04.05.2024
"Maru-şahu jahan" gazeti
Giňişleýin01.05.2024
Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşleriň gazanylmagyna ajaýyp şertleri döredýän tutumly işler durmuşa geçirilýär. Bu işlerde hormatly Prezidentimiziň halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalary bar.
Giňişleýin26.04.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri , Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen türkmen halkynyň ösen gadymy medeniýeti, maddy gymmatlyklary täze mazmuna eýe boldy. Halkymyzyň irki döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan taryhynyň dowamynda toplan tejribesini, nesillere galdyran ajaýyp maddy we medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda çuň we hemmetaraplaýyn öwrenmek hem-de olary halka ýetirmek örän wajyp meseleleriň biri bolup durýar.
Giňişleýin22.04.2024
Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. Obadyr şäherlerde durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen birlikde,döwrebap bilim edaralary yzygiderli gurulýar. Ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistanyň 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, sanly bilim ösdürilýär. Milli bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine çykarylmagy häzirki döwürde ýurdumyzda toplumlaýyn wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berdi. Munuň özi, ilkinji nobatda, halkara derejeli bilim ojaklarynyň döredilmegi, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki okuw-terbiýeçilik edaralarynyň binalarynyň gurulmagy, olaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, şol sanda internet arkaly dünýä maglumatlar binýadynyň we elektron kitaphanalaryň giň elýeterliligi bilen baglydyr.
Giňişleýin19.04.2024
Ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik durmuşynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy iňňän möhüm ähmiýete eýedir. Çünki Esasy Kanunymyz döwletiň jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklarynyň berk hukuk binýady bolmak bilen, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny kepillendirmegiň ygtybarly goragyny üpjün edýär. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda, ählihalk tarapyndan ara alyp maslahatlaşmagyň netijesinde, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi hem-de ol rejelenen görnüşde kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň syýasy durmuşynda möhüm wakalaryň birine öwrüldi. Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşinde «Prezident», «Watan» we «halk» diýen mukaddes düşünjeleriň bitewüligi doly beýanyny tapýar. Olar Garaşsyz, baky Bitarap türkmen döwletiniň ygtybarly ösüşiniň, rowaçlyklarynyň binýadyny emele getirýär. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini gazanmak, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny demokratiýalaşdyrmak, medeni-ynsanperwer ulgamy kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygy işjeň leşdirmek meseleleriniň berk hukuk binýady döredilip, bu ugurlarda Diýarymyzda dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar.
Giňişleýin15.04.2024
Mälim bolşy ýaly, Watanymyzda elektron resminama, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýän hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilen «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanunda elektron söwda diýlip, elektron maglumat ulgamlaryndan, telekommunikasiýa aragatnaşyk torlaryndan we elektron amallaryndan peýdalanmak bilen, geleşikler edilende elektron resminamalaryň alşylmagy arkaly amala aşyrylýan uzaklykdan satmak arkaly edinilýän söwdanyň görnüşine düşünilýändigi görkezilýär. Şeýle hem elektron söwda satyn almak-satmak, üpjün etmek, daşamak, karz bank hyzmaty, saklamak, ätiýaçlandyryş, tabşyryk, eýeçiligiň ynanç haty esasynda dolandyrylmagy, bäsleşik, Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göz öňünde tutulan beýleki geleşikler, şeýle hem telekeçilik işiniň çygrynda gaýry hukuklaryň, borçlaryň edinilmegi we amala aşyrylmagy ýaly ugurlaryň degişlidigi barada görkezilendir. Söwda işiniň onlaýn tertipde alnyp barylmagy hem-de alyjylar üçin internet dükanlarynyň döredilmegi haryt dolanyşygynyň sazlaşyklylygyny we üznüksizligini üpjün etmäge, sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak üçin hyrydarlygy öwrenmäge, hyzmatlaryň edilişini döwrebaplaşdyrmaga ýardam edýär. Soňky wagtda internet-dükanlaryň we olardan peýdalanyjylaryň sany barha artýar.
