Metbugat neşirleri
ÝAŞLARYŇ DURMUŞ GOLLANMASY
27.02.2024
Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden çykan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby merdana pederlerimiziň şir ýürekli gerçek nesilleri, olaryň häzirki döwürdäki üstünlikleri we rowaçlyklary barada bolup, okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Bu eser «Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalara, şanly senelere, bedew batly ösüşlere, özgerişlere we toý-dabaralara beslenmeginiň özboluşly ylham çeşmesidir. Hormatly Prezidentimiziň: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr» diýen sözleri ýaş nesilleri belent sepgitlere çagyrýar.
Ata Watanymyza, eziz halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza ak ýürekden gulluk etmek harby we hukuk goraýjy işgärleri üçin belent we mukaddes borçdur.
Giňişleýin
ÝURT GORAGY-BELENT BORÇ
24.02.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watan goragçylarynyň gününiň ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilmegi harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň buýsanjyny goşalandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bu baýramyň uly ruhubelentlige beslenýändigi açylyp ulanylmaga berilýän edaralaryň işgärleriň we harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen ýaşaýyş jaýlaryň mysalynda aýdyň görünýär. Bu il bähbitli, ýurt ähmiýetli işler belent döwrüň badyna goşulyp, uly ruhy galkynyşy döredýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «ömrümiň manysynyň dowamaty» atly dürdäne eserinde: «Watan ähli ajaýyplyklara bolan söýgini jemleýän we olary bir beýik maksada gönükdirip bilýän toprakdyr. Ynsanyň bagtyýarlygynyň düýp özeninde Watana bolan söýgüsi ýatýar. Gündogar akyldarlary jem bolup, bir netijä gelipdirler: bagtly bolmak üçin Watany söýmek ýeterlik. Çünki Watany söýmek, bu — Watanyň asudalygy, abadanlygy, arassalygy, gözelligi, gülläp ösüşi üçin zähmet çekmek, yhlas etmekdir. Watan özüne siňdirilen söýgüden ylham, boý alýar. Watan söýgüsi bilen ülkeler, ýurtlar abadan bolýar. Watana bolan söýgimiziň beýikligine görä, adamyň döredijilik zehini oýanýar, artýar. Watany söýmekde, mukaddes topraga wepaly bolmakda taryhy şahsyýetlerimiziň bitiren işleri, amallary bize görelde mekdebidir» diýip belleýär.
Giňişleýin
ÝAŞLAR — JEMGYÝETIŇ HEREKETLENDIRIJI GÜÝJI
21.02.2024
Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna we maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak A rk adag ly Gahr yma n Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ukyp-başarnygyny artdyrmagy, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän türkmençilik dessurlarynyň biri bolan halypa-şägirtlik ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär.
Giňişleýin
ÝÜREGI SEN ÝURDUMYŇ
17.02.2024
Hakykatdan hem, Aşgabat — ýurdumyzyň ýüregi, halkymyzyň buýsanjy. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwlet syýasatymyzyň rowaç bolmagy bilen, ak şäherimiz Aşgabat has-da gözelleşdi. Hormatly Prezidentimiziň: «Baş şäherimiziň ösdürilmegi uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, täzeçil şähergurluşyk syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar» diýip belleýşi ýaly, paýtagtymyzy ösdürmegiň konsepsiýasy işlenip düzüldi hem-de binalar toplumy tapgyrma-tapgyr, ýokary hilli we öz wagtynda gurlup ulanylmaga berildi.
Giňişleýin
AK ŞÄHERIM AJAÝYP
13.02.2024
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ösüşiň belent derejelerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan mähriban Watanymyzyň baş şäheri Aşgabat bu günki gün özüniň kämil şähergurluşyk-binagärlik keşbi bilen görenleri haýrana goýýar. Halkymyzyň eşretli durmuşda asuda ýaşaýşynyň aýdyň görkezijisi bolup durýan merjen paýtagtymyzda bina edilýän döwrebap desgalaryň hataryny ýaşaýyş, sport toplumlary, söwda we dynç alyş merkezleri, bilim beriş, saglygy goraýyş ulgamlarynyň edara binalary, şeýle hem bagtyýar raýatlarymyzyň hyzmatynda bolan ençeme jemgyýetçilik binalary bezeýär.
