Metbugat neşirleri

MILLILIK — MILLETIŇ MERTEBESI

12.11.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň köp asyrlyk durmuş tejribesi esasynda toplanan milli mirasymyzy, jemgyýetiň ruhy baýlyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmek, gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak, aýap we gorap saklamak hem--de geljekki nesillere ýetirmek ugrunda yzygiderli tagallalar edilýär. Paýtagtymyzyň gözel künjeginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi, medeni ojaklarda halkymyzyň aýalyp, goralyp saklanylýan baý milli mirasynyň, medeni gymmatlyklarynyň her biriniň hasaba alnyp, ylmy taýdan öwrenilmegi hem-de olaryň ähmiýetiniň açylyp görkezilmegi bilen, bu ugurda alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar.

Giňişleýin
ÖSÜŞ­LE­RIŇ BIN­ÝA­DY

09.11.2023

Ýur­du­my­zyň de­mok­ra­tik, hu­kuk we dün­ýe­wi döwlet­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýan ka­nun­çy­lyk ul­ga­my­nyň bar­ha pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy ra­ýa­tyň we ada­myň hu­kukla­ry­nyň hem-de azat­lyk­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de üp­jün edil­me­gi­ni şert­len­dir­ýär. Hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän mil­li ka­nun­çy­ly­gyň dö­re­dil­me­gi her bir ra­ýa­tyň hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny üp­jün et­me­giň yg­ty­bar­ly esa­sy bo­lup, jem­gy­ýe­tiňwe döw­le­tiň bäh­bitle­ri­niň go­ra­gyn­da dur­ma­ga,Ga­raş­syzTürk­me­nis­ta­nyň has-da ýo­ka­ry dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şe eýe bol­ma­gy­na ýar­dam ber­mä­ge, türk­men hal­ky­nyň aba­dan, pa­ra­hat we bagt­ly dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. 

Giňişleýin
RUHUBELENTLIGIŇ ÖZENI

06.11.2023

Ýurdumyzda “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýilýän ýörelgä eýerilip, ilgünümiziň saglygy hakynda alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ynsan saglygynyň goragyna gönükdirilen bähbitli tagallalaryň birem ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly ilatyň saglygyny goramakdan, jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň berkararlygyny gazanmakdan ybarat.

Giňişleýin
ZÄHMETI GORAMAGYŇ KADALARY

03.11.2023

Türkmenistanyň Zähmet kodeksi guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, edara-kärhanalarda we guramalarda aýry-aýry şahsy taraplarda baglaşylan zähmet şertnamasynyň şertlerinde işleýän şahslaryň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Şu Kodeksde zähmeti goramagyň kanunçylyk kadalary kesgitlenendir. Kodeksiň 171-nji maddasynda bellenilişi ýaly, zähmeti goramak — munuň özi zähmet işiniň barşynda işgärleriniň ömrüniň we saglygynyň howpsuzlygyny üpjün ediş ulgamydyr. Muňa hukuk, durmuş-ykdysady, guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we beýleki çäreler we şertler girýär.

