Metbugat neşirleri
ZENANLARYŇ HUKUK GORAGLYLYGY
15.08.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklary hem-de azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.
2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasy kabul edildi. Onuň maksady jemgyýetiň ýaşaýşynyň dürli ugurlarynda gender deňliginiň üpjün edilmegi we durmuşyň ähli ulgamlarynda aýallaryň hem-de erkekleriň şahsy mümkinçilikleriniň doly durmuşa geçirilmegine gönükdirilen şertleriň döredilmegidir.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 29-njy maddasynda: «Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşа geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr» diýlip kesgitlenilýär.«Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda agzalan konstitusion ýörelge anyk kanunçylyk kadalary hem-de olary amala aşyrmagyň guramaçylyk usullary bilen üpjün edilýär.
Giňişleýin
ÝERLI ÖZ-ÖZÜŇI DOLANDYRYŞA BOLAN HUKUGYŇ DÖWLET KEPILLIKLERI
12.08.2023
Her bir döwletiň häkimiýet edaralary bilen ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň bähbitlerini sazlaşykly ösdürmek, raýatlaryň hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek ýaly syýasy wezipeleri bolup, olar bu ugra gönükdirilen ýörite döwlet institutlary tarapyndan amala aşyrylýar. Häzirki döwürde agzalan wezipeleri durmuşa geçirýän edaralary kämilleşdirmek, olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, halk häkimiýetiniň esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda uly işler edilýär. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi we halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň döredilmegi bu ugra gönükdirilen işlerde ähmiýetli orun eýeleýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň şu ýylyň 20-nji aprelindäki mejlisinde eden çykyşynda degişli edaralara ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, Geňeşleriň Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary arkaly üstlerine ýüklenen ygtyýarlyklaryny talabalaýyk ýerine ýetirmeklerini üpjün etmek maksady bilen, raýat jemgyýetini yzygiderli ösdürmek üçin degişli işleri geçirmek, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça beren tabşyryklary döwletimizde wajyp ähmiýete eýe bolan bu edaranyň esaslanýan ýörelgelerine pugta eýerýändiginiň anyk güwäsine öwrüldi.
Giňişleýin
MAŞGALA MUKADDESLIGI GORALMALYDYR
08.08.2023
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda jemgyýetimizde amala aşyrylýan düýpli özgert- meler ata Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça ösüşözgerişli ýoluna kuwwatly itergi berýär. Raýat jemgyýetimizde kanunlaryň hökmürowanlygynyň üpjün edilmeginde, hukuk we maşgala gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginde netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Giňişleýin
BAGTYÝAR DÖWRÜŇ HÖZIRI
05.08.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilikli zähmet ynsany bezeýär, ýaşaýşymyzy gözelleşdirýär. Zähmet döwletiň ösüşleriniň kepili bolup, ýurduň öňe ilerlemegine itergi berýär. Zähmet çekmek bilen adam öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirýär, sagdyn, ruhubelent ýaşaýar. Şonuň üçin zähmete söýgi bilen çemeleşmek her bir ynsanyň borjy bolup durýar. Belli bir käriň eýesi, öz saýlan hünäriniň ussady bolmak ynsany abraý-mertebä ýetirýär. «Hünär adamy däl-de, adam hünäri bezeýär», «Hünärli ýigit hor bolmaz», «Ýigide müň dürli hünär hem azdyr» diýlişi ýaly, hünär ynsany goldaýar, hor etmeýär. Islendik hünärde işläniňde, edýän işiňe hormat goýmaly, ony kämilleşdirmeli, halal zähmetiň bilen abraý almaga çalyşmaly. Şeýle edilende ynsanyň il içindäki hormat-sylagy has-da artýar, döwlet derejesinde abraýy beýgelýär.
