Metbugat neşirleri
SPORT: PARAHATÇYLYGY, DOSTLUGY ÖSDÜRMEGIŇ TÄZE MÜMKINÇILIKLERI
08.09.2024
Halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdynlygy döwletimiziň rowaçlygynyň we okgunly ösüşiniň girewidir. Hut şundan ugur alnyp, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek milli taglymata, adamlary birleşdirýän hem-de Watanymyzyň okgunly ösüşine ýardam berýän kuwwatly, jebisleşdiriji güýje öwrüldi.
Giňişleýin
SARPASY SYNMAZ PYRAGY
06.09.2024
Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyraga Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe goýulýan belent sarpa halkara derejeli çäreleriň, asylly maksatly beýik işleriň mysalynda has aýdyň duýulýar.
Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, birnäçe döwletlerde şahyryň ýadygärliginiň döredilmegi, medeni maksatnama esasynda dürli ugurly çäreleriň guralmagy türkmeniň söz ussadynyň kämil döredijiliginiň we şahsyýetiniň dünýä giňişli- ginde ykrar tapýandygyny görkezýär. Munuň özi akyldar şahyry bolan merdana türkmen halkynyň dünýä medeniýetine, ylmyna, edebiýatyna we sungatyna goşan ägirt uly goşandynyň güwäsidir. Türkmeniň adyny beýgelden şahyr, filosof, akyldar Pyragynyň umumadamzat medeniýetiniň, edebiýatynyň we ruhyýetiniň parlak ýyldyzy hasaplanýandygynyň nyşanydyr.
Giňişleýin
ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄN TUTUMLAR
04.09.2024
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, halkara abraýyny has-da belende göterýär. Durmuşymyzyň ähli ugurlary uly üstünliklere beslenýär. «Açyk gapylar» syýasaty esasynda dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk barha giň gerime eýe bolup, ýurdumyzyň ykdysadyýetini täze ösüşlere beslese, amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýete eýedir.
Giňişleýin
RAÝATLARYŇ ÝAŞAÝYŞ JAÝ HUKUKLARY
02.09.2024
Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde hereket edýän kanunlar raýatlarymyzyň hukuklarynyň goraglylygyny kepillendirýär. Şonuň bilen birlikde-de, her bir raýat Konstitusiýa we kanunlar esasynda öz üstüne ýüklenilen borçlaryň ýerine ýetirilmegi üçin döwletiň öňünde jogapkärçilik çekýär. Bu kada ýaşaýyş jaýy bilen bagly ýüze çykýan meseleler babatda hem üýtgewsizdir.
Giňişleýin
RAÝATLARYŇ DURMUŞ GORAGLYLYGY
31.08.2024
Berkarar döwletimizde durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady binýady kuwwatlanyp, raýatlarymyzyň ýaşaýyş şertleri yzygiderli gowulanýar. Döwletimizde kabul edilýän ilýurt bähbitli kararlar, durmuşa geçirilýän maksatnamalar, ilkinji nobatda, raýatlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, amatly şertleri döretmäge gönükdirilýär.
Giňişleýin
OWAZASY DÜNÝÄ DOLAN
29.08.2024
Türkmen nusgawy edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýä dolandygyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolup geçýän şanly wakalaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde akyldar şahyryň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylmagy hem munuň buýsançly subutnamasy boldy. Häzirki wagtda bu ajaýyp medeni-seýilgäh toplumy şatlyk-şowhunly çäreleriň geçirilýän, paýtagtlylaryň we şäheriň myhmanlarynyň höwes bilen gezelenç edýän, dynç alýan söýgüli ýerine öwrüldi.
Giňişleýin
MEDENI MIRASY GORAMAGYŇ KANUNÇYLYK BINÝADY
27.08.2024
Ösüşlere beslenýän döwrümizde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden medeni mirasyny toplamak, hasaba almak, öwrenmek, onuň geljekki nesillere elýeterli bolmagyny gazanmak üçin talaba laýyk goralyp saklanmagyny üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar we olar degişli kanunlar arkaly düzgünleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda medeni we milli mirasymyzyň hukuk üpjünçiligi boýunça hem köp işler amala aşyrylýar.
Giňişleýin
GYSGA SÖZÜŇ ŞERHI KÖP
25.08.2024
Her bir sözi mukaddeslige, her bir jümlesi çuň mana eýe bolan, Hakdan içen şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi öçmejek ruhy we ahlak gymmatlyklaryna eýe bolup, umumadamzat mirasynyň altyn hazynasynda uly orun eýeleýär. Onuň şahyrana mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şahyryň goşgularynda öňe sürlen ynsan per werlik, watansöýüjilik, agzybirlik we jebislik pikirleri üç asyrdan bäri dünýäniň aglaba ýurtlarynyň şahyrlary we alymlary üçin nusgalyk ýörelge bolup hyzmat edip gelýär.