Giňişleýin
YKDYSADYÝETIŇ ÝOKARY DEPGINI
09.02.2024
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ähli ulgamlarynda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilen tutumlaryň netijesinde gazanylýan ösüşler döwletimiziň şanyna şan goşýar. Ýurtda agzybirligi we asudalygy pugtalandyrmakda, daşary ýurtlar bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda we yzygiderli ösdürmekde alnyp barylýan netijeli işler döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Ata Watanymyzy ösdürmek, halkymyzyň parahat durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, milli ýörelgelerimizi dabaralandyrmak hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlige ýugrulan ýörelgeleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Giňişleýin
PARAHATÇYLYGYŇ WE HYZMATDAŞLYGYŇ ÝOLY
05.02.2024
«Bitaraplyk» sözüniň manysy gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Bitaraplyk instituty — döwletiň hukuk derejesi bolup, onuň ösdürilmegi häzirki şertlerde parahatçylygyň we halkara howpsuzlygyň goralmagyna hem-de has-da berkidilmegine ýardam edýär. Halkara hukugynda bar bolan kesgitlemelere laýyklykda, Türkmenistanyň bitaraplygy gelip çykyşy boýunça ykrar edilen, görnüşi boýunça hemişelik, mazmuny boýunça oňyn ýa-da netijeli bolup durýar. BMG-niň tejribesinde ilkinji gezek ýörite Kararnama hökmünde Baş Assambleýanyň biragyzdan kabul eden, giň goldawa eýe bolan hem-de berkidilen çözgüdiniň esasynda ykrar edilen Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasy ugruny we mazmunyny kesgitledi. Içerki ösüşe, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda giň möçberli meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegine, demokratik düzümleriň kemala gelmegine we pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berdi.
Giňişleýin
GÜLZARLY GELJEGIMIZIŇ MESELESI
31.01.2024
Dogrusy, ene topragymyzyň gözel tebigatyny goramak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak hemişe aladasy edilmegi derwaýys meseledir. Çünki, ajaýyp gözelligi özünde jemleýän tebigatymyz biziň öýümizdir. Güneşli Diýarymyzyň tebigaty gymmatly baýlygymyz bolup, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, köp dürlüligini aýawly goramak bilen geljekki nesillere ýetirmek biziň wajyp wezipämizdir. şu wezipä hormatly Prezidentimiz hemişe uly üns berip, tebigaty myzy goramak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmak bilen bagly wezipeleri öňde goýýar.
Giňişleýin
WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ÝAŞAÝYŞ JAÝ ÜPJÜNÇILIGI
26.01.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ykraryýetli ýörelgelerini döwrüň derejesindäki rowaçlyklar bilen dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watan goragçylaryna döwletimiz tarapyndan yzygiderli berýän goldaw-aladalaryň gözbaşynda duran kämil şahsyýetdir. Watan goragçylarynyň saglygyny berkitmäge, ýokary derejede durmuş hyzmatlaryny almaga, maşgala agzalarynyň iş bilen üpjün edilmegine we beýleki pudaklaryň hyzmatlaryndan ýeňillikli peýdalanmaga bolan kanuny hukuklary kanunçylyk namalary esasynda kepillendirilendir.
Ukyp-başarnyklaryny eziz Watanymyzyň goragyna gönükdiren harby we hukuk goraýjy işgärlerimiziň ýaşaýyş jaý üpjünçiligi döwletimiz tarapyndan olara berilýän kepillendirmeleriň we hukuk, durmuş taýdan goraglylygyň bir görnüşi bolup durýar. «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda beýan edilişi ýaly, döwlet harby gullukçylara ýaşaýyş jaýlarynyň berilmegine kepil geçýär. Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna edermen Watan goragçylary üçin açylyp ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaýlaryny, ýagny gulluk jaýlary, umumy ýaşaýyş jaýlary, ipoteka we paýly gurluşyk görnüşindäki jaýlary we olara göçüp baran bagtyýar maşgalalary görüp, milli kanunçylygymyzda beýan edilen bu düzgüniň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň şaýady bolýarys. Kanunyň talaplaryna laýyklykda, harby gullugy borçnama boýunça geçýän harby we hukuk goraýjy, kazyýet edaralarynyň döwlet gullukçylaryna has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryndan ipoteka karzy boýunça öýleri edinmäge ýa-da harby gullugy geçýän ýerinde hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer bölegini almaga hukuk berilýär.
Giňişleýin
GÖZELLIGIŇ TEBIGAT, TEBIGATYŇ GÖZELLIK BILEN SAZLAŞÝAN ÝERI
22.01.2024
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öň-den görüjilikli başlangyçlary bilen örän gysga wagtda gurlan Arkadag şäheri ylmyň hem-de tehnologiýanyň döwre-bap ýaşaýyş-durmuş üçin gazanan ähli üstünliklerini özünde jemleýän, sebitde ilkinji «akylly» şäher adyny alan ajaýyp şäherdir.