Giňişleýin12.04.2024
Ýurdumyzda çagalaryň goraglylygy döwlet tarapyndan kepillendirilendir. «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenilişi ýaly, on sekiz ýaşyna ýetmedik adam çaga hökmünde ykrar edilip, belli bir hukuga eýe bolmak ukyby onuň doglan pursadyndan ýüze çykýar. Agzalan Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan her bir çaganyň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, durmuş we emläk ýagdaýyna, özüniň we ata-enesiniň ýaşaýan ýerine, diline, bilimine, dini garaýşyna, dogluş ýagdaýyna, saglygyna ýa-da beýleki ýagdaýlaryna garamazdan, hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligini kepillendirilýär. Her bir çaganyň özüne berlen ähli hukuklardan we azatlyklardan peýdalanmaga hukugy bardyr. Çaganyň hukuklary, azatlyklary we kanuny bähbitleri durmuşa geçirilende onuň iň gowy bähbitleri üpjün edilmelidir.
Giňişleýin09.04.2024
Milli medeni mirasymyz täze taryhy eýýamda döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň, nesilleri ruhy, ahlak taýdan kämilleşdirmegiň berk binýatlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde medeni mirasymyzy aýawly saklap, dünýä ýaýmakda, geljekki nesillere ýetirmekde gazanylan ägirt uly üstünlikler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent derejelere göterilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dürli derejeli çäreler munuň subutnamalarydyr.
Giňişleýin05.04.2024
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ynsan köňüllerine saçýan şuglasy ýyllar geçdigiçe has-da güýçlenýär. Nusgawy şahyrymyzyň eserleriniň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin alymlar tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Beýik Pyragynyň ХVIII asyrda aýdan nesihatlary, öwüt-ündewleri ähli döwürlerde, şol sanda häzirki ajaýyp zamanamyzda hem durmuşda ýol görkeziji şamçyrag bolup durýar. Gündogaryň beýik akyldary özüniň ajaýyp şygyrlarynda türkmen halkyny jebisleşdirmek, onuň agzybirligini gazanmak, Watany goramak hem söýmek, adamlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek taglymatlaryny öňe sürýär, adalatlylyk üçin göreşmäge, namartlygy, galplygy, ikiýüzlüligi ýazgarmaga çagyrýar.
Giňişleýin01.04.2024
Toý-märekelerde, üýşmeleňlerde adamlaryň arasynda bir zat barada jedel gidende, ylymly-bilimli, hat-sowatly adamlar: «Magtymguluda şeýleräk», «Pyragy şeýle diýipdir» diýse, şol ýerde jedeller kesilýär. Sebäbi halkymyz Magtymguly Pyraga, onuň pelsepewi pikirlere baý bolan şygyrlaryna bütin kalby bilen ynanýar. Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda, nusgawy edebiýatynda uly orun tutýan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy egsilmez ruhy hazynadyr. Magtymgulynyň döredijiliginde halkymyzyň dünýä hakyndaky oýlanmalarynyň, pikir-düşünjeleriniň çuňlugy we özeni jemlenendir.
Giňişleýin26.03.2024
Islendik döwletiň ösüşini ylmyň, bilimiň, tehnikanyň ösüşinden aýry göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu ugurda soňky gazanylanlary önümçilige ornaşdyrmak milli ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şoňa göräde, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda ylymbilim ulgamy täzeçil başlangyçlar arkaly baýlaşdyryldy, döwrebaplaşdyryldy. «Garaşsyz Watanymyzda örän gysga taryhy döwrüň içinde ylym ulgamynyň binýatlaýyn esaslaryny hasda pugtalandyrmak we dünýä derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň netijeliligini jemgyýetimiziň, döwletimiziň ösüşlerine gönükdirmek, adam maýasyny kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyryldy» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki döwürde bu ugurdaky oýlanyşykly döwlet syýasatyny mynasyp dowam etdirýär.
Giňişleýin23.03.2024
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly buýsanç bilen garşylan agzybir halkymyz gazanylan üstünlikleri berkitmek ugrunda zähmetsöýerligiň belent nusgasyny görkezip, rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan il-ýurt, dünýä ähmiýetli başlangyçlar hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda mynasyp dowam etdirilip, täze-täze belent sepgitlere ýetilýär. Ykdysadyýetde we durmuşyň beýleki ugurlarynda gazanylýan ägirt uly ösüşleriň netijesinde ýurdumyz dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, ýurdumyzyň sebitlerini düýpli özgertmek, ýaşaýyş-durmuş düzümini döwrümiziň täze talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Günsaýyn gözelleşýän oba-şäherler, yzygiderli gurlup ulanmaga berilýän medeni-durmuş ähmiýetli binalardyr desgalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý geçmiş taryhyny, özboluşly medeniýetini, sungatyny halkara derejede wagyz etmek boýunça hem uly işler alnyp barylýar. Şu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede dabaraly bellenilmegini munuň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde görkezmek bolar.