Giňişleýin
GÜNEŞLI TÜRKMENISTAN SYÝAHATÇYLARYŇ HÖWES EDÝÄN MEKANY
23.08.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik söýgüsinden kemala gelen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň we Arkadag şäheriniň taryhy we häzirki zaman aýratynlyklary dünýä syýahatçylarynyň gyzyklanmasyny has artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik tagallalary esasynda 2010-njy ýylyň maýynda «Syýahatçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary girdejili pudagy hökmünde syýahatçylygyň emele gelmegini, syýahatçylyk hyzmatlarynyň bazarynyň ösmegini, syýahatçylaryň we syýahatçylyk işiniň subýektleriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramagyň hukuk esaslaryny üpjün etdi.
Giňişleýin
EZIZ DIÝARYMYZ — MUKADDES SEŽDEGÄHIMIZ
21.08.2024
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde Watan gullukçylarynyň arasynda ýaşlaryň watanperwerlik terbiýesini yzygiderli ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri kämil derejede guramagyň zerurdygyna ünsi çekýär. Watana gulluk etmegiň, ony jandan eziz görüp goramagyň we ýurdumyzy gülledip ösdürmek üçin hyzmat etmegiň her bir ynsanyň ömrüniň manysy, mertebeli ýaşaýşynyň özeni, maksat-myrady bolup durýandygyny pent-nesihat edýär. Çünki Watan ogullarynyň — merdana, batyr gerçekleriň watanperwerlik duýgusy her gysym topragyň keramatdygyna uýmakdan, şöhratly geçmişimize, öý-ojagyň mu kaddesligine, il-ulsuň, ata-babalaryň çuňňur pähimine hormat-sarpa goýmagy başarmakdan başlanýar. Şöhratly geçmişine sarpa goýýan nesil şu günüň bagtyýarlygyna guwanyp, geljegiň röwşendigine ynanyp, eziz topragyna söýenip ýaşaýar.
Giňişleýin
DANA ŞAHYRYŇ HORMATYNA
19.08.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiziň Türki medeniýetiniň halkara guramasy — TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygy barha kämilleşýär.
2022-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyl «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de ýurdumyzyň Änew şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi.
Giňişleýin
ÇEPER EDEBIÝATYŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI
17.08.2024
Gahryman Arkadagymyz häzirki ajaýyp zamanamyzda terbiýeçilik işinde asyrlaryň dowamynda synagdan geçen kämil milli ýörelgelerimizden ugur alyp, dünýäniň iň öňdebary jy tejribelerini durmuşa ornaşdyrmagyň zerurdygyny aýra tyn nygtaýar. Taryhda ata-babalarymyz mukaddes Watanyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy milli ýörelgä öwrüpdirler. Şonuň üçin hem Watany söýýän, oňa buýsanýan, ýaşlary terbiýelemekde adamzat ýaşaýşyny öwrenýän ylymlar örän uly orun eýeleýär.
Giňişleýin
BUGDAÝ — BEREKET, RYSGAL
15.08.2024
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly halkymyz üçin rysgal-bereketli ýyllaryň birine öwrüldi. Zähmetsöýer daýhanlarymyzyň türkmen topragyndan gallanyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasyl alyp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmegi şanly ýylyň şatlykly wakalarynyň üstüni ýetirdi.
Giňişleýin
BILIM BINÝADY BERKIDILÝÄR
13.08.2024
Ýurduň raýatlarynyň bilim almaga bolan konstitusion hukugyny üpjün etmek we goramak bilim ulgamynyň hukuk esasynyň kämilligine we berkligine baglydyr. Çünki bilim ulgamyna degişli kanunlary kämilleşdirmek jemgyýe tiň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşiniň binýady bolup durýar. Ýurdumyzyň Esasy Kanunynda berkidilen raýatlaryň bilim almaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi bilim ulgamynyň ösdürilmegine giň mümkinçilik berýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kämilleşdirilmegi ýur- dumyzda ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermek babatynda zerur işleriň amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär. Bilim babatynda kabul edilen kanunlar, düzgünnamalar we maksatnamalar giň gözýetimli, döwrüň ruhuna laýyk derejede pikirlenýän, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, saýlan hünärine yhlasly ýapyşýan türkmen ýaşlaryny terbiýelemäge, bilim işgärleriniň has netijeli işlemekleri üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Giňişleýin
ARKADAGDAN ARKALY DÖWRÜMIZ BAR SARPALY
11.08.2024
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmekde, halkara abraýyny ýokarlandyrmakda, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmekde, jemgyýetimiziň bitewüligini, ilimiziň agzybirligini we jebisligini berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin halkymyzyň çäksiz sylagynyň, belent sarpasynyň, uly hormatynyň we söýgüsiniň beýany hökmünde 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusion kanuny bilen Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edildi. Bu belent hormat Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ösüşi, halkymyzyň abadan ýaşaýşy üçin amal eden beýik işlerine halkymyzyň çuňňur minnetdarlygynyň nyşanydyr.
Giňişleýin