Giňişleýin
GARAŞSYZLYGY, AGZYBIRLIGI ARZUWLAN ŞAHYR

30.10.2023

Halk arasynda saklanyp galan we şu günlere çenli gelip ýeten rowaýatlara görä, kitaby guba düýä çalşan türkmeniň beýik şahyry, alymy hem akyldary Magtymguly Pyragynyň şirin şygyrlary üç asyra golaý wagt bäri il-günüň kalbyny keşdeläp, olary haýyr-sogaba hem halallyga çagyryp, erkinlige hem agzybirlige, ýagty, ýagşy ertirlere tarap ruhlandyryp gelýär. Özüniň aýdyşy ýaly: «Türkmeniň söz- lär dili» bolup, kalplarda saýran şahyr diňe bir türkmen milletiniň arasynda däl, eýsem, dünýä derejesinde meş- hur bolan nusgawy ägirtleriň hatarynda sarpalanýar. Özünden soňkulara çeper söz äleminde nusgalyk ýol-ýörelge goýup giden akyldar şahyr hem dili — köňül kelamy bilen garaşsyz, erkin ýurdy, il-halkyň agzybirligini arzuwlapdyr. Sebäbi şahyryň ýaşan döwri halkymyzyň taryhynyň örän kyn hem çylşyrymly, gapma-garşylyklardan doly döwridi. Agzybir, garaşsyz, özbaşdak döwlet gurmak, özara ylalaşykly ýa- şamak, dost-doganlyga ýol açmak şa- hyryň düýp maksady, köňül küýsegi bolupdyr. Şahyryň şeýle möhüm meseleler bilen baglanyşykly mundan üç asyr çemesi öň aýdan dürdäne sözleri edil biziň şu günlerimizde-de täzeçe, özboluşly many-mazmuna eýe bolup, ýüreklere ýakyn ýaňlanýar.

Giňişleýin
BAŞ BAÝLYGYŇ GORAGYNDA

26.10.2023

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize giňden ornaşdyrmak, raýatlaryň, aýratyn hem, ýaş nesilleriň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak babatda uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda wagyz-nesihat çärelerini geçirmek hem ajaýyp zamanamyzda asylly däbe öwrüldi. Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti bilen welaýat kitaphanasynda geçiren çärämiz hem şolaryň hatarynda mynasyp orun aldy.  «Sagdyn durmuş — sagdyn jemgyýet» ady bilen geçiren wagyz-nesihat çärämizde hormatly Prezidentimiziň temmäki önümleriniň, suw çiliminiň guralynyň we şiresiniň, elektron çilimiň bikanun ýollar bilen ýurdumyza getirilmegine, olaryň bikanun söwdasyna we ulanylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, bu babatda giňişleýin gürrüň edildi. Abadan jemgyýetimizde çilimkeşlik ýaly zyýanly endigi aradan aýyrmak boýunça anyk çäreleriň görülýändigi, şolara her bir raýatyň öz goşandyny goşmalydygy aýratyn nygtalyp, temmäki tüssesiniň adamyň saglygyna ýetirýän zyýanly täsiri barada anyk delillere salgylanylyp aýdyldy. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinmek babatda ýurdumyzda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi buýsanç bilen bellenildi. Halkyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgesiniň has-da rowaçlanmagy barada uly aladalary edýän Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdyldy.

Giňişleýin
Hu­su­syýetçiligiň kanunçylyk binýady

23.10.2023

Döwletimiziň ykdysadyýetiniň kuwwatyny artdyrmakda, ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda, uzak möhletleýin döwlet maksatnamalarynyň rowaçlygyny gazanmakda hususy pudagyň orny uludyr. Türkmen işewürleriniň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda alyp barýan döredijilikli, netijeli işleri muňa aýdyň subutnamadyr. Munuň özi hususyýetçiligiň köpugurly ösüşi gazanmaga, önümçiligi netijeli dolandyrmaga ukyplydygynyň tassyknamasydyr. Şeýle hakykatlardan ugur alnyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň telekeçiligi ösdürmekdäki düýpli tutumlary täze taryhy eýýamda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. 

