Metbugat neşirleri

KÄMIL KONSTITUSIÝA ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

12.07.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 6-njy aprelinde geçirilen Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň birinji maslahatynda sözlän sözünde: «Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esas goýujy ýörelgelerinden, ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan kabul edilen maksatnamalardan we Kararlardan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, üstümizdäki ýylda hem ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine kanunçylyk taýdan oňyn şertleri döretmäge uly üns bermeli» diýip nygtady. Ви babatda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek, ony halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek üçin alnyp barylýan giň gerimli iş/ere aýratyn orun degişlidir

Giňişleýin
BÄHBITLI IŞE GOŞANDYMYZ

09.07.2023

Jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleriň rowaç alýan berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe neşekeşligiň we beýleki zyýanly endikleriň halkymyzyň durmuşyndan ýok bolup gitmegini gazanmak derwaýys meseleligine galýar. Sebäbi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygy bir tarapdan, jemgyýetimiziň jebisliginiň, mäkämliginiň gözbaşy bolsa, ikinjiden, halkyň saglygyny goramakda netijeli ädimdir.

Giňişleýin
PAÝTAGTYMYZ – AK BAGTYMYZ

06.07.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Çeperçilik gözelliginiň özboluşlylygy, binagärlik sungatynyň milli öwüşginliligi, tämizligi hem täsinligi bilen görenleri özüne bendi edýän paýtagtymyz ertekilerdäki şäherlerden hem zyýada keşbe eýe bolup.ynamly hem bagtly gadamlar bilen öňe barýar. Şol gözellikleriň hatarynda paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän «Ak şäherim Aşgabat» seýilgähi aýratyn orun eýeleýär. Seýilgähiň merkezindäki «Ak şäherim Aşgabat» atly ýadygärlik monumentiniň iň ýokarky böleginde ýerleşen zeýtun pudagy özüniň altyn öwüşgini bilen Aşgabadyň baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtydygyny hem-de sebitde ylalaşdyryjy merkezdigini alamatlandyrýar. Ak bagtymyz hasaplanýan paýtagtymyzda şeýle ýadygärlik toplumlarynyň, seýilgähleriň, döwrebap bina desgalaryň, köşkleriň başga-da ençemesi töweregine gözellik paýlap, görenleri haýran galdyrýar. Ýeri gelende, paýtagtymyzyň köp desgalarynyň halkara derejeli abraýly binagärlik bäsleşikleriniň baýraklaryna mynasyp bolandygyny bellemek ýakymly. Baş şäherimiziň täsin desgalarynyň ençemesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Olaryň hatarynda beýikligi 133 metre barabar bolan Baýdak sütüni, Oguzhan suw çüwdürimler toplumy, äpet sekiz burçluk görnüşindäki «Türkmenistan» teleradio ýaýlymlar merkezi, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, Aşgabadyň Halkara howa menzili, «Aşgabat» Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän dünýäde atyň iň uly binagärlik nyşany hökmünde ykrar edilen bedewiň çeper keşbi bar.

Giňişleýin
DÖWREBAP BILIM - BAGTYÝAR GELJEK

03.07.2023

Hormatly Prezidentimiz: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okamak, öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz» diýip, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillere uly ynam bildirýär, olary Watanymyzyň ganaty, röwşen geljegi hasaplaýar.

Giňişleýin
BAGTYÝARLYGYŇ ESASY

29.06.2023

Kämilleşdirilen demokratik ýörelgelere esaslanyp hem-de degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesini öz içine alýan Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň we jemgyýetimiziň mundan beýläk-de üstünlikli ösmeginiň, türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň ygtybarly esasy bolup durýar. Jemgyýetimizdäki dürli gatnaşyklary düzgünleşdirýän täze kanunlaryň kabul edilmegi ykdysadyýeti, ylmy we medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hem-de häzirki zaman kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ýaly wezipelerden ybarat bolan maksatlara ýetmegiň ugrunda alnyp barýan işleriň hukuk binýadyny berkidýär.

Giňişleýin
Türkmenistanyň konstitusiýasy adalatlylygyň, abadançylygyň we ösüşiň kanuny

26.06.2023

Her ýylyň 18-nji maýynda türkmen halky Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi uly ruhubelentlik bilen belläp geçýär. Bu iki mukaddesligiň baýramynyň bilelikde toýlanylmagynda çuňňur many bar. Çünki Esasy Kanunymyz we Döwlet Baýdagymyz ýurdumyzyň özygtyýarly döwlet hökmündäki esasy gymmatlyklarydyr. Bu mukaddeslikler biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr.

