Metbugat neşirleri
DURMUŞA SÖÝGINIŇ GÖZBAŞY
28.03.2022
Aslyny gadymyýetden alyp gaýdýan halkymyz saglyga hem-de sagdyn ýaşaýşa aýratyn üns berip, çagalaryň kiçilikden arassaçylyk kadalaryna eýermeklerini, dogry iýmitlenmeklerini, bedenlerini taplap gezmeklerini gazanypdyrlar. Ajaýyp döwrümizde hem eziz Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän işleriň esasynda bu kadalaryň gitdigiçe kämilleşip, döwrebaplaşýandygynyň şaýady bolýarys. Çünki raýatlaryň saglygy döwletimizde ileri tutulýan wajyp mesele bolup durýar.
Giňişleýin
TÄZE DÖWÜR — TÄZE SEPGITLER
25.03.2022
Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty dünýä dolup, halkara bileleşikde mynasyp orun aldy. Aýratyn bellemeli ýeri-de, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen amala aşyrylýan beýik işleriň diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilýänligidir.
Giňişleýin
TERBIÝE MUKADDESDIR
14.03.2022
Şahsyýetiň ahlak kadalaryna laýyklykda, daş-töwereginde bolup geçýän zatlara baha bermegi we şoňa görä hereket etmegi netijesinde adamyň ahlak keşbi kemala gelýär. Ýokary ahlakly adam her hili kyn şertlerde hem ejizlemän, halal ýaşamaga çalyşýar, arassa gazanjynyň hasabyna eklenýär, şol ruhda hem çagalaryny terbiýeleýär, elmydama döwletiň kanunlarynyň öňünde şahsy jogapkärçiligini duýup, olara hormat goýup ýaşaýar hem-de kanunyň talaplaryny gyşarnyksyz berjaý edýär. Şeýle ýokary ahlakly halkyň döwlet binýady hem berk bolýar. Bu ugurda hormatly Arkadagymyzyň bitiren beýik işleri bu gün halkymyzyň durmuşynda has aýdyň duýulýar.
Giňişleýin
KANUNA HORMAT — RAÝATLYK BORJUMYZ
10.03.2022
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmaga aýratyn uly ähmiýet berilýär.
«Gallup» halkara barlaglar merkezi tarapyndan kanunyň we tertibiň düzülen indeksiniň esasynda, raýatlaryň harby we hukuk goraýjy edaralaryna ynamyna, şahsy howpsuzlyk ýagdaýyna, jenaýatçylykly we terrorçylykly wehimleriň aradan aýrylmagy bilen bagly statistika esaslanýan jemgyýetçilik pikir soraşmalarynyň netijesi boýunça Türkmenistanyň dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýlip yglan edilmegi hem ýurdumyzda bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligini görkezýär.
Giňişleýin
BAŞYMYZYŇ TÄJI WATAN
07.03.2022
Ajaýyp zamanamyzda halkymyz ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar, röwşen geljegine buýsanyp ýaşaýar. Halkymyz ata Watany — Garaşsyz we baky Bitarap döwletimizi söýüp, oňa buýsanyp, başynyň täjine deňeýär. Paýhasly pederlerimizem ata Watanyň mukaddesligi we onuň beýikligi barada dür dänesi ýaly pähimleri nesillerine miras goýup, Watanyň gymmatyna akyl ýetirmekligi we onuň her daban ýerini gözüň göreji deýin goramaklygy wesýet edipdirler.
Giňişleýin
WATANYMYZ — BUÝSANJYMYZ
04.03.2022
2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde gol çekilen il-ýurt bähbitli resminamalar, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň her bir ynsan üçin nusga alarlyk çuňňur manyly çykyşy halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döretdi.
Milli Liderimiz: «Biziň ählimizi bir belent maksat birleşdirýär, ol hem nirede, haýsy wezipede bolanyňda hem, ähli ukyp-başarnygyň, zehiniň, zähmetiň bilen mukaddes Watanymyzyň ösüşine goşant goşmak, ýürek yhlasyň bilen halka hyzmat etmek maksadydyr. Halka gulluk etmek — Haka gulluk etmek! Men bütin ömrümiň manysyny eziz Watanymyza, mähriban halkymyza hyzmat etmekde görýärin» diýen sözleri hemmeler üçin, ilkinji nobatda, Watan goragçylary üçin watansöýüjilik mekdebine öwrüldi.