Giňişleýin
DÖW­RE ­BUÝ­SANÇ

19.10.2023

Hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­mi­ziň:­ «Hä­zir­ki­ dö­wür­de­ dün­ýä­de tu­tuş ­bir ­şä­he­ri ­gu­rup, ­ulanma­ga­ ber­ýän­ döw­let­ler­ köp­ däl­dir.­ Bu­ bol­sa­ bi­ziň­ ýur­du­my­zyň­ yk­dysa­dy­ kuwwa­ty­nyň­ art­ýan­dy­gy­na,­ hü­när­men­le­ri­mi­ziň­ taý­ýar­ly­gy­nyň go­wu­dy­gy­na­ aýdyň şa­ýat­lyk ­ed­ýär»­ di­ýip­ bel­leý­şi­ ýa­ly,­ se­bit­de ­ýe­ke-täk­ «akyl­ly»­ Ar­ka­dag­ şä­he­ri­ni­ guranla­ryň­ hut­ türk­men­ te­le­ke­çi­le­ri­di­gi örän­ gu­wan­dy­ry­jy­dyr.­ Gahryman Arkadagymyzyň ­ýi­ti ­ze­hi­ni, ­eg­sil­mez yh­la­sy­ si­ňen ­Ar­ka­dag­ şä­he­rin­de ­alnyp­ bar­lan äh­li­ iş­le­riň­ yl­my­ esas­la­ra da­ýan­ýan­dy­gy­ny,­ ola­ryň­ tä­ze­çil­ çeme­leş­me­ler­ bi­len,­ döwre­bap­ de­reje­de­ ýe­ri­ne­ ýe­ti­ri­len­di­gi­ni­ bel­le­mek ge­rek.­ Ýur­du­my­zyň ­san­ly­ja­ ýylla­ryň için­de­ yk­dy­sa­dy ­we­ se­na­gat­ taý­dan öňe­ gid­ýän ­döw­let­ hök­mün­de­ özü­ni yk­rar­ et­dir­me­gi,­ hu­su­sy­ te­le­ke­çi­lik pu­da­gy­nyň ­hem­ has-da ­pa­jar­la­magy­na ­uly ­şert­ dö­ret­di.­ Mu­nuň­ şeý­ledi­gi­ni ­biz­ Gahryman ­Arkadagymyz,­ Arkadagly­ Serdarymyz­ tarapyndan ýur­du­myz­da­ dur­mu­şa ­ge­çi­ril­ýän ­halk bäh­bit­li,­ döw­let­ äh­mi­ýet­li­ iş­ler­de­ hem  gö­rüp­bil­ýä­ris. ­Bu­gün­ki ­gün ­türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň­ bi­ri-bi­rin­den­ ka­şaňbi­na­lary, ­aý­na­ýa­ly ­aw­to ­ýol­la­ry,­ döwre­bap­ «akyl­ly»­ ýa­şa­ýyş­ jaý­la­ry­ny we­ beý­le­ki­ iri­tas­la­ma­la­ry ­dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ­ukyp­ly­dyk­la­ry, ­hil­ we ­tejri­be­taý­dan­ kä­mil­leş­ýän­dik­le­ri­ örän buý­san­dy­ry­jy­dyr.

Giňişleýin
Bagtyýar çagalygyň mesgeninde

16.10.2023

Dünýä jemgyýetçiligi ata Watanymyz Türkmenistany in bagtyýar çagalaryn mekany we çagalygyn arzyly arzuwlarynyn hasyl bolýan ülkesi hökmünde ykraredýär. Bagtyýar nesillerimiziň beden, aňbilim, ruhy-ahlak we durmuş taýdan kämil bolup ýetişmegi, döwrebap bilim almagy üçin bolsa Arkadagly Serdarymyz ähli şertleri üpjün edýär. Tomus paslynda mekdep okuwçylaryna sapaly dynç alyşlary, gyzykly pursatlary bilen hezil berýän paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, etrapdyr obalarda bina edilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän çagalardynç alyş-sagaldyş merkezleri hem munuň aýdyň beýanydyr. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesiller bilen geçirilýän okuw-terbiýeçilik isleriniň döwletlilik ýörelgelerimiz esasynda ösdürilýändiginiň beýanydyr. Şol birwagtda hem bu isler Türkmenistanyň halkara şertnamalar esasynda çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek barada öz üstüne alan borçnamalaryny netijeli ýerine ýetirýändigine şaýatlyk edýär. Şular barada gürrüň edilende, 2021-nji ýylyň 29-njy martynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik ynsanperwerlige ýugrulan taýsyz tagallalary bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ynsanperwerligiň dünýä nusgalyk göreldesi bolandygyny ildeşlerimiz buýsanç bilen nygtaýarlar.