Giňişleýin
ULY MÜMKINÇILIKLERIŇ FORUMY

24.06.2023

Şu ýylyň 26-27-nji aprelinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum geçirildi. Halkara energetika forumy «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guralyp, dünýä- niň meşhur habarlar gulluklarynyň birnäçesi onuň media hyzmatdaşlary bolup çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň depginini ýokarlandyrmakda, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, nebitgaz ýataklaryny bilelikde özleşdirmäge maýa goýumlary çekmekde, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksat- namalary durmuşa geçirmekde bu halkara maslahatyň ähmiýeti örän uludyr.

Giňişleýin
ÇÄKSIZ HORMATÝŇ EÝESI

21.06.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» eserinde beýan edişiýaly, ejelerözperzentleň üçin perişde hasaplanylýar. Eje bolmak her bir zenan üçin iň belent mertebe. Tutuş millete käbe bolmak bolsa, Ylahydan berlen derejedir. Çünki oňa Hak özüniň nazar saljak perzendiniň ejesi bolmak bagtyny miýesser görüpdir. Türkmen halkynyň käbesi, Gahryman Arkadagymyzyň ejesi, Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat eje-de hut şeýle käbelerdendir. Ogulabat ejäniň durmuş ýoly, maşgaladaky edim-gylymlary, terbiýeçilik usullary, girim-çykymdan başy çykýan zenan hökmünde, ene hökmünde görüm-göreldesi öwrenilip, entek kän-kän kitaplar ýazylmaly, ýazylaram. Sebäbi, ene hakdaky gürrüňler soňlanmazdyr.

Giňişleýin
KONSTITUSIÝA – BAGTYÝARLYGYŇ KEPILI

19.06.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen bagtyýar we eşretli geljegimize, belent sepgitlere, uly üstünliklere tarap öňe barýan Diýarymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmeniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan, pederlerimiziň asyrlarboýy arzuwlan özygtyýarly döwletiň Esasy Капицу bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyii gü-nüni döwlet derejesinde dabaraly baýram edip belledi. Konstitusiýa — bu kanunçylygyň kepili, raýat- laryň hukuklarynyň we erkinliginiň berjaý edilişi- niň, Watanymyzyň gülläp ösüşiniň we özgerişiniň kepili hökmünde esasy orny eýeleýär. Konstitusiýa — döwletiň hukuk binýadyny emele getirýän, döw- letiň we raýatlaryň esasy hukuklarynyň, borçlary- nyň resmi beýanydyr.

Giňişleýin
ÝAŞLAR— GELJEGI GUTUJYLAR

15.06.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işleriň ählisi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylyp, milli ykdysady kuwwatymyzyň barha pugtalandyrylmagyna hem-de Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işleriň ählisi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylyp, milli ykdysady kuwwatymyzyň barha pugtalandyrylmagyna hem-de Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň özenindäki ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamlaryny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek ýörelgeleri bilen berk baglydyr. Ýurdumyzda hünärmenleri taýýarlamak, iş ýerleri bilen üpjün etmek, ýaş hünärmenleri durmuş taýdan goramak çygrynda esasy kadalar we ýörelgeler Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýurdumyzda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslary, maksatlary, wezipeleri, ýörelgeleri, esasy ugurlary, çäreleri we tärleri kesgitlenilýär. Ýaş raýatlary terbiýelemek, şahsyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin şertler döretmek, ýaşlaryň zähmet bilen meşgullanmaklaryny üpjün etmek we olaryň alan hünär bilimlerini önümçilikde, döwlet gullugynda, ylmy we döredijilik çygrynda ulanmak hem-de ýaşlaryň telekeçiligini döretmek we ösdürmek üçin şertleri üpjün etmek Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň wezipeleri bolup durýar. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde alnyp barylýan tutumly işler, biz — ýaşlary durmuş ösüşleriniň ýolunda ynamly we aýgytly hereket etmäge ruhlandyrýar. Ýaş nesil hakynda ynsanperwer syýasaty alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Giňişleýin
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ROWAÇLANÝAR

