Habarlar

Resmi habarlar

07.04.2021

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2-nji derejeli ýurist Agamyrat Italmazowiç Abdyllaýew Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

07.04.2021

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem Türkmenistanda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna olaryň işini kämilleşdirmek hem-de maliýe serişdeleriniň maksada laýyk ulanylmagyna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Giňişleýin
PROKURATURA IŞGÄRLERI ÝAŞ HUKUKÇYLARYŇ HALKARA BÄSLEŞIGINDE ÝEŇIJI BOLDULAR.

05.04.2021

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda gol çeken Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan mart aýynyň 30-na wideoaragatnaşyk arkaly Ýaş hukukçylaryň arasynda halkara bäsleşigi geçirildi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi.

31.03.2021

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama bilen, “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Halmurat Parhatowiç Kurbanow Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Giňişleýin
Resmi habarlar

31.03.2021

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikleri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyny we iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeleri geçirmek, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň işine gatnaşmak hem-de Russiýa Federasiýasynyň döwlet edaralarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk barada resminamalara gol çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň degişli wekiliýetiniň agzalary 2021-nji ýylyň 30-njy marty — 2-nji apreli aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Giňişleýin
Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi

29.03.2021

Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine laýyklykda, şeýle hem Halk Maslahatynyň karary esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça Pudagara toparynyň mejlisi

25.03.2021

Şu gün Daşary işler ministrliginde adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Giňişleýin
Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynyň ýagdaýy bilen tanyşdy

19.03.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli kömekçi hojalyklarda alnyp barylýan işler we köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy.

Giňişleýin
BMG-niň Jenaýatyň öňüni almak boýunça Kongresinde Türkmenistanyň Baş prokurory çykyş etdi

18.03.2021

Baş prokuror B. Atdaýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýet boýunça 14-nji Kongresiniň 2021-nji ýylyň 7-12-nji marty aralygynda Ýaponiýanyň Kiýoto şäherinde onlaýn formatynda geçirilen işine gatnaşdy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

15.03.2021

Şu gün sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň 13-nji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek baradaky toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Maslahata gatnaşmaga birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

13.03.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

04.03.2021

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda

Giňişleýin
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

04.03.2021

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy.

Giňişleýin
Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlary bilen duşuşdy

26.02.2021

Şu gün Ruhyýet Köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Giňişleýin
Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

17.02.2021

Şu gün “Bagtyýar zaman” obasynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan S.A.Nyýazow adyndaky etraba mynasyp bolan baýragy – ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Giňişleýin