Metbugat neşirleri

ARKADAG ŞÄHERI WE ŞÄHERGURLUŞYK IŞI

01.05.2023

Asyrlaryň dowamynda dünýäniň çar künjünde azymazym şäherleri, döwletleri guran türkmen halkynyň bu günki şöhratly nesli öz mukaddes ata Watanynda döwrebap we milli ruhda nusgalyk şäherleri gurýar. Ýurdumyzyň göwher gaşyna öwrülen şol şäherleri bezäp oturan binalary synlanyňda, hormatly Prezidentimiziň egsilmez hyjuwy, Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz yhlasy aýdyň görünýär. Dana Pyragynyň: «Isgender, Jemşit saldyran//Beýik binalar görüner» diýen setirlerini seriňde aýlap, şol ajaýyp binalar bilen bilelikde olary gurduran beýik şahsyýetleriň hem atlarynyň taryha ýazylýandygyna akyl ýetirýärsiň. «Döwlet ähmiýetli şäher» diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenilen Arkadag şäheri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe binagärlige siňen hakyky nurana keşbidir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, türkmen tebigatynyň gözel künjekleriniň birinde bina edilen Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň güýç-kuwwatyny we ägirt uly ösüş mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär edýär. Bu ýerde milli we häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleri utgaşdyrylyp, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda alnyp barylmagy ata Watanymyzyň döwrebap ösüşleriniň, milliligimize goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr.

Giňişleýin
HALAL ZÄHMET — BAKY DÖWLET

28.04.2023

Gahryman Arkadagymyz terbiýeçilik işiniň täsirine ýugrulan «Ömrümiň manysy» atly dürdäne eserinde: «Nesillerimizi ýetişdirmek bilen biz öz geljegimizi gurýarys. Bu meselede halypalaryň egnine juda mukaddes borç, edil şonuň ýaly hem uly wezipe düşýär. Meniň bu ýerdäki «halypalar» diýýänim, ilkinji nobatda, ata-enelerdir, terbiýeçilerdir, mugallymlardyr, dürli ugurlardan öz işine ussat adamlardyr. Halkymyz öz nesillerini geçmişde-de şeýdip ýetiş-diripdir. Ata-babalarymyz öz nesillerini, ine, şu taýsyz nusganyň - hünär, düşünjelilik, zerur dilleri öwrenmek, Watany jan-dilden söýmek, tutanýerlilik, zehiniňi ýerinde ulanmak we zähmetsöýerlik babatdaky beýik mekdebiň, beýik ruhy akademiýanyň gujagynda ýetişdiripdirler» diýip nygtamak bilen, nesillerimizi merdana ata-babalarymyzyň bize baky miras galdyran maddy we ruhy mukaddeslikleri esasynda terbiýelemegi nesihat edýär.

Giňişleýin
TERBIÝE—ÝAŞLARYŇ ÝARAŞYGY

25.04.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimize bildirilýän beýik ynamyň nyşany bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda täzeden-täze başlangyçlaryň binýady goýulýar, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, olaryň innowasion tehnologiýalardan kämil baş çykarmagy, döwrebap hünärleri ele almagy üçin ähli amatly şertler döredilýär. Ata-babalarymyz döwletliligi, rysgal-bereketliligi, ýagşy niýetliligi, pespälligi, ynsanperwerligi ömrüň manysy hasap edipdirler. Şu ýörelgelere eýerip, öz nesillerini adamzadyň bagtly ýaşaýşy üçin iň gerekli bolan watansöýüjilik, asyllylyk, medeniýetlilik, edep-ekramlylyk, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw etmek ýaly häsiýetler bilen terbiýeläpdir. Bu ýörelgeler häzirki zaman terbiýesine hem mahsus bolup, şunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän eserler nusgalyk mekdep bolup hyzmat edýär.

Giňişleýin
WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

22.04.2023

Sarahs etrap Medeniýet öýünde etrap prokuraturasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek üstünligiň açarydyr» ady bilen geçirilen duşuşyga bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy. Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň başlygy Batyr Goşaýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy Wepa Ýazgylyjow we beýlekiler çykyş edip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzy gurşap alan ösüşlerdir özgertmeler, ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi dogrusynda tasirli gürrüň berdiler. Sport bilen meşgullanmak. sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek. ýaramaz endiklerden daşda durmak bilen bagly aýdylan maslahatlar ýaşlar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Giňişleýin
SAGDYN NESIL — BAGTYÝAR GELJEK

19.04.2023

Gökdepe etrap merkezindäki Medeniýet köşgünde etrabyň prokuraturasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen duşuşyga etrapdaky mekdeplerden ýokary synp okuwçy ýaşlar gatnaşdy. «Sagdyn nesil — bagtyýar geljek» şygary astynda geçen duşuşykda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda berkarar Watanymyzyň durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar, ýaşlaryň bagtyýarlygyna gönükdirilen tagallalar dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi. Duşuşygyň barşynda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga işjeň çekmek ugrunda alnyp barylýan işleriň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Giňişleýin
KÄMIL KANUNÇYLYK — BERK BINÝAT

