Metbugat neşirleri

ÝURDUMYZYŇ HUKUK NAMALARYNYŇ BEÝANY

01.09.2021

Häzirki döwürde her bir döwletiň ähli ugurlaryndaky ösüşiniň kanunalaýyklygynyň, jemgyýetçilik islegleriniň kanunçylyk namalarynda öz wagtynda we netijeli hasaba alynmagynyň ze­rur şer­ti — hu­kuk na­ma­la­ry­nyň he­mi­şe kä­mil­leş­di­ril­me­gi­dir. Jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň bäh­bitleri üçin kabul edilýän kadalar hukuk taýdan düzgünleşdirilmelidir, ilat üçin ýeterlik derejede aý­dyň bol­ma­ly­dyr. Ka­nun çy­kar­mak işi hu­kuk taý­dan äh­li­ta­rap­la­ýyn düz­gün­leş­di­ril­me­gi ta­lap edýän jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň öwrenilmeginden, hereket edýän kanunlaryň seljerilmeginden, konstitusion hukuk binýadynyň hem-de döwletiň we adamlaryň berjaý etmäge borçly bolan düz­gün­le­ri­niň göz öňün­de tu­tul­ma­gyn­dan baş­lan­ma­ly­dyr. Is­len­dik hu­kuk na­ma­syn­da dur­muş­da bo­lup bi­läý­jek äh­li ýag­daý­la­ry göz öňün­de tut­mak as­la müm­kin däl. Şo­nuň üçin hem bü­tin ka­nun­çy­lyk ul­ga­my he­mi­şe tä­ze­le­nip we kä­mil­leş­di­ri­lip du­rul­ma­gyn­da mä­täç­lik çek­ýär. Ka­nun çykaryjylyk işiniň kämilleşdirilmegi kabul edilýän namalaryň hiliniň ýokarlanmagyna, raýatlaryň hu­kuk­la­ry­nyň we azat­lyk­la­ry­nyň ke­pil­lik­le­ri­niň güýç­len­di­ril­me­gi­ne, döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň bäh­bit­le­ri­niň de­ňag­ram­ly­ly­gy­nyň has oňyn bol­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Hukuk namalarynyň kabul edilmegine, üýtgedilmegine, goşmaçalar girizilmegine ýa-da ýatyrylmagyna ýurtda amala aşyrylýan häkimiýet dolandyrylyşynyň görnüşi, ykdysadyýetiň we söwda gatnaşyklarynyň ösmegi, maglumatlar bileleşigi, elektron hökümetiň hem-de jemgyýetiň durmuşykdysady islegleriniň ýüze çykmagy, şahsyýetiň bähbitleriniň hasaba alynmagynyň ýagdaýy, jemgyýetiň hukuk düşünjeliliginiň we medeniýetiniň derejesi, ilatyň syýasy işjeňligi, halkara hukuk gatnaşyklarynyň täsiriniň güýçlenmegi ýaly şertler öz täsirini ýetirýär. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz hemişe ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek işine aýratyn üns berýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli ösüşler geljegi nazarlaýan konstitusion özgertmeleriň esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen badalga berlen özgertmeleriň netijesinde döwletimiziň konstitusion hukuk binýady barha berkeýär. Ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk ulgamynda iki palataly parlamentiň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň döredilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Giňişleýin
BERK BINÝATLY ÝÖRELGE

31.08.2021

Gahryman Arkadagymyz geljegimiz bolan ýaşlaryň maşgala terbiýesine uly üns berýär. Terbiýäniň düýp binýady, ilkinji nobatda, maşgalada goýulýar. Sebäbi çaga ilkinji terbiýäni maşgaladan alýar. Türkmen maşgalasy agzybirligiň ojagy, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Ata-enäniň yhlasy, söýgisi bilen bina bolan maşgala berk, abat bolýar. Häzirki ylmy-tehniki mümkinçilikleriň ösýän eýýamynda öz ähmiýetini ýitirmän saklaýan zerur düşünjeleriň biri hem çaga terbiýesidir. Çagalar — biziň geljegimiz. Biz özümizi boýy ýeten daragt hökmünde göz öňüne getirsek, ýaş nesiller şol daragtyň miweleri bolup durýar. Onuň ajylygy ýa-da süýjüligi bolsa biziň olara berýän terbiýämize baglydyr. Hormatly Prezidentimiz çagalaryň, ýaşlaryň aň-üşükli, zehinli we ukyply bolmaklary, zähmete yhlasly çemeleşmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döretdi. Şeýle mümkinçilikleriň bar ýerinde biz döwletimiz üçin ummasyz işleri bitirmäge borçludyrys.