Ýaşaýyş-durmuşymyzda gözelleşdirilen usullary aýry-aýry binalarda ornaşdyrmagyň oňyn taraplary hakynda gyzykly söhbetleriň edilýän döwründe, şol mümkinçilikleri özünde jemleýän, sanly ulgam, «ýaşyl» ykdysadyýet, «ekologik kadalar» ýaly köpugurly ösüşlere doly laýyk gelýän, deňsiz-taýsyz şäher barada gürrüň buýsançly söhbetleriň başydyr.
Giňişleýin
HALKYŇ BAKY DOWAMATY
16.01.2024
Bu günki gün türkmen halky hormatly Prezidentimiziň baş tutanlygynda baş baýramymyz bolan Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuna taýýarlyk görýär. Garaşsyzlygymyzyň bu şanly senesi türkmen döwletiniň özygtyýarlylygyny, berkararlygyny, milletiň dowamatyny, erkinligini we mertebesini şertlendirýär. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Çünki Garaşsyzlyk zamanynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlar boýy ýüreklerinde ýaşan arzuw-umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda täze ruhda, täze öwüşginde hasyl boldy.
Giňişleýin
ÝOLLARYMYZ ASUDA BOLSUN!
11.01.2024
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen badalga alan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk eziz Watanymyzyň ähli ýerlerinde giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzda hereket howpsuzlygynyň şeýle-de ynsanlaryň rahatlygynyň üpjün edilmegine oňyn täsir edýän bu biraýlygy işjeň ýagdaýda geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Kärine, ýaşyna bagly bolmazdan, köpçüligiň ählisine degişli bolan bu biraýlyk halkymyzyň agzybirliginden habar berýär.
Giňişleýin
GARAŞSYZLYGYŇ HUKUK ESASLARY
08.01.2024
Garaşsyzlyk ýyllary Türkmenistan üçin döwlet gurluşyny üýtgedip gurmakda, syýasy, ykdysady, durmuş taýdan ösüşiň milli nusgasyny döretmekde möhüm tapgyr boldy. Garaşsyz ösüş döwründe Türkmenistanda demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň berk binýady tutuldy. 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy hakynda Jarnamanyň kabul edilmegi bilen, ýurduň içeri we daşary syýasatynyň ösüşinde möhüm başlangyç başlady. Bu Jarnama ýurdumyzyň çäklerinde ähli ýeriň, ýerasty baýlyklaryň, howa giňişliginiň, suwuň we beýleki gymmatlyklaryň türkmen halkynyň milli emlägidigini, respublikanyň özbaşdaklygyny, onuň kanunlarynyň hökmürowanlygyny, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarda garaşsyzlygyny jar etdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy hakynda Jarnamanyň kabul edilmegi garaşsyzlygyň ilkinji belent jaňydy» diýlip, bellenilýär.
Giňişleýin
DÜNÝÄ NUSGALYK ŞÄHER
05.01.2024
Ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň bina galdyrmak, köpri saldyrmak, dostlukly döwletleri doganlaşdyrýan ýollary gurmak işleri bugünki gün Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilip, bu işler dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna mynasyp bolýar. Pederlerimiziň pähimli ýörelgelerinden ugur alnyp, umumadamzat ähmiýetli sahawatly işleriň giň gerim alýan ýurdy bolan ata Watanymyz öz Garaşsyzlygyna guwanyp, Bitaraplyk ýörelgesine daýanyp, gurmak, döretmek arkaly halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrýar we ýurdumyzyň bagtyýarlyk binýadyny berkidýär.
Giňişleýin
ARKADAG ŞÄHERINE SÖÝGI DÖREDÝÄN KITAP
01.01.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalaryndan, hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlaryndan bina bolan Arkadag şäheri berkarar türkmen döwletiniň okgunly ösüşleriniň, beýik özgertmeleriniň şäheridir. «Akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäheriniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dabaraly açylmagy ähli halkymyzyň milli buýsanjyny artdyran taryhy waka boldy.
Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşynyň öň ýanynda «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitap neşir edilip, halkymyza gowuşdy. Giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenen, türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilen bu kitaby okanymyzda, Arkadag şäherine bolan söýgimiz, buýsanjymyz has-da artýar.
Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheri hakynda çuňňur paýhasa ýugrulan parasatly sözleriniň bu kitabyň başynda ýerleşdirilmegi, «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň taryhy ähmiýetini, täsirliligini, many-mazmunyny has-da ýokarlandyrýar.
Giňişleýin