16.04.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan saýlap alan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna yzygiderli eýerýär. Ýurdumyz döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmekde işjeň hem-de oňyn başlangyçlar bilen çykyş edip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge mynasyp goşandyny goşýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basmagy bilen, kanunçylygy hem-de döwlet dolandyryş işini kämilleşdirmegiň, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejelere götermegiň biziň önümizde esasy wezipe bolup durýandygyny belledi. Dünýäde üýtgäp duran ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýlaryň, şeýle hem ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda durmuşa ge- çirilip başlanan özgertmeleriň bizden döwlet-hukuk institutlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi, täze kanunlary gaýra goýman kabul etmegi, olary örän çalt durmuşa ornaşdyrmagy. Türkmenistanyň milli hukuk ulgamynda Konstitusiýanyň jemgyýetdäki ornuna we ähmiýetine täzeden garamagy talap edýändigini nygtady.

Giňişleýin
JEMGYÝETIŇ DÖREDIJILIK GÜÝJI

13.04.2023

Milli demokratiýany barha dabaralandyrýan, bütin dünýä äşgär edýän taryhy başlangyçlaryň Garaşsyz döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde,jemgyýetde agzybirligi pugtalandyrmakda, il-ýurt bähbitli meseleleriň halkyň ygtyýarly wekilleri bilen maslahatlaşylyp çözülmegini üpjün etmekde ähmiýetiniň iňňän ýokarydygyny buýsanç bilen bellemelidiris Ýaşlar ýurdumyzyň ertirini gurujylardyr. Ýaşlaryň golunda Watan baýdagy, ýüreginde Watan söýgüsi, dilinde Watan aýdymy, Watan we ýaşlar bir-biri bilen sazlaşykly, özboluşly gymmatlykdyr. Ýaşlar biziň geljegimizdir, Watanymyzyň ertirki abraý-mertebesidir. Ýylymyzyň buýsançly şygary ýürekleri hyjuwly, gollary gujurly türkmen ýaşlaryna bolan ynamy, olaryň öňündäki mukaddes borjy, belent jogapkärçiligi özünde jemleýär. Sebäbi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň kalby eziz Diýarymyza, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döredijilikli başlangyçlaryna bolan buýsançdan püre-pürdür.

Giňişleýin
DÖWLET GULLUKÇYSYNYŇ EDEBI

10.04.2023

Ata-babalarymyzyň parasatly tagallalary bilen uzak taryhyň dowamynda jemgyýetimizde kämil edep kadalary babatda kämil derejede düzgünler işlenilip düzülipdir. Häzirki wagtda ynsanyň şahsyýet bolmagyna ýardam edýän şol düzgünler her bir türkmeniň häsiýetiniň bezegine öwrüldi. Ykbalyny Watana hyzmat etmäge baglan döwlet gullukçysynyň hem wezipe-borçlary bilen bagly işi ýerine ýetiren wagtynda özüni alyp barşynyň jemgyýet tarapyndan ykrar edilen ahlak ýörelgeleriniň, kadalarynyň we düzgünleriniň ulgamy bar. Hukuk döwletimizde bu ulgamyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine, döwlet gullukçysynyň ahlak keşbine we işewür sypatlaryna bolan talaplar ýokarlandyryldy. Şeýle-de onuň hünär işini mynasyp amala aşyrmagy üçin umumy etiki kadalar we özüni alyp baryş düzgünleri milli kanunçylygymyza girizildi. Şeýle kanunçylyk namalarynyň biri hem «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Bu Kanunyň 3-nji maddasyna laýyklykda, döwlet gullukçysynyň ahlak keşbine we işewür sypatlaryna ýokary talaplar jemgyýet we döwlet tarapyndan döwlet gullugyna bolan aýratyn ynamyň ýüze çykmasydyr. Elbetde, ata Watanymyza halal gulluk edip, döwlet gullukçysy adyny abraý bilen göterýän ynsanlarda, ilkinji nobatda, öz ýerine ýetirýän işine jogapkärçilik bolmalydyr. Jogapkärçilik bolan ýagdaýynda, ol ynsanyň işewür sypatlarynyň hem kämil keşbi emele gelýär, şeýle döwlet gullukçysy adamlaryň, döwletiň we jemgyýetiň uly ynamyna mynasyp bolýar. Ynam, aýratyn hem il-günüň ynamy bahasyz baýlykdyr.

