Metbugat neşirleri
SAGLYGYŇ GORAGYNDA
25.03.2023
10-njy fewralda hormatly Prezidentimiziň geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabine- tiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken taryhy Karary esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaş- magynda 15-nji martda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň, şeýle-de Stomatologiýa merkeziniň gurluşyklaryna badalga berilmegi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň çuň mazmunly şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi.
Giňişleýin
MAKSATLARYŇ MYRAT TAPÝAN EÝÝAMY
21.03.2023
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine berk eýermek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň asudalyga, ösüşlere, üstünliklere beslenen günlerinde röwşen geljegine tarap ynamly barýan Türkmenistan Watanymyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli, döwletli tutumlara, beýik işlere şaýat bolanyňda, bir mizemez hakykata, ýagny agzybir halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda asyrlar boýy eden arzuwlaryna ýetendigine buýsanç bilen göz ýetirýärsiň.
Giňişleýin
ÝAŞLAR HAKYNDA ALADA
17.03.2023
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýaşlara uly ynamyň bildirilýän döwrüdir. Çünki Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny, çärelerini we tärlerini kesgitleýän «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesilleriň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem bu Kanunýaşlarda ruhy-ahlakgymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, jogapkärçiligi, zähmete söýgini terbiýelemek ýaly ýörelgeleri öz içine alýar.
Giňişleýin
MÖHÜM WAKANYŇ ÄHMIÝETI
13.03.2023
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýady ösüş-özgerişli döwrümiziň talabyna laýyklykda kämilleşdirilýär. Galkynyşly döwrümiziň täze kanunlary we kanunçylyk-hukuk namalary kabul edilýär. Şeýle bähbitli tagallalar Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi dolandyrmagyň demokratik esaslaryny düýpli döwrebaplaşdyrmaga itergi berýär.
Giňişleýin
YNSANPERWERLIK ÝÖRELGELERI
09.03.2023
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde türkmen halkynyň ynsanperwerlik, adamkärçilik, birek-birege sarpa goýmak ýaly ýörelgeleri bilen birlikde, halkara hukugynyň iň bir naýbaşy, adamzat bähbitli kadalary hem öz beýanyny tapdy. Mysal üçin, öňki hereket eden Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde bolmadyk, emma täze güýje giren Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 3-nji maddasynyň 4-nji böleginde: «Hiç kim özüniň günäsizligini subut etmäge borçly däldir. Günälilik barada dörän şübheler inkär edilip bolmasa, aýyplanýanyň peýdasyna çözülýär» diýen halkara hukugynda «Günäsizlik prizumpsiýasy» diýlip atlandyrylýan täze goşulan düzgün hem hormatly Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan jemgyýetçilik gatnaşyklaryna düýpli ornaşdyrylýan «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäniň kanunçylyk taýdan durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. 1948-nji ýylda kabul edilen «Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyndan» alnan bu kada Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 34-nji maddasynda hem ornaşdyrylandyr.
Giňişleýin
MUKADDESLIGIŇ GORAGY
05.03.2023
Gahryman Arkadagymyzyň beýik tagallalary bilen 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly ady döretmek hakynda» degişli Kanun kabul edildi. Bu adyň döredilmegi ýurdumyzyň Watan goragçylarynyň gulluk wezipesine bolan höwesini, söýgüsini has-da artdyrdy, olary belent maksatlara, ajaýyp üstünliklere ruhlandyrdy.
Kanunçylyk nukdaýnazaryndan, her bir adam döwletiň Konstitusiýasyny we kanunlaryny, adam hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamaga we berjaý etmäge, öz üstüne alan gulluk we wezipe borçlaryny döwletimiziň ýagty geljeginiň hatyrasyna ak ýürekden ýerine ýetirmäge, Watany goramaga borçludyr. Bu barada Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 58-nji maddasynda: «Türkmenistany goramak her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Türkmenistanyň raýaty bolan her bir erkek adam üçin ählumumy harby borçlulyk bellenendir».
Giňişleýin
SUNGATYŇ SARPASY
02.03.2023
Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, çeper höwesjeň kollektiwlerine «Halk» adyny bermegiň tertibiniň we şertleriniň tassyklanylmagy medeniýet we sungat işgärleriniň Arkadagly Serdarymyza bolan buýsanjyny artdyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň bu Karary Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa» ýaly milli medeniýetimizi we aýdymsaz sungatymyzy ösdürmegiň kämil mekdebi bolan ajaýyp eserlerinde beýan eden dürdäne nesihatlarynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylyşynyň hem aýdyň beýanydyr.
