öňdebaryjy tejribäniň işjeň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär.

Giňişleýin
EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY — HALKYŇ BAGTYÝARLYGY

13.04.2022

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hemişelik Bitarap Watanymyzda ulag ulgamyny ösdürmek bilen birlikde, adamzadyň sagdyn gurşawy döretmek hakyndaky arzuwlaryny durmuşa geçirmek babatdaky beýik işlerini hem dabaralandyrdy. Bahar paslynyň dowam edýän günlerinde türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelliklerini synlap, bu keramatly toprakda doglandygyňa, onuň ajaýyplyklarynyň şaýady bolup ýaşaýandygyňa buýsanjyň goşalanýar. Diýaryňa bolan guwanjyň has-da artýar.

Giňişleýin
ADMINISTRATIW DÜZGÜNLER

04.04.2022

Her bir jemgyýetiň abadançylygy, hukuk goraglylygynyň derejesi, döwletiň ykdysady ösüşi, ilkinji nobatda, döwlet dolandyrylyşynyň hili bilen baglanyşyklydyr. Onuň netijeli amala aşyrylmagy ýurduň ykdysady taýdan kuwwatlanmagynyň, asudalygyň we abadançylygyň, syýasy durnuklylygyň, raýatlaryň hukuklarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda durmuşa geçirilmeginiň esasy şerti bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda milli kanunçylyk esaslarynyň pugtalandyrylmagy barada uly işler amala aşyrylýar.

Giňişleýin
IŇ BELENT SÖÝGI

29.03.2022

Watan — başymyzyň täji, Watana söýgi — iň belent söýgi. Her bir adamyň göbek ganynyň siňen topragyna, Watanyna bolan söýgüsi onuň bütin ömründe güýjüne güýç, ruhuna ruh goşýar. Ynsan agy-garany saýgaryp, kemala gelenden soň, onuň watançylyk düşünjesi, duýgusy zähmeti bilen taplanýar, kämilleşýär, hakyky watançynyň kämilligi bolsa onuň ata-enesi tarapyndan goýlan binýatdan, berlen edep-terbiýeden öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Biziň ata-babalarymyzyň «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýen dürdäne paýhasy Watana wepaly gulluk eden ilhalar ynsanlar Berdimuhamet Annaýewiň hem-de Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömürleri, olaryň bitiren işleri, nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky aladalary bilen dabaralanýar.

Giňişleýin
DURMUŞA SÖÝGINIŇ GÖZBAŞY

28.03.2022

Aslyny gadymyýetden alyp gaýdýan halkymyz saglyga hem-de sagdyn ýaşaýşa aýratyn üns berip, çagalaryň kiçilikden arassaçylyk kadalaryna eýermeklerini, dogry iýmitlenmeklerini, bedenlerini taplap gezmeklerini gazanypdyrlar. Ajaýyp döwrümizde hem eziz Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän işleriň esasynda bu kadalaryň gitdigiçe kämilleşip, döwrebaplaşýandygynyň şaýady bolýarys. Çünki raýatlaryň saglygy döwletimizde ileri tutulýan wajyp mesele bolup durýar.

Giňişleýin
TÄZE DÖWÜR — TÄZE SEPGITLER

25.03.2022

Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty dünýä dolup, halkara bileleşikde mynasyp orun aldy. Aýratyn bellemeli ýeri-de, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen amala aşyrylýan beýik işleriň diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilýänligidir.

Giňişleýin
TERBIÝE MUKADDESDIR

14.03.2022

Şahsyýetiň ahlak kadalaryna laýyklykda, daş-töwereginde bolup geçýän zatlara baha bermegi we şoňa görä hereket etmegi netijesinde adamyň ahlak keşbi kemala gelýär. Ýokary ahlakly adam her hili kyn şertlerde hem ejizlemän, halal ýaşamaga çalyşýar, arassa gazanjynyň hasabyna eklenýär, şol ruhda hem çagalaryny terbiýeleýär, elmydama döwletiň kanunlarynyň öňünde şahsy jogapkärçiligini duýup, olara hormat goýup ýaşaýar hem-de kanunyň talaplaryny gyşarnyksyz berjaý edýär. Şeýle ýokary ahlakly halkyň döwlet binýady hem berk bolýar. Bu ugurda hormatly Arkadagymyzyň bitiren beýik işleri bu gün halkymyzyň durmuşynda has aýdyň duýulýar.

Giňişleýin
KANUNA HORMAT — RAÝATLYK BORJUMYZ

10.03.2022

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmaga aýratyn uly ähmiýet berilýär. «Gallup» halkara barlaglar merkezi tarapyndan kanunyň we tertibiň düzülen indeksiniň esasynda, raýatlaryň harby we hukuk goraýjy edaralaryna ynamyna, şahsy howpsuzlyk ýagdaýyna, jenaýatçylykly we terrorçylykly wehimleriň aradan aýrylmagy bilen bagly statistika esaslanýan jemgyýetçilik pikir soraşmalarynyň netijesi boýunça Türkmenistanyň dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýlip yglan edilmegi hem ýurdumyzda bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligini görkezýär.

Giňişleýin
BAŞYMYZYŇ TÄJI WATAN

07.03.2022

Ajaýyp zamanamyzda halkymyz ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar, röwşen geljegine buýsanyp ýaşaýar. Halkymyz ata Watany — Garaşsyz we baky Bitarap döwletimizi söýüp, oňa buýsanyp, başynyň täjine deňeýär. Paýhasly pederlerimizem ata Watanyň mukaddesligi we onuň beýikligi barada dür dänesi ýaly pähimleri nesillerine miras goýup, Watanyň gymmatyna akyl ýetirmekligi we onuň her daban ýerini gözüň göreji deýin goramaklygy wesýet edipdirler.

Giňişleýin
WATANYMYZ — BUÝSANJYMYZ

04.03.2022

2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde gol çekilen il-ýurt bähbitli resminamalar, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň her bir ynsan üçin nusga alarlyk çuňňur manyly çykyşy halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döretdi. Milli Liderimiz: «Biziň ählimizi bir belent maksat birleşdirýär, ol hem nirede, haýsy wezipede bolanyňda hem, ähli ukyp-başarnygyň, zehiniň, zähmetiň bilen mukaddes Watanymyzyň ösüşine goşant goşmak, ýürek yhlasyň bilen halka hyzmat etmek maksadydyr. Halka gulluk etmek — Haka gulluk etmek! Men bütin ömrümiň manysyny eziz Watanymyza, mähriban halkymyza hyzmat etmekde görýärin» diýen sözleri hemmeler üçin, ilkinji nobatda, Watan goragçylary üçin watansöýüjilik mekdebine öwrüldi.

Giňişleýin
TÜRKMENISTANYŇ KANUNÇYLYGY BOÝUNÇA MAŞGALA GORAGLYLYGYNYŇ KEPILLIKLERI

28.02.2022

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 16-njy noýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek we ahlak taýdan ösdürmäge ýardam edýän milli maşgala gymmatlyklaryny wagyz etmek boýunça çäreleri geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Maşgala jemgyýetçilik durmuşy babatda çözülýän meseleleriň – ykdysadyýeti kämilleşdirmek, medeniýeti ösdürmek, durmuşy gowulandyrmak ýaly wezipeleriň tutuş toplumy bilen berk baglydyr. Bu arabaglanyşyk ikitaraplaýyn häsiýete eýedir: bir tarapdan, jemgyýetçilik durmuşy maşgala babatda kesgitleýji bolsa, beýleki ta

Giňişleýin