Giňişleýin
TÜRKMENISTANYŇ OŇYN BAŞLANGYÇLARY

30.08.2021

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipe-borçlaryna ygrarly Türkmenistan dünýäde umumadamzat derejeli ynsanperwer başlangyçlaryň öňe sürülýän ýurdy hökmünde tanalýar. Bu hakykat hormatly Prezidentimiziň 20-nji awgustda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde hem tassyklandy. Sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda öz işine başlajak nobatdaky 76-njy mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary baradaky hasabat halka ýetirildi.

Giňişleýin
MAŞGALA — JEMGYÝETIŇ GYMMATLYGY

25.08.2021

Hormatly Prezidentimiziň: «...Watana, il-güne bolan beýik söýgi maşgala terbiýesinden başlanýar, maşgala döwletimiziň we jemgyýetimiziň ilkinji düzümidir» diýen parasatly jümlesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kämil we sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek aladasyny döwlet syýasatymyzyň iň esasy, wajyp wezipesi edip, öňümizde goýmaga esas bolýar. Maşgala jemgyýetiň esasy gymmatlygy bolup durýar. Adamyň durmuş ýolunda, geljekde öz ornuny tapmak meselesinde maşgalanyň täsiri uludyr. Adamyň çäkli ömründe berk maşgala gurup, agzybirlikde, söýüp, söýlüp ýaşamagy durmuşyň manysy diýsek hem ýalňyşmarys.

Giňişleýin
IL-ÝURT BÄHBIDINE

04.08.2021

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we «Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýurdumyzyň çäginde takyk we birmeňzeş berjaý edilmegine gözegçilik işini amala aşyrmagy prokuratura edaralarynyň öňünde goýlan esasy wezipe hökmünde kesgitleýär.

Giňişleýin
MÖHÜM MESELELERE GARALDY

04.08.2021

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň, şol sanda Daşoguz welaýatynyň ähli ýerlerinde Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen bagtyýarlyk eýýamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, halkymyzyň bähbidine gönükdirilip kabul edilýän kanunlaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegi barada wagyz-nesihat ýygnaklary ýokary guramaçylyk derejesinde yzygiderli geçirilýär.

Giňişleýin
ÝÜPEKDEN HEM ÝUMŞAK ÝOL

03.08.2021

Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň iň häzirki zaman nusgasy Türkmenistandan Hytaý Halk Respublikasyna gaz alyp gidýän dünýäde iň uzyn gaz geçirijisidir. Bu ýol türkmen gazy bilen doganlyk halklaryň kalbyny ýyladýar. Şu ýylyň ýanwar aýynda «Malaý» ýatagynda täze kuwwatly gaz gysyjy desganyň ulanmaga berilmegi türkmen tebigy gazynyň Hytaý Halk Respublikasyna uzak möhletleýin esasda durnukly iberilmegini üpjün etmekde möhüm ädim boldy.

Giňişleýin
ÝAŞYL GURŞAW — EKOLOGIÝA SYÝASATYMYZYŇ BAŞ MAKSADY

03.08.2021

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, Diýarymyzyň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga öwürmek, biodürlüligi artdyrmak işleri ýokary depgin bilen alnyp barylýar. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyz köptaraply tebigy aýratynlyga eýedir. Başy asmana diräp duran äpet daglarymyz, haýwanat dünýäsi we süýji suwlulygy bilen tapawutlanýan derýalardyr köllerimiz, giň gözýetime uzap gidýän sähralardyr düzlerimiz, üsti we asty hazyna saýylýan Garagum sähramyz türkmen tebigatynyň bezegidir. Ýurdumyzyň obalaryndadyr şäherlerinde, mermer paýtagtymyzda we onuň daş-töwereklerinde oturdylýan bag nahallary bolsa, ynsan saglygy üçin möhüm şert bolan arassa howany, amatly gurşawy emele getirýär. Bag ekmegi, guýy gazyp, ýap çekmegi asylly we sogap iş hasaplaýan türkmen halkymyz gadymdan şu günlerimize çenli bu asylly işleri uly höwes bilen ýerine ýetirýärler. Bu babatda bize hormatly Prezidentimiziň hut özi şahsy görelde görkezýär. Köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek dabarasy Arkadagly eýýamymyzda milli medeniýetimizi baýlaşdyran däbe öwrüldi.