Giňişleýin19.03.2024
Ýurdumyzyň şanly wakalary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary döwlet syýasatynyň durmuş hakykatyny dabaralandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda gol çeken Karary bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine Arkadag şäherinde azyk, senagat, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň önümçilik zolagynda binalary hem-de desgalary gurmak üçin maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Goetzpartners Emerging Markets GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berilmegi hem munuň nobatdaky dabaralanmasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň bu taryhy Karary sebitlerimiziň sazlaşykly ösdürilmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň bütindünýä ýalkym saçýan buýsanjy bolan Arkadag şäherini ösdürmek babatdaky döwlet maksatnamalarymyzda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan bina bolan Arkadag şäherine sanly ulgamyň iň kämil çözgütlerini ornaşdyryp, halky hakynda alada etmegiň beýik nusgasyny görkezýän hormatly Prezidentimize egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys.
Giňişleýin13.03.2024
— Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän adyl syýasatynyň netijesinde toýlar-toýa ulaşýar. Ösüşleriň saýasynda uly ruhy galkynyşa eýe bolýan ýurdumyzyň her bir raýaty bu toýlara mynasyp zähmet ýeňişleri bilen gelýär. Maňa-da «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinde toýlanylýan Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanmak bagty nesip etdi. Bu döwlet sylagyna mynasyp bolmagym meni döwletimizde kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak we döwletiň kanun tarapyndan goralýan bähbitlerini üpjün etmek bilen baglanyşykly alyp barýan işlerimizde mundan beýläkde jan aýaman zähmet çekmäge, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatyny durmuşa geçirmekde mynasyp goşant goşmaga borçlandyrdy. Halkymyzyň abadan durmuşynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, buýsançly başlary aman, ilimiziň bagtyýar durmuşy dowamat-dowam bolsun!
Giňişleýin09.03.2024
— Ösüşlere beslenýän ýurdumyzda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiz şanly sepgitleri nazarlaýar. Adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülip, her bir raýatyň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy, ýurdumyzyň ösüşine goşant goşmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ak ýürekden zähmet çekýän her bir raýat höweslendirilýär. Maňa-da ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli döwlet sylagy «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanmak bagty nesip etdi. Meniň prokuratura edaralarynda hukuk tertibi we kanunçylygy pugtalandyrmaga goşan şahsy goşandymyň nazara tutulyp, döwlet sylagy bilen sylaglanmagym Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza ak ýürekden, ýokary hünär derejesinde gulluk etmäge, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrdy. Ýurdumyzyň şanyna şan goşýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Giňişleýin04.05.2024
SAGDYN DURMUŞYŇ ALADASY01.05.2024
AÝDYŇ MAKSATLARYŇ ÝOLY BILEN26.04.2024
ÄNEW MEDENIÝETI — GADYMY TARYH19.04.2024
DÖWLET BERKARARLYGYNYŇ HUKUK BINÝADY15.04.2024
SANLY YKDYSADYÝET — ÖSÜŞLERE BADALGA12.04.2024
ÇAGALARYŇ HUKUKLARYNYŇ GORAGLYLYGY09.04.2024
MEDENI MIRASYŇ BELENT SARPASY05.04.2024
ÄHLI DÖWÜRLERIŇ RUHY HAZYNASY01.04.2024
MAGTYMGULY — KÖŇÜLLERIŇ TÄJI26.03.2024
ÖSÜŞI NAZARLAÝAN ÖZGERTMELER23.03.2024
Rowaçlygyň aýdyň ýoly19.03.2024
ÝAKYMLY HABAR13.03.2024
WATAN MERTLERI BEÝGELDÝÄR09.03.2024
WATAN MERTLERI BEÝGELDÝÄR