Giňişleýin
ÝAŞLAR HAKDA ALADA DÖWLET SYÝASATYNYŇ ESASY UGURLARYNYŇ BIRI
02.08.2023
Ýurdumyzda ýaşlaryň bilim almaga bolan konstitusion hukuklarynyň durmuşa geçirilmegine uly üns berilýär. Bu hukuk birnäçe kanunçylyk namalarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Şu ýerde Türkmenistanyň Maşgala kodeksine, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna we beýleki kanunçylyk namalaryna salgylanyp bileris. Bilim ulgamyny düzgünleşdirýän esasy kanunçylyknamasy «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Kanunyň 4-nji maddasynda ýurdumyzyň raýatlarynyň bilim hukuklarynyň döwlet kepillikleri giňişleýin beýan edilýär. Türkmenistanyň raýatlaryna milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine,diline, dine bolan garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara, şeýle hem ýaşyna we saglyk ýagdaýyna garamazdan, "bilim almak mümkinçiligi kepillendirilýär.
Giňişleýin
BAŞ MAKSAT – HALKYŇ BAGTYÝAR DURMUŞY
30.07.2023
Ajaýyp döwrümizde ýurdumyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Halkyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakyndaky alada döwlet syýasatymyzda hemişe öňe sürýän baş maksadymyzdyr» diýen parasatly sözleri taryhy eýýamymyzda özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmakda, sporty ösdürmekde döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan işler hem barha giň gerime eýe bolýar. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen sport desgalarynda türgenleşikleri geçýän, sportuň dürli görnüşleri boýunça özara ýaryşlary guraýan dürli kärdäki, dürli ýaşdaky adamlary göreniňde, guwanjyň, buýsanjyň artýar. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetimizde mäkäm ornaşmagy, ilkinji nobatda, iň gymmatly baýlyk hasaplanylýan ynsan saglygynyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Giňişleýin
BAGTYÝARLYGYŇ BEÝANY
27.07.2023
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 23-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, şu ýylyň 17 — 19-njy maý aralygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynda Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň hatyrasyna Türkmenistanyň bu ýurtdaky ilçihanasynyň wekilleri, şäher häkimliginiň, medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň köpsanlysy tarapyndan zyýaraty amala aşyrdylar. Bu bolsa türkmen akyldarynyň edebi mirasynyň ähmiýeti we onuň dünýä ýüzünde wagyz edilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçilikleriniň aýdyň şaýadydyr.
Giňişleýin
DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLY
25.07.2023
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen adamzadyň bagtyna gönükdirilen dünýä nusgalyk syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz Türkmenistan iň sagdyn we bagtyýar adamlaryň ýaşaýan mekanyna öwrüldi. Ýurdumyzyň iň çetki obalaryny hem öz içine almak bilen bina edilen häzirki zaman mümkinçilikli sport-sagaldyş desgalary halkymyza sagdyn durmuşda, arassa we bagtyýar ýaşamagyň medeniýetini getirdi Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esasynda durnukly ösüşi ilerletmekdäki umumyadamzat bähbitli parasatly tagallalary hem hut ynsanlaryň sagdyn gurşawda, medeniýetli jemgyýetde, ösen ykdysadyýetli bolçulykda bagtyýar durmuşyň hözirini görmeklerine gönükdirilendir.
Giňişleýin
BAGTYÝAR DÖWRÜŇ HÖZIRI
23.07.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilikli zähmet ynsany bezeýär, ýaşaýşymyzy gözelleşdirýär. Zähmet döwletiň ösüşleriniň kepili bolup, ýurduň öňe ilerlemegine itergi berýär. Zähmet çekmek bilen adam öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirýär, sagdyn, ruhubelent ýaşaýar. Şonuň üçin zähmete söýgi bilen çemeleşmek her bir ynsanyň borjy bolup durýar. Belli bir käriň eýesi, öz saýlan hünäriniň ussady bolmak ynsany abraý-mertebä ýetirýär. «Hünär adamy däl-de, adam hünäri bezeýär», «Hünärli ýigit hor bolmaz», «Ýigide müň dürli hünär hem azdyr» diýlişi ýaly, hünär ynsany goldaýar, hor etmeýär. Islendik hünärde işläniňde, edýän işiňe hormat goýmaly, ony kämilleşdirmeli, halal zähmetiň bilen abraý almaga çalyşmaly. Şeýle edilende ynsanyň il içindäki hormat-sylagy has-da artýar, döwlet derejesinde abraýy beýgelýär.
