Metbugat neşirleri

HUKUK MEDENIÝETI — DÖWRÜŇ TALABY

20.01.2025

Raýat jemgyýetimizde kämil kanunlarymyzy raýatlara düşündirmek prokuratura edaralarynyň işgärleriniň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şeýle wezipäniň maksadam raýatlaryň hukuk medeniýetiniň derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şonuň üçinem bu işe hemişe uly üns berlip, onuň oňyn çözgüdini gazanmak ugrunda degerli işler ýola goýulýar.

Giňişleýin
GÖTERILDI OL YKBALY TÜRKMENIŇ

16.01.2025

Magtymguly Pyragy ähli döwürleriň, ähli göwünleriň şahyrydyr. Beýik akyldaryň miras galdyran her bir setiri, her bir bendi tutuşlygyna nesihatdyr, durmuşda ýol görkeziji şamçyragdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähimpaýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldarynyň we şahyrynyň döredijiligini dünýä ýaýmakda, şanşöhratyny hasda belende götermekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeniseýilgäh toplumynyň açylmagy, akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň dünýäniň çar künjeginde biri birine ulaşmagy oňa goýulýan belent hormatsarpanyň aýdyň nyşanydyr.

Giňişleýin
DÜNÝÄNIŇ TOÝUNA ÖWRÜLEN SENE

12.01.2025

Üstümizdäki ýylyň şanly wakalary ýurdumyzyň bedew batly ösüşler bilen öňe barýandygyny bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykarýar. «Pähimpaýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar astynda geçýän ýylda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler guralýar. Paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we medeni seýilgäh toplumynyň açylmagyny 2024nji ýylyň taryhy wakalarynyň hatarynda buýsanç bilen görkezip bileris.

Giňişleýin
ÄHLUMUMY PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI

09.01.2025

Her bir döw­le­tiň özü­niň mil­li baý­ram­çy­ly­gy hök­mün­de ta­ry­hy­na gi­ren se­ne­le­ri bol­ýar. Döwle­ti­mi­ziň Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe bo­lan gü­ni hem ýat­dan çyk­ma­jak se­ne­le­riň bi­ri bo­lup, şan­ly ta­ry­hy­my­zyň şöh­rat­ly ýy­ly bol­dy. Mun­dan 29 ýyl ozal, 1995-­nji ýy­lyň 12­-nji de­kab­ryn­da Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan döw­le­ti özü­niň Bi­ta­raplyk hu­kuk de­re­je­si­ne ýet­di. Şol wagt dün­ýä­de çyl­şy­rym­ly sy­ýa­sy wa­ka­la­ryň hö­küm sür­ýän­di ­ gi­ne ga­ra­ma z­dan, bi­ziň döw­le­ti­miz iň uly we hor­mat­ly de­re­jä my­na­syp bol­mak bi­len, dün­ýäde Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan we onuň şol wagt­ky dü­zü­mi­ne gir­ýän 185 döw­le­tiň yk­rar et­me­gin­de Bi­ta­rap döw­let bol­dy. He­mi­şelik Bi­ta­rap­lyk döw­le­ti­mi­ziň ta­ry­hy­na mü­di­mi­lik al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­dy hem­de hal­ky­my­zyň buý­san­jy­na öw­rül­di.

Giňişleýin
BAGTLY GELJEGIŇ BINÝADY

06.01.2025

Sagdynlyk — bagtly geljegiň binýady. Şol esasdan ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan eziz Diýarymyzda halkymyzyň agzybir, abadan, sagdyn, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin giň möçberli işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sporty ösdürmek, jemgyýetde, esasan hem, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, olaryň sagdyn hem ruhubelent adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak baradaky işlere aýratyn üns berilýändigi bellärliklidir.