Giňişleýin
ARKADAG ŞÄHERI— ROWAÇLYGYŇ MEKANY

12.10.2023

«Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly ajaýyp eserde nygtalyşy ýaly, Köpetdagyň eteginde, ýurdumyzyň tebigy taýdan iň gözel künjeginde göýä ertekilerdäki ýaly, ak bina lary lowurdap duran şäheriň peýda bolmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasy nyň gudra tydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, geljegiň şäheri adyny alan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyýarlylygynyň, onuň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň, durmuş ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şäherde alnyp barlan ähli işler ylmy esaslara daýanmak bilen, täzeçil çemeleşmeler esasynda, döwrebap derejede ýerine ýetirildi. Bu şäherde adamlaryň oňaýly şertlerde ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikler döredildi, raýatlarymyzyň müňlerçesine täze jaýly, täze işli bolmak bagty miýesser etdi.

Giňişleýin
DÖWRÜŇ TALABYNA EÝERILÝÄR

08.10.2023

Galkynyşly döwrümiziň ýyllarynda Garaşsyz, döwletimiziň ösüş-özgerişleriniň we demokratik ýol-ýörelgeler bilen ynamly öňe gitmeginde tutumly tagal- lalaryň bady artýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda rowaçlanýan düýpli özgertmeler raýat jemgyýetimiziň demokratik ýol-ýörelgeler bilen ösdürilmegine-de bähbitli täsirini ýetirýär. Milli kanunçylygymyzy kämilleş- dirmegiň çäklerinde kabul edilýän täze kanunlar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň ösüşli ýoluna itergi berýär.

Giňişleýin
DERWAÝYS MESELÄNIŇ ÇÖZGÜDI

04.10.2023

Garaşsyz döwletimiziň ylym-bilim ulgamynyň işi ösüşli döwrümiziň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz bu meseläniň çözgüdine iňňän uly ähmiýet berip, nesil terbiýesi bilen bagly wajyp wezipeleri öňde goýýar. Şol bir wagtda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň işiniň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagam şu günüň talaby. Türkmenistanyň “Bilim hakynda”, “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda” Kanunlary, Maşgala kodeksi ýurdumyzda nesil terbiýesi bilen bagly meseleleriň hukuk binýadyny kesgitleýär.

Giňişleýin
RUGSATLARA BOLAN HUKUK

01.10.2023

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hereket edýän kanunçylyga laýyklykda işleýänlere dynç almak üçin rugsat berilýär. Bu meseläniň çözgüdi Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde düzgünleşdirilendir. Şu Kodeksiň VI bölüminiň 83-nji maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň işleýän raýatlarynyň şu Kodekse laýyklykda her ýylky tölegli esasy rugsada hukugy bardyr. Şeýle hem ady agzalan Kodekse laýyklykda işleýän raýatlaryň rugsatlaryň beýleki görnüşlerini almaga hukugy bardyr.

Giňişleýin
GÜLLER AÇÝAN DIÝARYM

28.09.2023

Galkynyşly döwrümiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ata Watanymyzyň şan-şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmakda edilýän tagallalar rowaç alýar. Türkmen halky hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen wezipeleriň berjaý edilmeginde tutanýerli zähmet çekýär. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny amala aşyrmagyň çäklerinde uly işler bitirilýär.

Giňişleýin
ÖMÜR DOWAMATYNYŇ MANYSY

25.09.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Baş- lygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban halkyna peşgeş berýän gyzyldan gymmatly eserleri il-günümizde guwanç duýgusyny döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň has-da baýlaşmagynda uly ähmiýete eýe bolýar.

Giňişleýin