Habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.08.2021
P.A.Gurýewa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady dakmak hakynda
Türkmen sportunyň halkara abraýyny belende götermekde bitiren uly hyzmatlaryny, okuw-türgenleşik işlerinde aýratyn tapawutlanandygyny, 2021-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orny eýeländigini hem-de gazanan ýokary netijelerini nazara alyp, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Polina Aleksandrowna Gurýewa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.08.2021
A.A.Saryýewi Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda
Garaşsyz Türkmenistanyň sport abraýyny ýokarlandyrmaga we dünýä ýaýmaga, ýurdumyzda sporty ösdürmäge, türkmen sportunyň inçe tälimlerini we nusgalyk ýollaryny ýaş nesillere öwretmäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan we baýrakly orunlary eýelän türgenleri taýýarlamaga goşan aýratyn şahsy goşandyny, döwlet we jemgyýetçilik işlerinde gazanan uly üstünliklerini hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy Ahmet Akmuradowiç Saryýewi Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Giňişleýin
Resmi habar
23.08.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga, halkara sport ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan ýokary netijelerini dünýä ýaýmaga, sport abraýyny belende götermäge, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga goşan şahsy goşandyny hem-de 2021-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda gazanylan ýokary üstünlikleri nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan:
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.08.2021
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşy bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlis başlanmazdan öň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada maglumat berdi.
Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň dürli ulgamlaryny öz içine alýan täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak hem-de ozal hereket edýän kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam edýär. Işlenip taýýarlanylan hukuk resminamalaryny ara alyp maslahatlaşmak hem-de kabul etmek üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 15-nji maslahatyny 2021-nji ýylyň 28-nji awgustynda geçirmek meýilleşdirildi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany H.S.Rejepmyradow hakynda
21.08.2021
Hajymuhammet Saparmuhammedowiç Rejepmyradowy Türkmenistanyň energetika ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň energetika ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 20-nji awgusty.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary
21.08.2021
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Hywalyýewiç Purçekow Türkmenistanyň energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Döwletmyradowiç Saparow Türkmenistanyň energetika ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.
***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda gurluşyk we senagat pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmen kaolin” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjy hökmünde Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkan kän müdirligine – esaslyk maýadaky paýy 49 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.
Giňişleýin
Resmi habar
19.08.2021
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Şöhrat Durdykulyýewiç Jumaýew başga işe geçmegi sebäpli, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili hem-de Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky wekili wezipelerinden boşadyldy.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ş.D.Jumaýew hakynda
19.08.2021
Şöhrat Durdykulyýewiç Jumaýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Portugaliýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 18-nji awgusty.
Giňişleýin
Türkmenistan parahatçylyk dörediji ýurtdur
17.08.2021
Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlary — dünýäde ählumumy parahatçylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy dowam etmek, mähriban Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy baradaky aladalar beýanyny tapdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda täze gurlan möhüm desgalaryň ulanylmaga berilmegi eziz Diýarymyzyň ösüşiniň täze, nobatdaky sepgitleriniň aýdyň subutnamasy boldy.
Giňişleýin
Mälikguly Berdimuhamedowyň ömri — merdanalygyň nusgalyk mekdebi
13.08.2021
Şu gün paýtagtymyzdaky ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminde «Merdanalyk mekdebi» ady bilen dabaraly çäre geçirildi. Ol içeri işler edaralarynyň hormatly weterany, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlandy.
Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri, harby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, Içeri işler edaralarynyň weteranlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, görnükli ýazyjylar hem-de ugurdaş düzümleriň döredijilik toparlary gatnaşdylar.
Giňişleýin
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň täze binalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
12.08.2021
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň täze harby bölüminiň hem-de Döwlet serhet gullugynyň serhet galasynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanan hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Milli goşunymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meseleleri döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar.
Giňişleýin
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň merdana suw hojalyk işgärlerine we ähli oba zähmetkeşlerine
11.08.2021
Hormatly oba zähmetkeşleri!
Gadyrly suw hojalyk işgärleri!
Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda göwrümi 18 million kub metr bolan täze suw howdanynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Giňişleýin
Eksport geleşikleriniň arasynda nebithimiýa we tekstil önümleri öňdeligi eýeleýär
10.08.2021
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 115-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Gonkongyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, gyzdyrylan nebit koksuny, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, az kükürtli mazuty satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurtly işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, ECO-93 kysymly awtobenzini, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny satyn aldylar.
Giňişleýin
Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçdi
07.08.2021
Şu gün Hazaryň kenaryndaky Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji Konsultatiw duşuşygy geçirilýär. Awaza Kongres merkezi iň ýokary derejedäki bu forumyň geçirilýän ýeri boldy. Oňa gatnaşmak üçin, biziň ýurdumyza Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kassym-Jomart Tokaýew, Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Täjigistan Respublikasyndan Prezidenti Emomali Rahmon dagy biziň ýurdumyza geldi.
Giňişleýin
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary konsultatiw duşuşyga gatnaşmak üçin ýurdumyza geldiler
07.08.2021
6-njy awgustda Türkmenistanda, Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirilýär. Ol köpugurly sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, ony häzirki döwrüň talaplaryna hem-de bar bolan mümkinçiliklerine laýyk gelýän täze belentliklere çykarmaga gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, sebit boýunça goňşular bilen dostluk gatnaşyklaryny hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ikitaraplaýyn, şonuň ýaly-da köpugurly görnüşde deňhukukly we ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary ählitaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Giňişleýin