Metbugat neşirleri

TELEKEÇILIK IŞINIŇ KONSTITUSION HUKUK KEPILLIKLERI

25.05.2023

Ata Watanymyz ykdysady taýdan ösen döwletleriň hatarynda tanalýar. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini gazanmaklyga gönükdirilen hukuk esasyny has-da kämilleşdirmek bolsa, döwrüň derwaýys meseleleriniň biri bolup durýar. Esasy Kanunymyzyň 47-nji maddasynda bellenilişi ýaly, her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr. Şundan ugur alnyp we konstitusion ýörelgelere laýyklykda kabul edilen «Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda», «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Daşary ykdysady iş hakynda», «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda», «Eýeçilik hakynda», «Erkin ykdysady zolaklar hakynda», «Kärende hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary telekeçilik işiniň çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän möhüm hukuk binýady bolup çykyş edýärler. Telekeçilige goldaw bermek babatynda alnyp barylýan işler hem döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Telekeçiligiň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine, ilatyň iş bilen üpjünçiligine, girdejisiniň artmagyna, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli döwrebap harytlaryň ýurdumyzyň çäginde öndürilmegine we daşarky bazara çykarylmagyna, harytlaryň görnüşleriniň we hiliniň artmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.

Giňişleýin
HALALLYKDA HAÝYR BAR

22.05.2023

Durmuşymyzyň ähli ugurlarynda gazanylýan ägirt uly ösüşler dünýä derejesinde ykrar edilen kämil hukuk binýadyna esaslanýar. Munuň özi kanunçylyk ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, döwletimiziň demokratik, hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrmak üçin oňaýly mümkinçilikleri döredýär. bozulmagynyň islendik synanyşyklarynyň öňüni almak kanun esasynda kepillendirilendir. Bu babatda «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem uly ähmiýete eýedir. Bu Kanun korrupsiýa garşy hereket etmegiň esasy ýörelgelerini, korrupsiýa garşy göreşiň, korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryna ýardam eden sebäpleri we şertleri aradan aýyrmagyň we olaryň netijelerini ýok etmegiň hukuk hem guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Wagyz-nesihat hem-de düşündiriş işlerini yzygiderli geçirmek arkaly Kanunyň many- -mazmunyny, ondan gelip çykýan wezipeleri raýatlara giňden düşündirmek hukuk goraýjy edaralaryň işiniň esasy bölegini düzýär. Kanunyň ähmiýeti, korrupsiýa garşy göreşiň maksatlary we ugurlary, korrupsiýa garşy hereket etmegiň hukuk esaslary, şeýle-de korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalar, döwlet edaralarynyň gözegçilik wezipeleri, korrupsiýa garşy hereket etmek, onuň öňüni almak bilen bagly esasy düşünjeleri her bir raýatyň aňyna ýetirmek şol işleriň esasy maksady bolup durýar.

Giňişleýin
BELENT MAKSATLAR — BAKY ROWAÇLYGA BADALGA

19.05.2023

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini gazanmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi eziz Diýarymyzyň ykdysady taýdan ösýändiginiň, syýasy taýdan at-abraýynyň belende göterilýändiginiň subutnamasy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, asylly başlangyçlaryň, halk bähbidine gönükdirilen iri möçberli taslamalaryň, durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny anyk kesgitleýän milli we döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi esasynda ýurdumyzyň daşary we içeri syýasaty gün-günden belent ösüşleri nazarlaýar. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, «Häzirki döwürde alnyp barylýan işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmeginde ähmiýetlidir».