Giňişleýin
WATANA GULLUK — BEÝIK MERTEBE
27.02.2023
Watan her bir ynsan ogly üçin tarypyna söz ýetmez, aňyrsyna göz ýetmez gymmatlykdyr.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Watana hyzmat etmegiň mukaddesligini her bir ynsan üçin ýol ýörelge, şamçyrag edinip boljak derejede kämil beýan edýär: «Biziň döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde ilkinji we esasy şertimiz Watana bolan söýgümizdir! Watan biziň gözümiziň görejidir! Watan başymyzyň täjidir! Watana söýgi iň beýik söýgüdir! Watan — biziň guwanjymyzdyr!».
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy eziz ýurdundan aýra düşmegiň ynsan üçin edil ruhuň bedenden aýra düşüşi ýaly ajy dertdigini goşgularynda çeper meňzetmeler arkaly has düşnükli beýan edýär.
Giňişleýin
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ARZUWLAN NESLI
24.02.2023
Halkyň ýürek islegini goşgularyna siňdiren akyldar şahyrymyzyň döredijiliginiň aglaba böleginiň öwüt-nesihat, terbiýeçilik häsiýetlerine eýedigi onuň nesil terbiýesine aýratyn ähmiýet berendigini aňladýar.
Garaşsyzlyk türkmen halkyna ösüşli ýollaryň mümkinçiliklerini açdy. Berkarar döwletli bolan halkymyz şu günümiziň buýsanjy, ertirlerimiziň eýesi bolan bagtyýar ýaşlarymyzy akyldar şahyrymyzyň adyny göterýän guramanyň düzüminde birleşdirdi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 28-nji ýanwarynda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi.
Giňişleýin
DIÝARYM — KÖŇÜL KELAMYM
21.02.2023
Watan beýikdir. Biz ol beýikligi ýüreklerimizde apalap, has-da belent derejä ýetirýändiris. Watan mukaddesdir, keramatlydyr. Watanyňy janyňdan eziz görmek, onuň her daban ýerini gözüň göreji ýaly aýap saklamak her bir ynsanyň borjudyr. Islendik ynsanyň kalbynyň töründe Watana bolan belent we mukaddes söýgi bolýar. Sen nirede bolsaň-da, ýüregiň şol mukaddeslige tarap ymtylýar. Il arasynda aýdylýan «Müsürde şa bolandan, öz iliňde geda bol» diýen pähim hem guşa öz höwürtgesinden, towşana dogduk depesinden eziz ýeriň ýokdugyny nygtaýar. Şeýle dürdäne setirleri bilen pederlerimiz bize watansöýüjiligiň, mertligiň, gaýratlylygyň, gaýduwsyzlygyň, lebzihalallygyň, birsözlüligiň gaýtalanmajak nusgalyk ýoluny miras goýupdyrlar. Şu ýoluň ýokary mekdebini üstünlikli geçen türkmen gerçekleri özleriniň watansöýüjilik, gahrymançylyk häsiýetleri bilen dünýäni haýrana goýupdyrlar. Müňýyllyklaryň dowamynda gahrymançylyk türkmen ýigitleriniň ganyna siňip, milli häsiýetlerimiziň naýbaşylarynyň birine öwrüldi.
Watan türkmeniň hany-manydyr, genji-känidir. Watana bolan söýgiň seniň päk ýüreginden, buýsançly seriňden, jan-u-jigeriňden güýç alýandyr. Ol seniň göwräňe şirin jan bilen ornan iň päkize, iň ajaýyp duýgularyň synmaz sütünidir. Ömri şu berklige daýanýan her bir türkmen beýikdir. Türkmen beýikliginiň jemi bolsa, mukaddes Watanymyzy beýgeldýär.
Giňişleýin
WATAN DIŇE HALKY BILEN WATANDYR!
18.02.2023
— Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde: «Bu gadymy Diýarda Watan mertebesiniň belentliginiň hatyrasyna, ähli yhlasyny, gaýratyny bagyş eden merdanalaryň göreldesi nusga bolup ýaşaýar» diýen parasatly sözleri ýurdumyzyň parahatçylygyny, mähriban halkymyzyň abadançylygyny gözleriniň göreji kimin goraýan Watan goragçylarynyň kalplaryny buýsançly duýgulara besleýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ata Watanymyzyň goranmak ukybyny, howpsuzlygyny pugtalandyrmakda, jemgyýetimizde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda çekýän arassa, halal zähmeti hem-de taýsyz yhlasy bilen işinde tapawutlanyp, göreldeli gulluk eden harby gullukçylaryň we işgärleriň ençemesine döwlet sylaglary gowşurylyp, ýokary derejeli harby atlar, hünär derejeleri berildi.
