Metbugat neşirleri

ŞÖHRATLY DÖWRÜŇ TÄZE SAHYPASY

20.07.2025

Berkarar döwletimiziň mertebesi Ýer ýüzünde, zamananyň depesinde baýdak bolup parlaýar. Şunda ýylymyzyň şygary diňe biziň ýurdumyz däl, eýsem, bütin dünýä üçinem örän ähmiýetlidir. Ol berkarar türkmen döwletiniň adamzada berýän gymmatlyklary bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Jan Watanym Türkmenistan», «Ýaşasyn parahat durmuş!», «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly eserleri arkaly çuňňur göz ýetirmek mümkin.... Parahatçylygyň beýik filosofiýasy bu eserleriň adyndan başlap, tutuş mazmunyndan eriş-argaç bolup geçýär.

Giňişleýin
MERTEBÄMIZ HEM BUÝSANJYMYZ

16.07.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baş tutanlygynda zenanlara uly hormat-sarpa goýulýar. Milli Liderimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «Taryhyň müňläp çylşyrymlylyklaryna we kül petlerine ýan bermedik ykbalyň eýeleri — beýik şahsyýetler hem hemişe özleriniň ulalyp, kemala gelmeklerinde özüni dünýä inderen ynsanyň ornuna ýokary baha berýärler» diýlip bellenilýär. Bu bolsa kämil şahsyýetleriň ene mertebesine goýýan hormatynyň adamzat taryhynyň irki döwürlerinden bäri dowam edip gelýän aýdyň ýörelgesidiginiň subutnamasydyr.

Giňişleýin
KITAPHANALAR PÄHIM-PAÝHASYŇ ÇEŞMESIDIR

12.07.2025

Ki­tap­ha­na işi jem­gy­ýe­tiň bi­lim dere­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da, şahsy­ýe­tiň kä­mil­leş­me­gin­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ki­tap­ha­na işi­niň döw­re­bap mak­sat­la­ry bo­lup, ki­tap­ha­na­lar di­ňe bir kitap­la­ry oky­jy­la­ra ýe­tir­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, kä­mil mag­lu­mat­la­ryň dür­li gör­nüş­le­rini özün­de jem­le­ýär. Elekt­ron ki­tap­ha­na­lar we mag­lu­mat gor­la­ry ne­sil­ler üçin bi­lim al­ma­gyň mö­hüm çeş­me­si­dir. Ki­tap­ha­na­lar di­ňe bir bi­lim mer­ke­zi bolman, eý­sem, me­de­ni mi­ra­sy sak­la­ýar. Döwrebap kitaphanalar okamak medeniýetini ös­dür­mek­de mö­hüm orun eýe­le­ýär. Ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len «Türk­me­nis­ta­nyň ki­tap­ha­na ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň 2025­—­2029­-njy ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň» ka­bul edilme­gi mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­dy.

Giňişleýin
DURMUŞYŇ GÜL-GUNÇALARY

08.07.2025

Çaga — durmuşyň güli. Çagalar — Watanymyzyň geljekki eýeleri. Türkmenistan bagtly çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdudyr. Ata Watanymyzda körpe nesil barada edilýän aladalar häzirki döwürde alnyp barylýan bilim özgertmeleriniň esasy ugurlarynyň biridir. Hut şu nukdaýnazardan hem, bagtyýar nesilleriň sowatly, döwrebap ylymly-bilimli, edepli-terbiýeli ýaşlar bolup ýetişmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 1-nji iýunynda bütin dünýäde, şol sanda Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Ilkinji gezek 1950-nji ýylda baýram edilen bu sene çagalary hormatlamak we olaryň hukuklaryny ilerletmek üçin örän oňat mümkinçilik boldy.

Giňişleýin
HALKYMYZYŇ EŞRETLI ERTIRI

04.07.2025

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» at ly kitabynda: «Ýaş lar babatynda durmuşa geçirýän işlerimizi kanunçylyk taýdan üpjün etmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar» diýip belleýär. Ajaýyp zamanamyzda bolsa ýaş nesilleri döwrebaplyk we millilik ruhuna ýugrulan bilim-terbiýe bilen taplamak, olary beden hem-de ruhy taýdan sagdyn şahsyýetler edip ýetişdirmek üçin kämil kanunçylyk binýady döredildi.

Giňişleýin
ÇYRAGLY BILIMIŇ DATLY MIWESI

30.06.2025

Häzirki döwürde türkmen raýatlary, hususan-da, ýaşlarymyz, döredilip berilýän giň gerimli mümkinçiliklerden peýdalanyp, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek bilen ýurdumyzyň ösüşine öz goşantlaryny goşýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşleri bedew bady bilen öňe ilerleýär. Muňa biz ýurdumyzda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türk menistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi niň, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň kabul edilmegi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine resmi agza bolmagy ýaly ýetilen sepgitlerde aýdyň göz ýetirýäris.

Giňişleýin
BILIMLI NESIL — KUWWATLY WATAN

26.06.2025

«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilim babatda gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär we döwlet syýasatynyň ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýerine ýetirýän işlerini we onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Bilim almak hukugy adamyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup durýar. Bilim babatda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda «Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr. Döwlet her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün edýär» diýlip bellenen.