Giňişleýin
ÖSÜŞIŇ HEREKETLENDIRIJI GÜÝJI

16.05.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garalyp, olara uly ynam bildirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ynamyna eýe bolan ýaşlaryň ata Watanymyza mynasyp, ylymly-bilimli, edepterbiýeli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup ýetişmegi üçin döredilen şertler bolsa her birimizi buýsandyrýar. Ýaşlara ynam — geljege ynam. Ýaş nesilleriň nurana geljegi, ilkinji nobatda, ylym-bilim, edep-terbiýe bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 10-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde şeýle diýip belledi: «Ýene-de birnäçe wagtdan ýaş nesilleriň gerdenine geljekde ýurdumyzy dolandyrmak wezipesi düşer. Munuň üçin olardan maksatlara ýetmekde hakyky watançylyk, ýokary hilli bilim almak we yhlasly zähmet çekmek talap edilýär. Ýaş nesiller Türkmenistany ösdürmekde aýgytly orny eýelemelidirler, ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwrülmelidirler». Bu beýik ynamy ödemek üçin ýaşlaryň öňküden-de yhlasly okap, işläp, öňde goýlan maksatlary üstünlikli durmuşa geçirip, diňe öňe tarap hereket etmegi zerurdyr. Nesil terbiýesinde Milli Liderimiziň sargytlary, gymmatly kitaplary, öwütündewleri mizemez ýol-ýörelgedir, ýaş nesle kämil bilim-terbiýe bermekde, olaryň Watana, il-halka bolan söýgüsini artdyrmakda gymmatly gollanmadyr.

Giňişleýin
BAGTYMYZYŇ EŞRETLI ÝOLY

13.05.2023

Dogrusy, sagdyn durmuşy esasy ýörelgämiz edinmek her birimiz üçin bagtyýarlygymyzyň eşretli ýolunda abadan ýaşaýşyň kepilidir. Jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň berkararlygyny gazanmaga gönükdirilen degerli işler giň gerime eýe bolup, gowy netijeler gazanylýar. Neşekeşlige, arakhorluga, çilimkeşlikdir naskeşlige garşy göreş jemgyýetimiziň mäkämligini, agzy birligini üpjün etmekden, halkyň saglygyny goramakdan ybaratdyr.

Giňişleýin
EDEP-TERBIÝE MAŞGALADAN BAŞLANÝAR

10.05.2023

Maşgala diňe bir hukuk gatnaşyklarynyň däl, eýsem, ilkinji nobatda, söýginiň, hormatyň we beýleki ahlak kadalarynyň binýadynda döredilýär. Türkmen maşgalasynda hereket edýän birek-birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, ene-atanyň sözüni ýykmazlyk, gelniň ýaşynmagy, gyzyň uýat-haýaly bolmagy, maşgalabaşynyň erkek adam bolmagy ýaly kämil ýörelgeler «ýazylmadyk kanunlardan» emele gelýär. Jemgyýetiň ahlak, ruhy, edep kämilligi maşgalanyň kämillik derejesine baglydyr. Jemgyýet maşgaladan başlanýar. Jemgyýeti sagdyn we arassa saklamak üçin maşgalany arassa saklamaly. Hatda jemgyýetiň dynçlygy, oňşuklylygy hem maşgaladan başlanýar. Ýurtsuz millet bolmaýar, öýsüz hem maşgala. Türkmen maşgalasy, adatça, uly, köp çagaly bolýar. Maşgala her näçe uly bolsa-da, bir gapydan girip-çykmak, bir saçakdan çörek iýmek gadymdan gelýän kadadyr. Alty-ýedi ogluny öýerip, on-ýigrimi agtygy bilen agzybirlikde ýaşaýan maşgalany görüp begenýärsiň.

Giňişleýin
BAGTYÝAR NESILLER ALADA BILEN GURŞALÝAR

07.05.2023

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar syýasatyna uly üns berilmegi ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar nesillerimiz üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmegi baradaky aladadan gözbaş alýar. Üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi hem bu aladanyň aýdyň nyşany bolup, bu çözgüt döwrümiziň sesine ses goşýan, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan beýik işlerine goşant goşmakda yhlas-başarnyklaryny orta goýýan ýaşlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzy, nurana ertirlere ynamymyzy, aýdyň maksatlarymyzy belentde tutup, biz ýetip gelen 2023-nji ýyla «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip at berdik. Bu bolsa Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara bildirilen uly ynamdyr» diýip belledi. Elbetde, Arkadagly Serdarymyzyň belent ynamyny ödemek, şu mukaddes Watana, il-güne gerekli adamlar bolup ýetişmek, ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekmek ýaşlaryň öňündäki mukaddes borçdur.