Giňişleýin
DAÝHANLAR HAKDA ALADA

27.07.2021

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin hormatly Prezidentimiz irginsiz alada edýär. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ýer bilen bagly kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegi, halkymyzyň ýerden bol hasyl alyp, çeken zähmetiniň hözirini görmekleri üçin zerur bolan ähli şertleri döredýär. «Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanuny üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, kämilleşdirilen kanunçylyk namasy bolup durýar. Agzalan Kanunyň 8-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 10-njy bendinde: «Döwlet ýer kadastry babatda ygtyýarlandyrylan edara ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi bu ugurdaky öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmegi, jemlemegi we ýaýratmagy amala aşyrýar» diýlip bellenilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda hususy önüm öndürijileri, şol sanda daýhan hojalyklaryny goldamak işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Hususy önüm öndürijilere ýardam etmek, ýer almak üçin ýüz tutýan önüm öndürijilere, daýhan hojalyklaryna 99 ýyllyk möhletine ýeri peýdalanmaga bermek bilen baglanyşykly işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Giňişleýin
SANLY ULGAMYŇ GIŇ MÜMKINÇILIKLERI

17.07.2021

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde hukuk, ykdysady, durmuş we söwda gatnaşyklarynda ählitaraplaýyn ýeňillikler döreýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 16-njy maddasynda: «Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar. Döwletiň ylmy-tehniki syýasaty jemgyýetiň we her bir adamyň bähbitlerine ýöredilýär. Döwlet ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna ýardam edýär» diýlip bellenilýär we bu ugurda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň tassyklanylmagy esasynda sanly ulgamy döretmek, ýaýratmak, giňden ulanmak, peýdalanyjylaryň hukuklaryny goramak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça «Aragatnaşyk hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Giňişleýin
KANUNÇYLYK WE DEMOKRATIÝA

12.07.2021

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda bolup geçýän özgerişler berk hukuk esaslaryna eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek iki palataly parlamentiň döredilmegi kanun çykaryjy ulgamyň işini hil taýdan täze derejä çykarmak bilen ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde geçirilýän özgerişleriň berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa halkymyzyň milli ýörelgelerini dünýäniň syýasy ylmynda we tejribesinde öňe sürlen gymmatlyklar bilen utgaşdyrmak esasynda kämil derejede raýat jemgyýetiniň kemala gelmegini üpjün edýär. Bagtyýarlyk döwrümizde Türkmenistanyň ösüşi ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny düýpli, mazmun taýdan täzelemäge, demokratik edaralaryň işine häzirki zaman ölçeglerini we kadalaryny ornaşdyrmaga, döwletiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge, adamyň döredijilik mümkinçiliklerini açmak, raýatlyk hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek we goramak üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen öňdebaryjy özgertmeler bilen häsiýetlendirilýär.

Giňişleýin
AGZYBIR MAŞGALA — JEBIS JEMGYÝET

12.07.2021

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 1-nji iýulynda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi ýurdumyzda jemgyýetçilik hukuk tertibini, asuda we bagtyýar durmuşy üpjün etmekde, adamyň ömrüni we saglygyny goramak babatda döwlet syýasatymyzy has-da ilerletmekde harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde täze wezipeleri kesgitledi Döwlet Baştutanymyz mejlisde hukuk bozulmalaryna garşy terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini geçirmekde bilim edaralarynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginiň, Ýaşlar guramasynyň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň komitetleriniň orunlaryny belläp, olaryň ýaşlary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watançy, zähmetsöýer, akylly-başly edip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan çärelere işjeň gatnaşmagyna ünsi çekdi. Ata-babalarymyz maşgala aýratyn mukaddeslik hökmünde garap, onuň abadançylygyny, agzybirligini ähli zatdan ýokary tutupdyrlar. Häzirki günlerimizde hem ogul öýerip, gyz çykarjak bolnanda, guda bolunjak ýeriň maşgala agzybirligine, abadançylygyna, şol maşgalanyň il arasyndaky abraýyna aýratyn üns berilýär. Şonuň üçin hem türkmende «Maşgalam — baş galam» diýen söz hemişe ýörgünli. Jemgyýetiň başlangyç topary bolan maşgala mukaddes ojak hasaplanylýar. Halk arasynda «Maşgalalar näçe agzybir bolsa, jemgyýet hem şonça jebisdir» diýilýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, onuň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar.

