Metbugat neşirleri

LEBZI HALALLYK — YNSANYŇ BEZEGI

08.12.2024

Ýaş nesle berilýän terbiýäniň halallyk we halal zähmet bilen utgaşykly alnyp barylmagy jemgyýetde arassa kalply, päk ahlakly, ruhubelent, dogruçyl, kämil şahsyýetiň kemala gelmeginiň gözbaşydyr. Ynsan durmuşynda terbiýäniň we oňat gylykhäsiýetleriň esasy halallykda jemlenýär. Lebzi halallyk, beren sözüňde tapylmaklyk, birinden diläp alan zadyňy ynjytman, yzyna gaýtaryp bermeklik türkmen halkynyň öňden gelýän ýolýörelgesidir. Emma durmuşda kähalatlarda karzyna alan puluny, wagtlaýyn ulanmaga alan emlägini sagbolsuny, taňryýalkasyny bilen yzyna gaýtarmakda ejizlik edip, milli ýörelgelerimize ters gelýän hereketleri edýänler hem tapylýar. Elbetde, bu bir durmuş, adamlar ynama arka daýanyp, biribirinden karzyna pulam almaly bolar, emlägi wagtlaýyn ulanyp hem biler, ýöne olar biribirlerini ynjytmaly däldir.

Giňişleýin
KANUNLAR DÖWREBAP KÄMILLEŞDIRILÝÄR

06.12.2024

«Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny özüniň gurluşy boýunça umumy düzgünleri, önümçiligiň ýörelgeleri we kepillikleri, möhletleri, önümçiligiň başynda Kabul edilýän administratiw nama, administratiw namanyň hakykylygy, Kabul edilen administratiw nama şikaýat etmek önümçiligi, administratiw namalary ýerine ýetirmek, administratiw önümçiligiň alnyp barylmagy bilen bagly çykdajylary, administratiw önümçiligiň bozulmagy üçin jogapkärçiligi we jemleýji düzgünleri göz öňünde tutýan 10 bapdan, 62 maddadan ybaratdyr.

Giňişleýin
DÖWLETLILIK TAGLYMATY

04.12.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, her bir türkmen raýaty pederlerimiziň arzuwlan berkarar ýurdunyň raýatydygyna guwanyp, buýsanyp ýaşaýar. Hukuk döwletimizde kanunyň mizemezligini gazanmak, Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, beýleki kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň takyk hem-de bir meňzeş berjaý edilişine, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek möhüm wezipe bolup durýar.

Giňişleýin
DERWAÝYS MESELE

02.12.2024

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga, aýap saklamaga hem-de rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Tebigat adamzat ýaşaýşynyň gurşawydyr. Bir söz bilen aýdylanda, adam tebigatyň bölegidir. Adamyň daşky gurşawa täsiriniň derejesi, ilki bilen, jemgyýetiň tehniki taýdan üpjünçiligine baglydyr. Ýurdumyzda daşky gurşawy, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly görnüşlerini goramagyň, tebigy baýlyklarymyzy aýawly hem-de netijeli ulanmagyň, durmuş we hojalyk desgalarynyň ekologiýa şertlerini üpjün etmegiň möhüm meselelerini çözmek üçin toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Giňişleýin
ÝÜREKLERIŇ KELAMY

30.11.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiz Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. 2022-nji ýylyň 4—6-njy noýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyl «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de ýurdumyzyň Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu halkara gurama tarapyndan türki halklaryň dost-doganlygyny berkitmek, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda köp işler ýerine ýetirildi.

Giňişleýin
SAGDYN ÝAŞAÝYŞ — SAGDYN JEMGYÝET

28.11.2024

Türkmen halky durmuşda iň gymmatly baýlygyň saglykdygyny öz nesillerine hemişe ündäp gezipdir. Muňa pederlerimiziň «Saglygym bar — baýlygym bar», «Saglygym — baş baýlygym», «Saglyk — beglik» ýaly pähimleri hem aýdyň güwä geçýär. Ýaramaz endige baş uran adamyň, ilki bilen, ynsan üçin iň gymmatly zat bolan saglygyny ýitirýändigi durmuşda kemsiz subut edilendir. Şol esasdan, häzirki döwürde halkymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak üçin wagyznesihat işleri güýçlendirilip, saglyga zyýan ýetirýän çilimkeşlige we beýleki ýaramaz endiklere garşy berk göreş alnyp barylýar hem-de bu ugurda kanunçylyk ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär.