Giňişleýin
ÝARAMAZ ENDIKLERDEN GORANMAGYŇ ESASLARY

04.05.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda raýatlara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň dünýä derejesine ýetirilmegini, ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmegini, saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklere garşy göreşilmegini, türkmenistanlylaryň beden we ruhy taýdan sagdynlygynyň gazanylmagyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitledi. Bu babatda 2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy raýatlaryň saglygyny jemgyýetiň esasy gymmatlygy hökmünde sarpalamak däbi döwrebap derejede ösdürilýändiginiň nyşany bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 52-nji maddasynda her bir adamyň saglygyny gorap saklamak boýunça döwlet syýasatynyň beýan edilmeginiň uly ähmiýeti bardyr. Şeýle konstitusion kadalar «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda has giňişleýin düzgünleşdirilýär.

Giňişleýin
ARKADAG ŞÄHERI WE ŞÄHERGURLUŞYK IŞI

01.05.2023

Asyrlaryň dowamynda dünýäniň çar künjünde azymazym şäherleri, döwletleri guran türkmen halkynyň bu günki şöhratly nesli öz mukaddes ata Watanynda döwrebap we milli ruhda nusgalyk şäherleri gurýar. Ýurdumyzyň göwher gaşyna öwrülen şol şäherleri bezäp oturan binalary synlanyňda, hormatly Prezidentimiziň egsilmez hyjuwy, Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz yhlasy aýdyň görünýär. Dana Pyragynyň: «Isgender, Jemşit saldyran//Beýik binalar görüner» diýen setirlerini seriňde aýlap, şol ajaýyp binalar bilen bilelikde olary gurduran beýik şahsyýetleriň hem atlarynyň taryha ýazylýandygyna akyl ýetirýärsiň. «Döwlet ähmiýetli şäher» diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenilen Arkadag şäheri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe binagärlige siňen hakyky nurana keşbidir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, türkmen tebigatynyň gözel künjekleriniň birinde bina edilen Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň güýç-kuwwatyny we ägirt uly ösüş mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär edýär. Bu ýerde milli we häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleri utgaşdyrylyp, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda alnyp barylmagy ata Watanymyzyň döwrebap ösüşleriniň, milliligimize goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr.

Giňişleýin
HALAL ZÄHMET — BAKY DÖWLET

28.04.2023

Gahryman Arkadagymyz terbiýeçilik işiniň täsirine ýugrulan «Ömrümiň manysy» atly dürdäne eserinde: «Nesillerimizi ýetişdirmek bilen biz öz geljegimizi gurýarys. Bu meselede halypalaryň egnine juda mukaddes borç, edil şonuň ýaly hem uly wezipe düşýär. Meniň bu ýerdäki «halypalar» diýýänim, ilkinji nobatda, ata-enelerdir, terbiýeçilerdir, mugallymlardyr, dürli ugurlardan öz işine ussat adamlardyr. Halkymyz öz nesillerini geçmişde-de şeýdip ýetiş-diripdir. Ata-babalarymyz öz nesillerini, ine, şu taýsyz nusganyň - hünär, düşünjelilik, zerur dilleri öwrenmek, Watany jan-dilden söýmek, tutanýerlilik, zehiniňi ýerinde ulanmak we zähmetsöýerlik babatdaky beýik mekdebiň, beýik ruhy akademiýanyň gujagynda ýetişdiripdirler» diýip nygtamak bilen, nesillerimizi merdana ata-babalarymyzyň bize baky miras galdyran maddy we ruhy mukaddeslikleri esasynda terbiýelemegi nesihat edýär.