Giňişleýin
TÜRKMENISTANYŇ KANUNÇYLYGY BOÝUNÇA MAŞGALA GORAGLYLYGYNYŇ KEPILLIKLERI
28.02.2022
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 16-njy noýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek we ahlak taýdan ösdürmäge ýardam edýän milli maşgala gymmatlyklaryny wagyz etmek boýunça çäreleri geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.
Maşgala jemgyýetçilik durmuşy babatda çözülýän meseleleriň – ykdysadyýeti kämilleşdirmek, medeniýeti ösdürmek, durmuşy gowulandyrmak ýaly wezipeleriň tutuş toplumy bilen berk baglydyr. Bu arabaglanyşyk ikitaraplaýyn häsiýete eýedir: bir tarapdan, jemgyýetçilik durmuşy maşgala babatda kesgitleýji bolsa, beýleki ta
Giňişleýin
MYNASYP TERBIÝE — DÖWRÜŇ TALABY
25.02.2022
«Çagany başdan» diýýän pederlerimiz çaga terbiýesine onuň enesiniň göwresinde wagty başlamalydygyny, şol päkize çaga doglandan soň bolsa, terbiýäni has hem kämilleşdirmelidigini tekrarlapdyrlar. Çaga eşidýän sözlerinden, şeýle hem görýän zatlaryndan has köp terbiýe alýar. Ene-atasynyň, doganlarynyň hereketlerini gaýtalap, öz häsiýetine ornaşdyrýar.
Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz,
Märekede otur-turuşyn görüň —
diýýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem öz şygyrlary arkaly her bir ene-atanyň çagasynyň terbiýesine jogapkärçilikli çemeleşmelidigini, ýaş nesliň geljekde nähili şahsyýet boljakdygynyň onuň terbiýesine baglydygyna ünsi çekipdir.
Giňişleýin
BUÝSANJYMYZYŇ ÇÄGI ÝOK
07.02.2022
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda toýlar toýa ulaşýar. Şeýle şanly seneleriň biri hem her ýylyň 27-nji ýanwarynda uly dabara bilen bellenilýän Watan goragçylarynyň günüdir.
Giňişleýin
ÖÝLI BOLMAK BAGTY
31.01.2022
Bagtyýarlyk döwrüniň ähli ýyllaryna mahsus bolşy ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem toýlar-toýa ulaşýar. «Watan goragçylarynyň güni» mynasybetli Daşoguz şäherinde prokuratura edaralarynyň işgärleri üçin 2 sany 16 öýli 4 gatly täze ýaşaýyş jaýy gurlup, ulanylmaga berildi.
Bu täze ýaşaýyş jaýyndan öýli bolmak bagtynyň nesip edendigine buýsanjym çäksizdir. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri, harby gullukçylary we olaryň maşgala agzalary barada hemişe alada edilýär. Olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, oňat dynç almaklary, yhlasly zähmet çekip, Watana gulluk edip, uly üstünlikleri gazanmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu bimöçber tagallalar bizi mundan beýläk-de ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmak ugrunda jan aýaman, ak ýürekden zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Giňişleýin
MAŞGALANYŇ GORAGLYLYGYNYŇ DÖWLET KEPILLIKLERI
17.01.2022
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz durmuş-ykdysady taýdan täze sepgitlere eýe bolmak bilen, ruhy galkynyşy hem başdan geçirdi. Milli däp-dessurlarymyz, ýagşy edim-gylymlarymyz halkymyzyň gündelik durmuşyna ornaşdy, milli baýramlarymyz gaýtadan dikeldildi.