12.06.2023

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagal- lalary bilen ýurdumyzda raýatlarymy- zyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Döwletimizde adamlaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak maksady bilen, ilat arasynda dürli mazmunly wagyz-ündew, düşündiriş çäreleri alnyp barylýar. Olaryň sagdyn ýaşlaryň kemala gelmeginde ähmi- ýetiniň uludygyny belläp geçmek gerek. Ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanper- wer syýasatda halkymyzyň saglygy döw- letimiziň hem-de jemgyýetimiziň iň gym- matly baýlygy hökmünde kesgitlenendir. Sebäbi jemgyýet sagdyn bolanda, döwlet hem gülläp ösýär. Sagdyn durmuş ýörel- gesini ornaşdyrmak, adam saglygyna zyýanly endiklere garşy göreşmek babatda kabul edilýän kanunlar adam hakyndaky aladadan ugur alýar. Döwrebap kanun­lar alkogolyň, çilimiň we beýleki ýaramaz endikleriň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitlemek bilen, jemgyýete sagdyn dur- muş ýörelgesini ornaşdyrmaga, raýatlaryň saglygyny goramaga, berk bedenli nesil- lerimiziň sagdyn ösüp ulalmagyna gönük- dirilendir.

Giňişleýin
YNSAN SAGLYGY-DÖWLETIŇ BAÝLYGY

08.06.2023

Ynsan ömründe jan saglygyň belli bahasy ýokdur. Hut şonuň üçin-de adamlar tanyş-bilişleri bilen duşuşanlarynda ilki bilen, birek-biregiň saglygyny soraşýarlar, hoşlaşanlarynda hem saglyk-salamatlyk arzuw edýärler. Bagtyýar raýatlarymyzyň saglygyny goramak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýan berkarar döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Raýatlara saglyk döwlet ätiýaçlandyrmasy esasynda ýeňillikli lukmançylyk hyzmatlary bilen birlikde, derman serişdeleri berilýär. Paýtagtymyzda, we-I aýatdyr etrap merkezlerinde gurulýan dürli saglyk merkezleri, saglyk öýleri, hassahanalar, şypahanalar, sport-sagaldyş, bedenterbiýe meýdançalary halkyň saglygy hakynda edilýän aladalardan nyşandyr. Berkarar döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan şeýle tutumly işler geljekde sagdyn nesliň kemala gelmegine ýardam edýär. Ynsan saglygyny berkitmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek-de hormatly Prezidentimiz bagtyýar raýatlarymyza, esasan hem, ýaşlara görüm-görelde, nusga bolup durýar. Welaýat

Giňişleýin
MANYLY ÖMÜR

05.06.2023

Eger sözde gudrat, keramat bar bolsa, şol gudrat ene diýen sözden başlanýar. Hemme zat eneden başlanýandyr. Ýaşaýyş eneden başlanýar. Ene mukaddeslikdir, edil şonuň ýaly ene hakdaky gürrüň hem mukaddesdir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ene diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Kalbymyzda mydamalyk orun alşy ýaly, eneli günlerimiz bizi durmuşda-da köp zatlara borçly edýär. Biz islendik işiň başyna barmazdan ozal, ejemiz bilen maslahatlaşmaga, onuň ak patasyny almaga howlugýarys. Çünki eneleriň ak pata bermegi bilen başy başlanan işleriň şowuna bolýandygyny durmuş hakykaty ýyllaryň, asyrlaryň dowamynda subut edip gelýär. Pygamberimiz: «Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr» diýip aýdyp geçipdir ahyryn. Eneler hakda kän-kän eserler ýazyldy. Çeper hem-de dokumental filmler surata düşürildi. Şol mähribanlara bagyşlanan goşgulardan aýdymlar döredi. Enelere bagyşlanan her bir işde, onuň keşbini mynasyp döredip bilmekde uly jogapkärçilik bar. Nusgalyk işleri bilen eziz Diýarymyzyň ösüş-özgerişlerine goşant goşup, kemally perzentleri ösdürip ýetişdirýän hem olary il hataryna goşup, Watanyň ygtyýaryna berýän hem eneler. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, Arkadagly Serdarymyzyň enesi, ähli türkmen halkynyň käbesi bolup kalplarda orun alan Ogulabat ejemiziň ýaşan manyly ömri biziň ählimiz üçin nusgalyk mekdepdir. Beýik Biribar özüniň gowy gören, ömrüniň her bir gününi peýdaly işlere bagyş eden bendesine uzak ömür berermiş diýýärler. Bu dogrudyr. Sebäbi Ogulabat eje zenan hökmünde bagtyýar maşgalanyň eýesi, döwletli ojagyň söýesi bolmagy başarypdyr. Alty çagasyny iline-gününe, Watana wepaly, zähmetsöýer, aňly-düşünjeli, ylymly-bilimli adamlar edip terbiýeläpdir. Özüniň şahsy göreldesi bilen perzentlerinde töwerek-daşyňa bolan hormaty, ynsanperwerligi, dost-doganlygy, türkmene mahsus asyllylygy, edep-ekramlylygy, milli däp-dessurlara hormaty kemala getiripdir. Enäniň beýikleri dünýä inderýän beýiklikdigini Ogulabat eje öz durmuşy bilen subut etdi. Mährem ene halkymyza eşretli zamanany, bagtyýarlyk döwrüni bagyş eden mähriban hem Gahryman Arkadagymyzy berdi. Beýik Ogluň enesi bolmak hem beýiklik. Kalby sähra ýaly giň, pähim-parasatly, sabyr-kanagatly eziz käbämiziň türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýurt parahatçylygy, il-günüň agzybirligi ugrunda amal eden beýik işlerinde mynasyp goşandy bar. Mähriban enäniň elinden çykan her bir çeper el işi — mukaddes gymmatlyk.