Giňişleýin
TERBIÝE—ÝAŞLARYŇ ÝARAŞYGY

25.04.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimize bildirilýän beýik ynamyň nyşany bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda täzeden-täze başlangyçlaryň binýady goýulýar, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, olaryň innowasion tehnologiýalardan kämil baş çykarmagy, döwrebap hünärleri ele almagy üçin ähli amatly şertler döredilýär. Ata-babalarymyz döwletliligi, rysgal-bereketliligi, ýagşy niýetliligi, pespälligi, ynsanperwerligi ömrüň manysy hasap edipdirler. Şu ýörelgelere eýerip, öz nesillerini adamzadyň bagtly ýaşaýşy üçin iň gerekli bolan watansöýüjilik, asyllylyk, medeniýetlilik, edep-ekramlylyk, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw etmek ýaly häsiýetler bilen terbiýeläpdir. Bu ýörelgeler häzirki zaman terbiýesine hem mahsus bolup, şunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän eserler nusgalyk mekdep bolup hyzmat edýär.

Giňişleýin
WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

22.04.2023

Sarahs etrap Medeniýet öýünde etrap prokuraturasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek üstünligiň açarydyr» ady bilen geçirilen duşuşyga bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy. Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň başlygy Batyr Goşaýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy Wepa Ýazgylyjow we beýlekiler çykyş edip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzy gurşap alan ösüşlerdir özgertmeler, ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi dogrusynda tasirli gürrüň berdiler. Sport bilen meşgullanmak. sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek. ýaramaz endiklerden daşda durmak bilen bagly aýdylan maslahatlar ýaşlar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Giňişleýin
SAGDYN NESIL — BAGTYÝAR GELJEK

19.04.2023

Gökdepe etrap merkezindäki Medeniýet köşgünde etrabyň prokuraturasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen duşuşyga etrapdaky mekdeplerden ýokary synp okuwçy ýaşlar gatnaşdy. «Sagdyn nesil — bagtyýar geljek» şygary astynda geçen duşuşykda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda berkarar Watanymyzyň durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar, ýaşlaryň bagtyýarlygyna gönükdirilen tagallalar dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi. Duşuşygyň barşynda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga işjeň çekmek ugrunda alnyp barylýan işleriň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Giňişleýin
KÄMIL KANUNÇYLYK — BERK BINÝAT

16.04.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan saýlap alan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna yzygiderli eýerýär. Ýurdumyz döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmekde işjeň hem-de oňyn başlangyçlar bilen çykyş edip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge mynasyp goşandyny goşýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basmagy bilen, kanunçylygy hem-de döwlet dolandyryş işini kämilleşdirmegiň, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejelere götermegiň biziň önümizde esasy wezipe bolup durýandygyny belledi. Dünýäde üýtgäp duran ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýlaryň, şeýle hem ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda durmuşa ge- çirilip başlanan özgertmeleriň bizden döwlet-hukuk institutlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi, täze kanunlary gaýra goýman kabul etmegi, olary örän çalt durmuşa ornaşdyrmagy. Türkmenistanyň milli hukuk ulgamynda Konstitusiýanyň jemgyýetdäki ornuna we ähmiýetine täzeden garamagy talap edýändigini nygtady.

Giňişleýin
JEMGYÝETIŇ DÖREDIJILIK GÜÝJI

13.04.2023

Milli demokratiýany barha dabaralandyrýan, bütin dünýä äşgär edýän taryhy başlangyçlaryň Garaşsyz döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde,jemgyýetde agzybirligi pugtalandyrmakda, il-ýurt bähbitli meseleleriň halkyň ygtyýarly wekilleri bilen maslahatlaşylyp çözülmegini üpjün etmekde ähmiýetiniň iňňän ýokarydygyny buýsanç bilen bellemelidiris Ýaşlar ýurdumyzyň ertirini gurujylardyr. Ýaşlaryň golunda Watan baýdagy, ýüreginde Watan söýgüsi, dilinde Watan aýdymy, Watan we ýaşlar bir-biri bilen sazlaşykly, özboluşly gymmatlykdyr. Ýaşlar biziň geljegimizdir, Watanymyzyň ertirki abraý-mertebesidir. Ýylymyzyň buýsançly şygary ýürekleri hyjuwly, gollary gujurly türkmen ýaşlaryna bolan ynamy, olaryň öňündäki mukaddes borjy, belent jogapkärçiligi özünde jemleýär. Sebäbi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň kalby eziz Diýarymyza, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döredijilikli başlangyçlaryna bolan buýsançdan püre-pürdür.

Giňişleýin