Adamzat özüniň uzak taryhy ýolunda maşgala bolup ýaşamaga uly sarpa goýup gelipdir. Maşgala - adamzadyň hojalyk döretmeginiň, öz durmuşyny ýöretmeginiň çaga terbiýelemeginiň esasy binýady bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Biz maşgala gymmatlyklaryna aýratyn üns berýäris. Ýaşlarymyzyň belent ahlak sypatlary şol gymmatlyklar esasynda kemala gelýär. Çagalarda milli buýsanjy, beýleki halklara hormat goýmak, Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazanan üstünliklerine sarpa goýmak duýgularyny terbiýelemek maşgaladan başlanýar. Şoňa görä-de, maşgala gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, onuň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen, jemgyýetçilik pikirini öwrenip, Türkmenistanyň Maşgala kodeksine häzirki döwrüň talaplaryna esaslanýan degişli üýtgetmeleri girizsek, dogry bolar diýip hasap edýärin» diýen sözleri maşgalanyň hukuk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Giňişleýin
ÇAGA HUKUKLARYNYŇ GORAGLYLYGY
13.01.2022
Ýurdumyzda çagalaryň goraglylygy döwlet tarapyndan kepillendirilendir. «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenilişi ýaly, on sekiz ýaşyna ýetmedik adam çaga hökmünde ykrar edilip, belli bir hukuga eýe bolmak ukyby onuň doglan pursadyndan ýüze çykýar.
Giňişleýin
KANUNÇYLYK NAMALARDA MILLI ÝÖRELGELER
07.01.2022
Jemgyýetiň we döwletiň hemmetaraplaýyn kämil ösüşinde esasy wezipe onuň kanunçylyk namalarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämil bolmagydyr. Kanunlaryň kämil bolmagyny gazanmak üçin olarda raýatlaryň erk-islegi beýan edilip, halkyň aňyýetini, medeniýetini we däp-dessurlaryny özünde jemleýän milli ýörelgeler göz öňünde tutulýar. Şahsyýet, onuň hukuklary we erkinligi biziň jemgyýetimiziň baş gymmatlygydyr. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar döwletimiziň gurluşynda esasy ýörelgedir.
Giňişleýin
DÖWRE BUÝSANÇ – ZÄHMETE HYJUW
04.01.2022
— Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesi, etrap polisiýa bölümi, etrap prokuraturasy bilen bilelikde guramagynda Bäherden etrabynyň medeniýet öýünde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Maslahatda ýurdumyzda ýiti öýken sowuklama keselini dörediji ýokanja garşy geçirilýän öňüni alyş çäreleri barada söz açylyp, arassaçylygyň talaplaryny berjaý etmegiň, agyz-burun örtüklerini ulanmagyň, degişli howpsuz araçägi saklamagyň, sagdyn iýmitlenmegiň ähmiýeti bellenildi.
Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzda ynsan saglygy we olaryň bagtyýar durmuşy ugrunda bimöçber tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Giňişleýin
JAN WATANYM TÜRKMENISTAN!
31.12.2021
Haçan-da, söýgi kalbyňda ýandyryjy ataş ýaly güýçli, garly daglar ýaly elýetmez, Garagum sährasy ýaly uç-gyraksyz, däli deňizler ýaly ümmülmez bolanda, ony söz bilen beýan edip, göz bilen görüp bolmaýar. Şeýle beýik hem mukaddes söýgini diňe ýüregiň bilen duýup bolýar. Göbek ganyň daman mukaddes topragyna, Watanyna bolan söýgi-de her bir türkmen üçin şeýle keramatly, belent, taýsyz we beýanyna söz ýetmez, aňyrsyna göz ýetmez gudratly duýgudyr.
Gahryman Arkadagymyzyň ähli türkmen halkyna, ýaşlara atalyk pendi hökmünde sargan: «Ata Watanyň bähbitlerini ähli zatdan ileri tutýan mert, edermen, lebzi halal, gujur-gaýratly ogul-gyzlardygyňyzy, Oguz han Türkmeniň, Görogly beg Türkmeniň, Çagry beg Türkmeniň, Togrul beg Türkmeniň, Alp Arslan Türkmeniň, Soltan Sanjar Türkmeniň, Keýmir serdaryň mynasyp nesilleridigiňizi hiç wagt ýatdan çykarmaly dälsiňiz» diýen keramatly sözleri bolsa şu günki ýaşlar üçin ýörelge sözleri bolup durýar.
Giňişleýin