Giňişleýin
GELJEGE ROWAN KANUNLY ÝURDUM
15.02.2023
Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň netijesinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda belent maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Döwletimiziň durnuklylygyny saklamak, jemgyýetiň jebisligini, asudalygyny we tertip-düzgüni üpjün etmek ýurt Baştutanymyzyň ýöredýän içeri we daşary syýasatlarynyň esasy özeni bolup durýar. Bu taryhy wezipeleriň durmuşa geçirilmeginiň Watanymyzy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmekde, döwletiň demokratik we hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bardyr.
Konstitusiýamyzyň 1-nji maddasynda şeýle diýilýär: «Döwlet Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, çäk bitewiligini, konstitusion gurluşyny goraýar, kanunylygyň berjaý edilmegini hem hukuk tertibini üpjün edýär». Bular, elbetde, Garaşsyz döwletimizde kanunylyk we hukuk tertibi döwletimiziň umumy syýasy gurluşynyň we işlemeginiň iň esasy başlangyjy, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň sütünleýin ýörelgeleridir.
Giňişleýin
MUKADDES BORJUŇ BUÝSANJY
12.02.2023
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji şanly senesi — Watan goragçylarynyň güni ýetip geldi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň ygtybarly goralmagy mukaddes borç bolup, bu babatda merdana ata-babalarymyzdan miras galan ýörelgä eýerilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talabyna laýyklykda pugtalandyrylýar. Harby gullukçylaryň gulluk we durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýär.
Ajap eýýamymyzda ýaşlarda watansöýüjiligi terbiýelemekde gaýduwsyzlygyň, nusgasy bolan ata--babalarymyzyň gymmatly mirasy asylly ýörelgedir.
Çünki, geçmişde-de türkmen halky ata Watany, ene topragy gözüniň göreji deý goramagy başarypdyr. Şu ýörelgeden ugur alyp, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek derwaýys wezipe bolup, bu işe örän uly ähmiýet berilýär. Şu meselede ýokary netije ýaşlaryň arasynda guralýan düşündiriş we wagyz-nesihat işleriniň täsirli ýola goýulmagyna bagly. Şu çäreleriň ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilmegi has-da uly täsir galdyrýar.
Giňişleýin
WATAN GORAGÇYLARYNA SARPA
09.02.2023
Her ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni giňden bellenilip geçilýär. Bu sene ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary hem-de işgärleri üçin uly mana eýedir.
Watan mukaddesdir. Watany goramak, oňa gulluk we hyzmat etmek hem mukaddesdir. Bu ýörelgelere ygrarly bolan ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň merdana harby gullukçylarydyr işgärleri berkarar Watanymyzyň gazanýan üstünlikierine.ýurdumyzyň goranmak kuwwatynyň, hukuk tertibiniň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşandyny goşýar.
Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän gymmatly kitapiary harby we ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin her bir ädimde ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabyndaky: «Eziz Watanymyz — elýetmez baýlygymyz. Biz Watanymyzy başymyza täç edýäris» diýen pähimi Watan mukaddesliginiň iň ýokary orunda durýandygyny görkezýär. Milli Liderimiziň bu gyzyldan gymmatly jümlesi, watansöýüjilige ýugrulan öwüt-ündewleri Watanymyza, mähriban halkymyza päk ýürekden gulluk etmegi özleri üçin mukaddes borç, belent mertebe hasaplaýan harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň watançylyk ruhuny belende göterýär.
Giňişleýin
DÖWLETLI DÖWRANYMYZ BAR
06.02.2023
Berkarar Watanymyzda her bir ýyl taryh sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Şan-şöhrata beslenip geçen, 2022-nji ýyl — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hem ajaýyp wakalary, belent üstünlikleri bilen ýatda galyp, täze taryhymyzyň şöhratly sahypalarynyň üstüni ýetirdi.
Geçen şanly ýylda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllyk toýy joşgunly dabaralara beslenip, giňden bellenildi. Bu seneler ene topragymyza, ata Watanymyza bolan söýgimiziň we asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnen ýörelgelerimiziň dabaralanmasynyň baýramydyr, ata-babalarymyzyň arzuwlary siňen mukaddes toýlardyr. Şoňa görä-de, her birimiziň durmuşymyzda, ykbalymyzda iňňän uly ähmiýete we mana eýe bolan bu seneler «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçen şanly ýylymyzyň döredijilik ruhuny has-da belende göterdi.
Giňişleýin