Giňişleýin
GÜLZARLYGA ÖWRÜLÝÄN DIÝAR

26.11.2024

Güneşli Diýarymyzyň gözel tebigatyny goramak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak hemişe aladasy edilmegi derwaýys meseledir. Çünki, ajaýyp gözelligi özünde jemleýän tebigatymyz biziň öýümizdir. Ýurdumyzyň tebigaty gymmatly baýlygymyz bolup, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, olaryň köpdürlüligini aýawly goramak, geljekki nesillere ýetirmek biziň wajyp wezipämizdir. Şu wezipä hormatly Prezidentimiz hemişe uly üns berip, tebigatymyzy goramak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmak bilen bagly wezipeleri öňde goýýar.

Giňişleýin
DÜNÝÄ EDEBIÝATYNYŇ PARLAK ÝYLDYZY

24.11.2024

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda, nusgawy edebiýatynda uly orun tutýan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy egsilmez ruhy hazynadyr. Şahyr il-ulsuny, Watanyny jany-teni bilen söýüp, bu duýgusyny şygyrlaryna siňdiren söz ussadydyr. Magtymgulynyň edebi mirasy dury akabaly, tämiz gözbaşly çeşmedir. Ol, aýratynam, watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezendir. Erkinligiň, berkarar döwletiň gymmatlyklarynyň näderejede arzylydygyny şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi halkara derejede giňden bellenilýän akyldar şahyryň goşgularynda görmek bolýar:

Giňişleýin
DÖWRÜŇ BEÝIK TAGLYMATY

22.11.2024

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda» Permana gol çekmegi halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň halkara syýasy giňişliginiň ygtybarly agzasy hökmünde açyk, parahatçylyk söýüji, oňyn we aýdyň daşary syýasaty alyp barýandygyny, sebitleýin hem-de halkara derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde dünýäde uly orun eýeleýändigini, ähliumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýandygyny aýdyň görkezdi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllyk şanly senesiniň dabarasyny belende göterdi.

Giňişleýin
AKYLDAR ŞAHYRYŇ BEÝIK SARPASY

20.11.2024

Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li «Pä­himpaý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly» diý­lip yg­lan edi­len 2024-nji ýy­lyn­da be­ýik söz us­sa­dy­nyň dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy­ny giň­den wa­gyz et­mek, Gün­do­gar halk­la­ry­nyň dil­le­ri­niň we ede­bi­ýat­la­ry­nyň öza­ra bag­la­ny­şy­gy­ny, şa­hy­ryň döw­let­li­li­gi ös­dür­mek­de eýe­le­ýänor­nu­ny,umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň gen­ji-ha­zy­na­sy­na go­şan go­şan­dy­ny öw­ren­mek bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­ly­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan be­ýik söz us­sa­dy­nyň baý me­de­ni mi­ra­sy­nyň öwre­nil­me­gi­ne, giň­den wa­gyz edil­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li okt­ýabr aýy­nyň 11-ne paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len «Döwür­le­riňwe si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň öza­ra ara­bag­lany­şy­gy—pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň bin­ýa­dy» at­ly hal­ka­ra fo­rum uly üs­tün­lik­le­re bes­len­di. Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­li fo­rum ýurt­la­ryň we halk­la­ryň arasyn­da dost­luk­ly, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­naşyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da, öza­ra hor­mat goý­ma­ga, yna­nyş­ma­ga, ýo­ka­ry yn­san­per­wer gym­mat­lyk­la­ra esas­lan­ýan ne­ti­je­li hyz­matdaş­ly­gy ös­dür­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe bol­dy.