Giňişleýin
KÄMIL KANUNLAR — ÖSÜŞLERE BINÝAT

04.01.2025

Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny hal­ka­ra ka­dala­ra la­ýyk ge­tir­mek we ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­ni, yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny kä­mil ka­nun esa­syn­da ber­kit­mek hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň döw­let sy­ýa­saty­nyň esa­sy ug­ru­dyr. Mil­li ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mek­de ge­çen ýyl­la­ryň için­de uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Üs­tü­mizdä­ki ýy­lyň ge­çen üç aýyn­da-da bu ba­bat­da Ka­nun­la­ryň en­çe­me­si ka­bul edil­di. Döw­le­ti ös­dür­me­giň, ra­ýat jem­gy­ýe­ti­ni gur­ma­gyň hä­zir­ki za­man mak­sa­dy — ada­myň my­na­syp dur­mu­şy­ny­dyr er­kin ösü­şi­ni ke­ma­la ge­tir­ýän mad­dy, dur­muş we ru­hy şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ni üp­jün et­mek­den yba­rat. Bu ýagdaý Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyňGal­ky­ny­şy döw­rün­de ola­ryň öza­ra bag­la­ny­şy­gy­nyň esa­sy­ny kes­git­le­ýär.

Giňişleýin
«MAGTYMGULY» DIÝIP ADYM TUTSALAR

02.01.2025

Mu­kad­des Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de be­ýik akyl­dar şa­hyry­my­zyň ady­ny ebe­di­leş­dir­mä­ge, dö­re­di­ji­li­gi­ni wa­gyz et­mä­ge döw­let de­re­je­sin­de uly üns gö­nük­di­ril­di. Şa­hy­ryň öňe sü­ren ru­hy ýö­rel­ge­si, yn­sap, päk­lik, er­kin­lik, ada­lat­ly­lyk, bir döw­let­li­lik, bir ba­şa gul­luk et­mek ýa­ly ýö­rel­ge­le­ri türk­men hal­ky üçin şu gün hem örän gym­mat­ly bol­ma­gyn­da gal­ýar. Mag­tym­gu­ly ata­myzyň hal­ky ag­zy­bir­li­ge ça­gyr­ýan şy­gyr­la­ryn­da di­ňe bir yk­dy­sa­dy bir­li­giň, güýç-kuw­wa­tyň däl, eý­sem kö­ňül­le­riň, ýü­rek­le­riň bir bol­ma­gy­na üns çe­kil­ýär.

Giňişleýin
TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY WE MAGTYMGULYNYŇ DÖWLETLILIK GARAÝYŞLARY

30.12.2024

Türkmenistanyň Konstitusiýasy milli döwletliligiň kemala gelmeginiň hem-de ösmeginiň syýasy-hukuk binýady bolup, dünýäniň oňyn tejribesine daýanýar we şol bir wagtyň özünde, türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan iň gowy däp-dessurlaryny hem-de milli aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Döwlet esaslarynyň mizemezligini, gadymdan gözbaş alýan demokratik sütünleri we halk häkimi ýetliliginiň köpasyrlyk däplerini alamatlandyrýar.

Giňişleýin
MIRASY KABUL ETMEGIŇ TERTIBI

28.12.2024

Türkmenistanyň Raýat kodeksinde bellenilişi ýaly, mirasdar tarapyndan mi­rasyň ýüze çykarylan ýeri boýunça notarial edara­syna mirasy kabul etmek hakynda arza berilmeli. Şonda miras kabul edilen hasaplanylýar. Şonuň ýaly hem mirasdaryň hakykat ýüzünde emläge eýelik et­mäge ýa-­da dolandyrmaga girişmegi onuň mirasy ka­bul edendigine, gürrüňsiz, şaýatlyk edýär. Eger mi­rasdar mirasyň bir bölegine eýeçilik etmäge hakykatdan girişen bolsa, şol emläk nä­hili beýan edilse hem we haýsy ýerde bolsa hem, ol dolulygyna kabul edilen hasaplanylýar. Eger mirasdar­ laryň biri mirasdan paýy almakdan beýleki mirasdaryň peýdasyna ýüz dönderse, şeýle hereket mirasyň ka­bul edilmegi hasaplanylýar.