Giňişleýin
OŇYN BITARAPLYGY DABARALANDYRÝAN ÝÖRELGELER

22.06.2025

2025-nji ýy­lyň «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» şy­ga­ry­na bes­len­me­gi saý­lap alan mil­li ösüş ýo­lu­my­zyň dö­re­di­ji­lik­li do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň gör­ke­zi­ji­si­ne öw­rül­di. Bu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tanly­gyn­da mäh­ri­ban Wa­ta­ny­myz dün­ýä gi­ňiş­ligin­de hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gita­ra­pyn­dan oňyn Bi­ta­rap­ly­gyň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň, aba­dan­çy­ly­gyň, yna­nyş­ma­gyň, ag­zy­bir­li­giň da­ba­ra­lan­ýan meka­ny hök­mün­de ta­nal­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça BMGniň Baş As­samble­ýa­sy ta­ra­pyn­dan «2025-nji ýyl — Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Karar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi adam­zat ösü­şi­niň mö­hüm şer­ti bo­lan pa­ra­hat­çy­ly­gyň, hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ryň hasda giň­den da­ba­ra­lan­ma­gyna my­na­syp go­şant bol­dy.

Giňişleýin
MAŞGALA GYMMATLYKLARYNY GORAMAGYŇ KEPILI

18.06.2025

Milli Liderimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Türkmen maşgalasynda perzendiň il aladasyny edýän ogul bolup kemala gelmegi, jemgyýetiň ileri tutýan ýörelgesi bolup, munuň hem asylky manysynda Watan üçin edilen yhlas we söýgi bardyr» diýip, perzent terbiýesiniň düýp manysynyň Watan mukaddesliginde jemlenýändigini çuňňur parasatly sözler bilen nesihat edýär.

Giňişleýin
SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

14.06.2025

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen sport syýasatynyň gadamlary batlanýar. Indi türkmen türgenleriniň dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda gazanýan ýeňişleri soňky ýatlanymyza doly şaýatlyk edýär. Türgenlerimiziň halkara ýaryşlaryndaky şowly çykyşlary döwletimiziň halkara sport abraýynyň täze belentliklere çykmagyna bähbitli täsirini ýetirýär.

Giňişleýin
KALPLARY NURLANDYRÝAN ÝÖRELGE

11.06.2025

Gadymy döwürlerden bäri halkymyz haýyrly işleri amal etmek, mätäje goldaw bermek ýaly asylly ýörelgelere eýerip gelipdir. Häzirki döwürde hem şeýle ynsanperwer ýörelgeler ýurdumyzyň döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilip, bu gaznanyň hasabyna birnäçe sogaply işleriň amala aşyrylandygyny bellemek bolsa has-da buýsançlydyr. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda ynsan saglygyny, hususan-da, çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu maksatlary amala aşyrmakda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer hemaýaty bimöçberdir.

Giňişleýin
ÝAŞAÝŞYŇ BEZEGI

07.06.2025

Halkymyz ynsan saglygyny goramaklyga we sagdyn ýaşaýşa, sagdyn durmuş ýörelgelerine asyrlarboýy aýratyn üns berip, çagalarynyň ýaşlykdan arassaçylyk kadalaryna eýermekleri, sagdyn iýmitlenmekleri, sagdyn durmuşy, zähmeti söýýän adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleri döretmekligi öz borjy saýypdyr, bu ugurda kämil kadalary, düzgünleri durmuş mekdebiniň ýol-ýörelgesine öwrüpdir. Ol kadalardyr düzgünler ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz tarapyndan ýyllaryň dowamynda has-da kämilleşdirilip, beýleki gymmatlyklar bilen birlikde, biziň eşretli zamanamyza gelip ýetipdir.

Giňişleýin
NUSGALYK DEREJEDE KÄMILLEŞÝÄN SUNGAT

03.06.2025

Häzirki döwürde ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmakda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ägirt uly işler durmuşa geçirilip, şolaryň esasynda hem milli atşynaslyk sungatymyz uly ösüşlere eýe bolýar. Berkarar döwletimizde atçylyk sportunyň ösdürilmegi babatda, ahalteke bedewleriniň tohumçylyk-seçgiçilik işi boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylmagy Ýer ýüzünde ahalteke atlaryna bolan gyzyklanmanyň barha artmagyny üpjün edýär.

Giňişleýin
MÄHRE MYNASYP MÄHRIBANLAR

30.05.2025

Mähriban enelerimiz — dünýämiziň bezegi, ömrümiziň manysy. Türkmen halkynyň asylly ýörelgeleriniň biri-de, enäni Käbä deňemek, oňa mukaddeslik hökmünde garamakdyr. Döwletimizde zenanlarymyz, çagalarymyz uly alada we hem metaraplaýyn gorag bilen gurşalandyr. Zenanlar çaga terbiýelemegiň we täze nesilleriň kemala getirilmeginiň ata-babalarymyz tarapyndan toplanan baý tejribesi ni ulanmak bilen, maşgala gymmatlyklaryny saklamagy we goramagy başarýarlar. Olar milli medeniýetimizi ösdürmekde, milli däpdessurlarymyzy gorap saklamakda, ýaş nesilleri terbiýelemekde uly güýç bolup durýarlar. Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogul ýar» atly kitaplarynda ene mukaddesligi, maşgala ojagy, Watan, türkmenleriň milli özboluşlylygynda kemala gelen hem-de watançy we mynasyp raýaty terbiýelemäge ýardam edýän ene-ata bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň esaslary, maşgala gymmatlyklary dogrusynda giňişleýin beýan edýär.

Giňişleýin
JEMGYÝETIŇ SAGDYNLYGYNY ÜPJÜN EDÝÄN GYMMATLYKLAR

26.05.2025

Sport we bedenterbiýe jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän gymmatlyklardyr. Ýurdumyzda sport bilen bagly öňde goýlan maksatlary amala aşyrmak ugrunda badalga berlen işler üstünlikli durmuşa geçirilýär, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Sport boýunça halkara hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegi ajaýyp zamanamyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu tutumlar türkmen sportunyň abraýynyň has-da artmagyna, türgenlerimiziň dünýä derejesinde geçirilýän ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanmaklaryna uly täsirini ýetirýär.

Giňişleýin