Giňişleýin
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY— ROWAÇ TUTUMLARA BADALGA

18.11.2024

Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahatlar köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi häkimiýet bilen halkyň bitewüligini, raýatlarymyzyň watansöýüjiligini, il-ýurt bähbitli çözgütleri ara alyp maslahatlaşmaga bolan jogapkärçiligini, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan beýik ynamyny, belent sarpasyny aýdyňlygy bilen görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda», «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda», «Ýurdumyzyň raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak, hormatly atlary dakmak hakynda» Permanlary halkymyz tarapyndan uly goldaw tapdy we çäksiz buýsanç döretdi.

Giňişleýin
TÜRKMENISTAN – ATA MEKAN GARAŞSYZ

16.11.2024

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyzyň ykbalynyň özgermegine eden täsiri uludyr. 1991-nji ýylyň sahawatly güýzünde türkmen halky döwletliligiň, erkinligiň, galkynyşyň aýdyň ýoluna düşüp, ata-babalarymyzyň arzuwlan berkarar döwletine eýe boldy. Garaşsyzlygyň ilkinji gününde ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, jebislik, milli demokratik ýol­-ýörelgelerini döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde saýlap aldy. Bu ýol­-ýörelgeler dünýäniň ähli döwletleri tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy. Taryh üçin gysga döwrüň içinde ýurdumyzda asyrlara barabar amal edilen iş ler onuň abraý­mertebesini ýokary belent lik lere ýetirdi. Bu üstün lik ler milli Garaşsyzlygyň täze, ak ýolunda ynamly gadam urýan ýurdumyz üçin adamzat ýaşaýşynyň umumy öýi bolan Ýer togalagynda bagtyýar ýaşaýşyň gapysyny açdy.

Giňişleýin
TARYHY MASLAHAT — TÄZE ÖSÜŞLERE BADALGA

14.11.2024

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Py­ra­gy» ýy­lyn­da, mu­kad­des döw­let Ga­raşsyz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­ly­gy­nyň da­ba­ra­ly baýram edil­ýän gün­le­rin­de paý­tag­ty­myz­da­ky Mas­la­hat köş­gün­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çi­ri­len Türk­me­nis­tanyňHalk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si uly üs­tün­li­kle­re bes­le­nip, tä­ze ösüş­le­re ba­dal­ga ber­di. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň bu mej­li­si hem hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň, bi­te­wü­li­gi­niň, pa­ra­hat­çy­lyk we yn­san­perwer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly bo­lup, oňyn öz­gert­me­le­riň, tä­ze­le­ni­şiň ýo­lun­dan ynam­ly öňe bar­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň ny­şa­ny­na öw­rül­di. Bu iri sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik çä­re hal­ky­my­zyň «Ag­zy­bir­lik döw­let­li­li­giň al­tyn aça­ry­dyr» diýen pä­hi­mi­niň do­wa­mat-do­wam­dy­gy­ny ýe­ne bir ge­zek aý­dyň gör­kez­di.

Giňişleýin
SPORT ULGAMYNYŇ HUKUK BINÝADY

12.11.2024

Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, beden we ruhy taýdan kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, sporty ösdürmek boýunça başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde has-da rowaçlanýar. Bu gün eziz Diýarymyzda sport ulgamyny has-da kämilleşdirmek hem-de ösdürmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarda yzygiderli ýeňiş gazanyp, Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrmagy hem uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barlan binýatlaýyn işleriň, oýlanyşykly özgertmeleriň miwesidir. Islendik işiň düýpli we uzak möhletli bolmagy onuň kanunçylyk binýadynyň kämilligine baglydyr.

Giňişleýin
SAHAWATLY IŞLER ÝÜREKLERDE ÝAGŞY TÄSIRLERI OÝARÝAR

10.11.2024

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde: «Çaganyň dünýä inen gününden başlap, döwletimiz ýaş raýatyny alada bilen gurşap alýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi bolsa ýaş nesliň saglygy hakyndaky düýpli aladalaryň ýene-de bir aýdyň mysalydyr» diýip, parasatlylyk bilen nygtaýar. Mälim bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelen ýän we bilim alýan, şeýle-de Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldip, bejergi alýan çagalara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan dürli datly miwelerden, süýjüliklerden, beýleki naz-nygmatlardan ybarat bolan sowgatlar gowşuryldy.

Giňişleýin