Giňişleýin
DURMUŞ GORAGLYLYGYNYŇ KANUNÇYLYK BINÝADY

26.12.2024

Ata Watanymyzy ösdürmek, halkymyzyň parahat durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, milliligimizi dabaralandyrmak hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlige ýugrulan ýörelgeleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň «Watan goragy ynamly gollarda» atly bölüminde: «Biz merdana Watan goragçylarynyň öz mukaddes borçlaryny yhlasly hem döredijilikli gulluk bilen mynasyp ýerine ýetirmekleri üçin ähli şertleri döredýäris» diýip belleýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň her bir raýatyny, her bir maşgalasyny durmuş taýdan doly goramaga gönükdirilen döwlet maksatnamalary hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan kanunlar we kadalaşdyryjy resminamalar kabul edildi.

Giňişleýin
HATYRALY HALYPA

24.12.2024

Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäherinde ýaşaýan Köşek Soltanmyradow geçen urşuň agyrkyn çylyklaryny egninde çeken, şeýle hem iň ýaşuly hukuk goraýjy adam hökmünde tanalýar. Halypa hukuk goraýjy tizara özüniň 100 ýaşynyň toýuny toýlaýar. Boldumsaz etrabynyň Bereketli geňeşliginde önüp-ösen Köşek aga 18 ýaşyny dolduran badyna, meýletinlik bilen Watan goragyna gidýär. Ilkinji harby taýýarlygy geçip, aňtawçy radiotelefonist (razwedkaçy) hünärini ele alýar. 3-nji Ukrain frontunyň 62-nji diwiziýasynyň düzüminde razwedkaçy bolup söweşe girýär.

Giňişleýin
KANUNÇYLYK NAMALARYNYŇ MILLI ÝÖRELGELERI

22.12.2024

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bilen döw­let­dir!» di­ýen şy­ga­ry­nyň şug­la­sy Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­nyşy döw­rü­niň her bir döw­let­li tu­tu­myn­da şöh­le­len­ýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni geçir­di. On­da ýur­du­my­zy dur­muş­yk­dy­sa­dy taýdan ös­dür­me­giň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy hem-­de döw­le­ti­mi­ziň mil­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dyny kä­mil­leş­dir­mek, onuň çäk­le­rin­de Türk­menis­ta­nyň Ra­ýat ko­dek­si­niň tä­ze be­ýa­ny­nyň, «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň me­de­ni mi­ra­sy­ hakyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­malaryny taýýarlamak babatda aýdyldy.

Giňişleýin
ÝERLERI KÄRENDESINE BERMEGIŇ HUKUK ESASLARY

20.12.2024

Arkadagly eýýamymyzda ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamy il-ýurt bähbitli, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen, yzygiderli kämilleşdirilýän kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi bilen ösdürilýär. Türkmenistanda kärende gatnaşyklarynyň ykdysady, hukuk we guramaçylyk esaslaryny düzgünleşdirýän hem-de kärende hyzmatlarynyň bazarynyň ösdürilmegine gönükdirilen kanunçylyk namalarynda hem muny aýdyň görmek bolýar. Ýerden peýdalanmak, kärendesine bermek hukuklary bilen baglanyşykly gatnaşyklar Türkmenistanyň Ýer kodeksi, şeýle hem «Kärende hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we beýleki kanunçylyk namalary bilen kadalaşdyrylýar.

Giňişleýin
BAGTA BADALGA ÝOLLAR

18.12.2024

Gurmak, döretmek, ýolçekmek ata-babalarymyzdan miras galan döwletli ýörelgedir, sogap işdir. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu mukaddes ýörelge dünýä nusga alarlyk derejede dowam etdirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gadymy Beýik Ýüpek ýoluny zamanabap röwüşde döwrebap desgalar bilen gaýtadan dikeldýär.

Giňişleýin
WATAN WASPYN SÖZLÄN ŞAHYR

16.12.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň watançylyk, mertlik, gahrymanlyk, ynsanperwerlik, belent ahlaklylyk, halallyk, ruhubelentlik bilen bagly paýhaslar içinden eriş-argaç bolup geçen şygyrlarynyň ähmiýeti örän uludyr. Ol goşgular biziň üçin ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly çeşmedir. Şahyr watançylyk temasyndaky «Türkmeniň», «Türkmen binasy», «Döker bolduk ýaşymyz», «Ýeli Gürgeniň», «Başy gerekdir» ýaly ençeme goşgulary döredipdir.

Giňişleýin