Giňişleýin
MAGTYMGULYNYŇ ŞYGYRLARYNDA SAGDYN JEMGYÝETIŇ BEÝANY

01.06.2023

Öwüt-nesihata, çuňňur parasata ýugrulan setirleri bilen adamzat kalbynyň şahyryna öwrülen Magtymguly Pyragynyň jemgyýete, her bir ynsana durmuşda dogry ýol görkezýän goşgulary asyrlar aşsa-da könelmän, gaýtam, ýaňy dogan Gün ýaly şöhle saçyp, ýagşylyga, haýyr işe çagyrýar. Halkymyz üçin mert bilen namardy, halal bilen haramy, haýyr bilen şeri, ýagşy bilen ýamany ölçeýän ölçeg daşyna barabar ol setirleriň köpüsi durmuş ýörelgesine, nakyllara siňip, ebedilik hemramyza öwrüldi. Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň garaşsyz döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleri bu gün ajaýyp döwrümizde hasyl boldy Pyragynyň döredijiliginde sagdynlyga, ruhubelentlige, sagdyn durmuş ýörelgesine aýratyn ähmiýet berilýär. Şahyryň şygyrlarynda ynsan saglygynyň gymmaty, ony aýap saklamak, saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklerden daşda durmak barada düýpli pikir ýöredilýär. Şol pikirleriň häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň nukdaýnazaryna gabat gelýändigi bolsa, şahyryň Hakdan içen zehinini subut edýän ýagdaýlaryň biridir. Magtymgulynyň goşgularynda adamyň diňe bir beden sagdynlygyny däl, eýsem, ruhy sagdynlygyny gazanmagyň möhümligi üns merkezinde saklanylýar. Şahyr ynsanyň beden hem ruhy sagdynlygy we gözelligi sazlaşanda ynsanperwer kalby döredýändigine ynanypdyr. Pyragynyň şygyrlarynda bedenterbiýäniň hem lukmançylygyň dürli tilsimleri şahyrana, düşnükli dilde, kämil derejede beýan edilýär. «Jan eglenmez» diýen goşgusynda «Kimse säher turar irden, kimse baş götermez ýerden...» diýmek bilen, irden turup hereketde bolmagyň adamyň özüni ýeňil duýmagy, şähdiniň açyk bolmagy üçin zerurdygyny ýaňzydýar.

Giňişleýin
YNSAN SAGLYGY-DÖWLETIŇ BAÝLYGY

28.05.2023

Ynsan ömründe jan saglygyň belli bahasy ýokdur. Hut şonuň üçin-de adamlar tanyş-bilişleri bilen duşuşanlarynda ilki bilen, birek-biregiň saglygyny soraşýarlar, hoşlaşanlarynda hem saglyk-salamatlyk arzuw edýärler. Bagtyýar raýatlarymyzyň saglygyny goramak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýan berkarar döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Raýatlara saglyk döwlet ätiýaçlandyrmasy esasynda ýeňillikli lukmançylyk hyzmatlary bilen birlikde, derman serişdeleri berilýär. Paýtagtymyzda, we-I aýatdyr etrap merkezlerinde gurulýan dürli saglyk merkezleri, saglyk öýleri, hassahanalar, şypahanalar, sport-sagaldyş, bedenterbiýe meýdançalary halkyň saglygy hakynda edilýän aladalardan nyşandyr. Berkarar döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan şeýle tutumly işler geljekde sagdyn nesliň kemala gelmegine ýardam edýär.

Giňişleýin