Giňişleýin
DÖWRE BUÝSANÇ – ZÄHMETE HYJUW

07.04.2023

— Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 17-nji martynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda gowaça ekilişine badalga berildi. Obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolan pagtaçylykda ýokary netijeleri gazanmak ugrunda ähmiýetli çäreler durmuşa geçirilýär. Pagtany gaýtadan işleýän senagat döwrebaplaşdyrylyp, sebitlerde häzirki zaman pagta arassalaýjy kärhanalary gurulýar. Häzirki wagtda ähli welaýatlarymyzda orta süýümli gowaça tohumynyň saýlama görnüşleri ýetişdirilýär. Bu ugurda önümçiligiň öňkiler bilen deňeşdirilende, ep-esli artýandygy watandaşlarymyzyň çekýän halal zähmetiniň ýerine düşýändiginiň mysalydyr. Halkymyzyň bolelin durmuşy, ykdysadyýetimiziň galkynmagy ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri rowaç bolsun!

Giňişleýin
DÖWLET MAŞGALADAN BAŞLANÝAR

04.04.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ata-babalarymyzdan miras galan «Durmuş maşgaladan başlanýar» diýen jümlämiz bizi maşgala mukaddesligine alyp barýar. Maşgala gurmak bilen, islendik adam täze bir dünýäniň gapysyny açýar. Her bir maşgala öz ýerinde kiçijik döwlet bolmak bilen, ýurdumyzyň guwanjyna öwrülýär. Deňeşdirmelere salgylansak, biziň ýurdumyz maşgala jebisligini gorap saklamakda öňdäki orunlary eýeleýär. Ol hem türkmeniň asyl terbiýesinden, gözüniň göreji deýin gorap gelen milliliginden, milli däp-dessurlaryndan gelip çykýar. Türkmen gyz-gelinleri «Dogdugymdan — düşdügim» diýen ýörgünli söze eýerip, durmuşa çykyp gidensoň, diňe durmuşa çykan ýeri, gaýynlaryna hyzmaty bilen bolýar. Ol biziň ählimiz üçin buýsandyryjydyr. Çünki ol bize «Maşgala näçe berk boldugyça, döwlet hem şonça berkdir» diýen sözleriň hakykatdygyna ýene bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Giňişleýin
SAÝLAW — HALKYŇ ISLEGI

01.04.2023

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň kabul eden Kararyna laýyklykda, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň tamamlaýjy tapgyry dowam edýär. Saýlaw möwsüminiň çäklerinde 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek, ony guramaçylykly geçirmek boýunça tassyklanylan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda saýlaw toparlary tarapyndan bu syýasy-jemgyýetçilik çärä guramaçylyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Demokratiýa, ilkinji nobatda, ähli adamlaryň deňligine, olaryň erkinligine esaslanýar. Demokratiýanyň esasy maksady, jemgyýetiň dürli toparlarynyň bähbitleriniň deňagramly bolmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Demokratik döwletiň esasy alamatlarynyň biri bolan saýlawlar raýat jemgyýetini ösdürmegiň bir şertidir.

Giňişleýin
HALKYŇ JEBISLIGI DÖWLETIŇ BAGTYÝARLYGY

29.03.2023

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurujylary bolan halkymyz bu beýik Döwletiň mukaddesligine, eldegrilmesizligine aňryýany bilen akyl ýetirip.jebis, akýürekli zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Döwlet we jemgyýetçilik işlerine jogapkärçilikli çemeleşip, döwrüň sesine ses goşup, Watanymyzy mundan-da belent derejelere ýetirmek ugrundaky tagallalary işjeň goldaýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň agzybir halkyny has netijeli ösüşlere ruhlandyrmak üçin döwlet derejesinde giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasynda: «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar» diýlip bellenilendir. Bu kada- dan ugur alnyp, halk häkimiýetliligini has- da pugtalandyrmak maksady bilen, ýokary wekilçilikli edara — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilen saýlaw ulgamynyň hereket etmegi halk häkimiýetliligi- niň pajarlamagyna gönükdirilendir.

Giňişleýin
SAGLYGYŇ GORAGYNDA

25.03.2023

10-njy fewralda hormatly Prezidentimiziň geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabine- tiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken taryhy Karary esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaş- magynda 15-nji martda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň, şeýle-de Stomatologiýa merkeziniň gurluşyklaryna badalga berilmegi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň çuň mazmunly şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi.

Giňişleýin
MAKSATLARYŇ MYRAT TAPÝAN EÝÝAMY

21.03.2023

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine berk eýermek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň asudalyga, ösüşlere, üstünliklere beslenen günlerinde röwşen geljegine tarap ynamly barýan Türkmenistan Watanymyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli, döwletli tutumlara, beýik işlere şaýat bolanyňda, bir mizemez hakykata, ýagny agzybir halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda asyrlar boýy eden arzuwlaryna ýetendigine buýsanç bilen göz ýetirýärsiň.

Giňişleýin
ÝAŞLAR HAKYNDA ALADA

17.03.2023

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýaşlara uly ynamyň bildirilýän döwrüdir. Çünki Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny, çärelerini we tärlerini kesgitleýän «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesilleriň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem bu Kanunýaşlarda ruhy-ahlakgymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, jogapkärçiligi, zähmete söýgini terbiýelemek ýaly ýörelgeleri öz içine alýar.

Giňişleýin