Giňişleýin
HUKUK DÖWLETIMIZIŇ DEMOKRATIK ÝÖRELGELERI
21.07.2023
Ata Watanymyzda döredilen kämil hukuk döwleti hem-de raýat jemgyýeti sazlaşykly bir bütewi ulgamy emele getirip, ýurdumyzda syýasy durnuklylygy, ykdysady ösüşi üpjün edýär. Biziň ýurdumyzda hukuk döwletiniň we raýat jemgyýetiniň özara baglanyşygy demokratik döwleti gurmaga gönükdirilendir.
Türkmenistanda hukuk döwleti bilen raýat jemgyýetiniň sazlaşykly hereket etmeginiň birnäçe aýratynlyklarynyň bardygyny aýratyn bellemek gerek.
Giňişleýin
SAGDYNLYGYŇ SAKASY, ROWAÇLYGYŇ BINÝADY
18.07.2023
Köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly tutuş jemgyýetiň hem- de her bir raýatyň sagdynlygyny gazanmak hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda binýadyny goýan ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Ulgamyň kanunçylyk hem-de maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar.
Giňişleýin
DÖWLETLI IŞLER — HALKYŇ BÄHBIDINE
15.07.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan taryhy işler halkymyzyň arzuw-islegleriniň durmuşa geçirilmeginiň aýdyň nyşanyna öwrülýär.
Giňişleýin
KÄMIL KONSTITUSIÝA ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
12.07.2023
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 6-njy aprelinde geçirilen Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň birinji maslahatynda sözlän sözünde: «Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esas goýujy ýörelgelerinden, ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan kabul edilen maksatnamalardan we Kararlardan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, üstümizdäki ýylda hem ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine kanunçylyk taýdan oňyn şertleri döretmäge uly üns bermeli» diýip nygtady. Ви babatda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek, ony halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek üçin alnyp barylýan giň gerimli iş/ere aýratyn orun degişlidir
Giňişleýin
BÄHBITLI IŞE GOŞANDYMYZ
09.07.2023
Jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleriň rowaç alýan berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe neşekeşligiň we beýleki zyýanly endikleriň halkymyzyň durmuşyndan ýok bolup gitmegini gazanmak derwaýys meseleligine galýar. Sebäbi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygy bir tarapdan, jemgyýetimiziň jebisliginiň, mäkämliginiň gözbaşy bolsa, ikinjiden, halkyň saglygyny goramakda netijeli ädimdir.
Giňişleýin
PAÝTAGTYMYZ – AK BAGTYMYZ
06.07.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Çeperçilik gözelliginiň özboluşlylygy, binagärlik sungatynyň milli öwüşginliligi, tämizligi hem täsinligi bilen görenleri özüne bendi edýän paýtagtymyz ertekilerdäki şäherlerden hem zyýada keşbe eýe bolup.ynamly hem bagtly gadamlar bilen öňe barýar. Şol gözellikleriň hatarynda paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän «Ak şäherim Aşgabat» seýilgähi aýratyn orun eýeleýär. Seýilgähiň merkezindäki «Ak şäherim Aşgabat» atly ýadygärlik monumentiniň iň ýokarky böleginde ýerleşen zeýtun pudagy özüniň altyn öwüşgini bilen Aşgabadyň baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtydygyny hem-de sebitde ylalaşdyryjy merkezdigini alamatlandyrýar. Ak bagtymyz hasaplanýan paýtagtymyzda şeýle ýadygärlik toplumlarynyň, seýilgähleriň, döwrebap bina desgalaryň, köşkleriň başga-da ençemesi töweregine gözellik paýlap, görenleri haýran galdyrýar. Ýeri gelende, paýtagtymyzyň köp desgalarynyň halkara derejeli abraýly binagärlik bäsleşikleriniň baýraklaryna mynasyp bolandygyny bellemek ýakymly. Baş şäherimiziň täsin desgalarynyň ençemesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Olaryň hatarynda beýikligi 133 metre barabar bolan Baýdak sütüni, Oguzhan suw çüwdürimler toplumy, äpet sekiz burçluk görnüşindäki «Türkmenistan» teleradio ýaýlymlar merkezi, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, Aşgabadyň Halkara howa menzili, «Aşgabat» Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän dünýäde atyň iň uly binagärlik nyşany hökmünde ykrar edilen bedewiň çeper keşbi bar.
Giňişleýin