Habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.01.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de taýýarlanylan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, Mejlisiň deputatlarynyň öňünde goýlan maksatnamalaýyn wezipeleri amala aşyrmak hem-de milli kanunçylygy döwrüň talabyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna kybap getirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Hereket edýän kanunlary döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalaryna seljerme berildi. Mejlisiň deputatlary ýerlerdäki duşuşyklarda wagyz işlerini geçirýärler.
Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna iş sapary
20.01.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitleri ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasyny içerki sarp edijilere we beýleki döwletlere ibermek bilen baglanyşykly wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz irden paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip, bu ýerden uçarda ýurdumyzyň demirgazyk sebitine tarap ugrady.
Biraz wagtdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Daşoguz şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde milli Liderimizi sebitiň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda ýerleşýän, güýjenmesi 500 kilowolt bolan Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşyk meýdançasyna tarap ugrady.
Giňişleýin
«Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynyň meseleleri hakyndaky» Karary
20.01.2022
“Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 4-nji martynda çykaran 1160-njy Kararyny ýerine ýetirmek, şeýle hem bu merkeziň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, buýrujylar bolan degişli edaralara, kärhanalara we guramalara:
— Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 23-nji awgustynda çykaran 1377-nji, 2019-njy ýylyň 8-nji noýabrynda çykaran 1487-nji, 2019-njy ýylyň 25-nji noýabrynda çykaran 1506-njy, 2020-nji ýylyň 15-nji maýynda çykaran 1765-nji, 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde çykaran 2227-nji Kararlaryna laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada baglaşan degişli şertnamalaryna, şol şertnamalaryň esasynda gurulýan binalaryň we desgalaryň ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylmaly möhletini 2022-nji ýylyň dekabr aýyna çenli uzaltmak barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga;
Giňişleýin
«Türkmen atlary» döwlet birleşigine pul serişdelerini bölüp bermek bellenildi
20.01.2022
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň atçylyk toplumlaryny döwrebaplaşdyrmaga, atlaryň saklanyş şertlerini we tohumçylyk işini has-da kämilleşdirmäge, atçylyk sportuny we seýisçilik sungatyny ösdürmäge hem-de atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga “Türkmen atlary” döwlet birleşigine pul serişdelerini bölüp bermek bellenildi.
Türkmenistanyň Merkezi bankyna şu pul serişdelerini Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerinden ýörite hasaba geçirmek tabşyryldy.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary
20.01.2022
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek hakynda
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» atly şygar astynda geçýän 2022-nji ýyla — berkarar döwletimiziň täze eýýamyna aýdyň maksatlar, uly ruhubelentlik bilen gadam basdy.
Täze eýýamda mähriban Watanymyzy geljek 30 ýylda syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny, şeýle hem döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleleri jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda ara alyp maslahatlaşmak üçin, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty karar edýär:
Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy
19.01.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna degişli meseleler bilen tanyşmak üçin ak mermerli paýtagtymyzyň demirgazyk künjegine geldi.
Döwlet Baştutanymyz “Aşgabat-siti” ýaşaýyş toplumynyň dürli maksatly desgalarynyň gurulmagy üçin seçilip alnan ýerleriň derejesini hem-de bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryny synlady. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Munuň özi dürli maksatly binalaryň taslamalary taýýarlanylanda we gurluşyk işlerinde nazara alynmaly esasy şertleriň biridir.
Häzirki wagtda milli Liderimiziň başlangyjy we yzygiderli tagallasy netijesinde paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, adamlar üçin has amatly durmuş şertleriniň döredilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde görkezilýän taslamalar, dürli maksatly binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
18.01.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, bu sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.
Irden döwlet Baştutanymyz bu iri möçberli gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilýän ýerine tarap ugrady.
Häzir Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler döwrüň talabyna laýyk derejede, ýokary depginde alnyp barylýar. Munuň özi milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitleri, şol sanda Ahal welaýaty durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
17.01.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Gün tertibine welaýatlaryň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri girizildi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, Ministrler Kabinetiniň geçen hepdede geçirilen mejlisinde «Welaýatlar boýunça 2022-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakynda» hem-de «Türkmenistanda 2022-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda» Kararlaryň, şeýle hem “Welaýatlar hem-de etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklamak hakynda” Buýrugyň kabul edilendigini belledi.
Giňişleýin
Türkmenistana Owganystanyň wekiliýeti sapar bilen geldi
15.01.2022
Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza gelen owgan wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki goňşy ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatda pikir alyşdylar.
Taraplar ýurdumyzyň wekiliýetiniň Owganystana bolan birnäçe saparlarynyň dowamynda geçirilen türkmen-owgan gepleşikleriniň netijeliligini belläp, döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky diplomatik dialogyň ähmiýetli ornuny nygtadylar.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.01.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzda döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadyny döretmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirmek hem-de Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglylykda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Deputatlar düzümi milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli döwlet maksatnamalaryny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýady üpjün etmäge gönükdirilen täze kanunlary işläp taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam edýärler. Işlenip taýýarlanylýan kanunlaryň, resminamalaryň taslamalarynyň hatarynda “Itçilik we kinologiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy bar. Şeýle hem döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.
Giňişleýin
Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
13.01.2022
«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy we 72-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:
Ýusup Nurmämmedowiç Begjanowy Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;
Daýanç Arazbaýewiç Saparowy Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa bäşinji hünär derejesini bermeli;
Begenç Annaýewiç Mämmedowy Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa bäşinji hünär derejesini bermeli;
Parahat Sylapberdiýewiç Çaryýewi, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;
Giňişleýin
W.Ataýew içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi
12.01.2022
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, polisiýanyň podpolkownigi Myrat Babagulyýewiç Babagulyýew Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, polisiýanyň maýory Wepaly Durdymuhammedowiç Ataýew Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, polisiýanyň maýory Merdan Tejenmyradowiç Muhammetmyradow Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesine bellenildi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
12.01.2022
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy we bu düzümleriň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.
Ilki bilen, goranmak ministri B.Gündogdyýew 2021-nji ýylda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň goranyş ukybyny hem-de milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol hormatly Prezidentimiziň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýokary derejeli harby hünärmenleri taýýarlamak hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça hasabat döwründe görlen çäreler barada aýtdy. Hasabatda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylygy mynasybetli her ýylda geçirilýän dabaraly harby ýörişe ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly maglumatlar hem beýan edildi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
10.01.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda başlanan täze, 2022-nji ýylda sanly ulgam arkaly ilkinji iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, bilim ministri we Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.
Maslahatda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde durmuşa geçirilýän özgertmeleri amala aşyrmak boýunça meselelere garaldy. Şeýle hem ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi, gowaçadan boşan ýerlerde ýeralma, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek ugrunda görülýän taýýarlyk işleri, güýzlük ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna, ilki bilen, wise-premýer Ç.Purçekowy we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowy çagyrdy.
Giňişleýin
Awiasiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy
08.01.2022
«Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna hem-de «Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran 1771-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Awiasiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
Giňişleýin