Giňişleýin
BEREKET ÇEŞMESI

05.07.2021

Suw adamzat durmuşynda iň gymmatly hazyna. Durmuş döräli bäri, ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi hasaplanylýan suw tebigaty janlandyrýar, ynsan durmuşyny gülledip özgerdýär. Ol isripsiz ulanylmaly baýlykdyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen soňky ýyllarda diňe bir derýalarymyz däl, ýagyş-ýagmyrlaryň suwuny-da yrýa etmezlik üçin ygalyň köp düşýän ýerlerinde suw howdanlarynyň birnäçesi guruldy. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň hanasyna toplanýan suwuň möçberi hem barha artýar. Geljekde onuň suwuny süýjedip, ekerançylyk, içimlik üçin peýdalanyp boljakdygyny hünärmenler aýdýarlar. Alym Arkadagymyzyň tagallalary bilen Hazar deňziniň suwuny süýjediji desgalaryň ençemesiniň gurulmagy, eýýäm bu ugurda ýeterlik tejribäniň toplanylandygyny aňladýar. Belli bolşy ýaly, her bir ugurdaky hukuk gatnaşyklary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan Türkmenistanyň Suw kodeksi we suw gatnaşyklaryna degişli beýleki kanunçylyk namalary esasynda düzgünleşdirilýär. Bu hukuk namasy suw serişdeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmaga, suwlary hapalanmakdan, zibillenmekden we egsilmekden goramagy üpjün etmäge, olara ýetip biljek ýaramaz täsirleriň öňüni almaga we ýok etmäge, suw obýektleriniň ýagdaýyny dikeltmäge we gowulandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Suw kodeksi we 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen «Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ilaty agyz suwy bilen üpjün etmegine, onuň hiline we çeşmeleriniň goralmagyna, olardan peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýar. Mundan başga hem bu Kanun agyz suw üpjünçiliginiň ulgamlarynyň rejeli peýdalanylmagynyň we ekologik taýdan goralmagynyň, şeýle-de agyz suw üpjünçiligi babatda subýektleriň özara gatnaşyklarynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kadalaşdyrýar.

Giňişleýin
BITARAPLYK WE HALKARA HYZMATDAŞLYK

28.06.2021

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz häzirki döwürde dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýup, halkara guramalarynyň işine işjeň gatnaşýar. Dünýä bileleşiginiň deňhukukly agzasy hökmünde özüniň özbaşdak daşary syýasatyny ýöredýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy türkmen halkynyň taryhy geçmişi bilen aýrylmaz baglanyşykly. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap, halkara gatnaşyklarynyň ulgamynda öz ornuny, ýol-ýörelgelerini tapmaga çalyşdy. 1995-nji ýylda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Onda ýurdumyzyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilmeginiň halkymyzyň häzirki we geljekki nesilleriniň durmuşynda ägirt uly ähmiýete eýedigi nygtalýar. Parasatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleri hukuk taýdan goldamaga gönükdirilen milli kanunçylygymyz döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Esasy Kanunymyzyň 2-nji maddasyna dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy hakyndaky kadalar girizildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýändigi we goldaýandygy, Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleri Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna, şeýle hem onuň Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmaga çagyrýandygy bellenilýär. Esasy Kanunymyzyň 9-njy maddasynda: «Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär. Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýär» diýlip bellenilýär.

Giňişleýin
YNSAN SAGLYGYNY GORAMAGYŇ DÖWREBAP ÝÖRELGELERI

21.06.2021

Milli Liderimiziň halkyň saglygyny gorap saklamak ugrunda alyp barýan syýasaty diňe bir nazary taglymat bolman, eýsem, iş ýüzünde anyk durmuşy taglymat hökmünde öz ornuny tapýar. Munuň özi döwletimizde adamyň ömrüniň, onuň saglygynyň, abadançylygynyň, mynasyp ýaşaýyş-durmuş derejesiniň döwlet üçin ýokary gymmatlyk bolup durýandygynyň kepillendirmesi hökmünde dabaralanýar. Gözel paýtagtymyzda hem-de welaýat merkezlerimizde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglyk merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, saglyk öýleri guruldy. Saglygy dikeltmek maksady bilen, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, gurlan şypahanalar halk köpçüligine hyzmat edýär.

Giňişleýin