Metbugat neşirleri
WATAN GORAGÇYLARYNA SARPA
09.02.2023
Her ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni giňden bellenilip geçilýär. Bu sene ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary hem-de işgärleri üçin uly mana eýedir.
Watan mukaddesdir. Watany goramak, oňa gulluk we hyzmat etmek hem mukaddesdir. Bu ýörelgelere ygrarly bolan ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň merdana harby gullukçylarydyr işgärleri berkarar Watanymyzyň gazanýan üstünlikierine.ýurdumyzyň goranmak kuwwatynyň, hukuk tertibiniň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşandyny goşýar.
Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän gymmatly kitapiary harby we ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin her bir ädimde ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabyndaky: «Eziz Watanymyz — elýetmez baýlygymyz. Biz Watanymyzy başymyza täç edýäris» diýen pähimi Watan mukaddesliginiň iň ýokary orunda durýandygyny görkezýär. Milli Liderimiziň bu gyzyldan gymmatly jümlesi, watansöýüjilige ýugrulan öwüt-ündewleri Watanymyza, mähriban halkymyza päk ýürekden gulluk etmegi özleri üçin mukaddes borç, belent mertebe hasaplaýan harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň watançylyk ruhuny belende göterýär.
Giňişleýin
DÖWLETLI DÖWRANYMYZ BAR
06.02.2023
Berkarar Watanymyzda her bir ýyl taryh sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Şan-şöhrata beslenip geçen, 2022-nji ýyl — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hem ajaýyp wakalary, belent üstünlikleri bilen ýatda galyp, täze taryhymyzyň şöhratly sahypalarynyň üstüni ýetirdi.
Geçen şanly ýylda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllyk toýy joşgunly dabaralara beslenip, giňden bellenildi. Bu seneler ene topragymyza, ata Watanymyza bolan söýgimiziň we asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnen ýörelgelerimiziň dabaralanmasynyň baýramydyr, ata-babalarymyzyň arzuwlary siňen mukaddes toýlardyr. Şoňa görä-de, her birimiziň durmuşymyzda, ykbalymyzda iňňän uly ähmiýete we mana eýe bolan bu seneler «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçen şanly ýylymyzyň döredijilik ruhuny has-da belende göterdi.
Giňişleýin
ZÄHMET GATNAŞYKLARYNYŇ KÄMIL KANUNÇYLYGY
03.02.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli kanunçylygymyz kämilleşdirilýär. Täze kanunlar kabul edilip, raýat jemgyýetimiziň ösüşli ýoluna itergi berýär. Türkmenistanyň Zähmet kodeksi hem döwrebap kanunlaryň biridir. Bu Kodeks guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, kärhanalarda, edaralarda we guramalarda, aýry-aýry, şahsy taraplarda baglaşylan zähmet şertnamasynyň şertlerinde işleýän şahslaryň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.
Ady agzalan Kodeksiň 1-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň maksatlary raýatlaryň zähmet hukuklarynyň döwlet kepillendirmelerini bellemekden, zähmetiň amatly şertlerini döretmekden, işgärleriň we iş berijileriň hukuklaryny we bähbitlerini goramakdan ybaratdyr. Kodeksiň 2-nji maddasynda ýurdumyzyň zähmet kanunçylygynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýandygy, şeýle hem şu Kodeksden hem-de zähmet hukugynyň kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdygy kesgitlenendir.
Giňişleýin
NESILLERIMIZIŇ WATANÇYLYK TERBIÝESI
30.01.2023
Ata-babalarymyz ýaş nesli arassa ahlaklylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ruhubelentlik ýaly asylly ýörelgeler esasynda terbiýeläpdirler. Hut şoňa görä-de, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip gelýän nusgawy terbiýeçilik mekdebi bar. Häzirki ajaýyp zamanamyzda biz terbiýeçilik işinde asyrlaryň dowamynda synagdan geçen kämil milli ýörelgelerimizden ugur alyp, dünýäniň iň öňdebaryjy tejribelerini utgaşykly ulanmak bilen, nesillerimiziň bilimli, ylymly, parahatçylyga, agzybirlige, dost-doganlyga uly hormat goýýan adamlar bolup ýetişmegine aýratyn ähmiýet berýäris.
Elbetde, ýaş nesle aýratyn üns bermek, olara söýgi bilen garap, öňde goýan maksatlaryna ýardam bermek, ýaşlaryň hakyky watançylar bolup ýetişmegini gazanmak asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň kämilleşdirip gelen ruhy gymmatlygydyr. Taryhda ata-babalarymyz hem Watany mertlerçe döş gerip gorapdyrlar. Mukaddes Watanyň hyzmatyna dahylly bolmak, mynasyp goşandyňy goşmak her bir ynsan üçin uly bagt hem mertebe. Watany söýýän, oňa buýsanýan, ýaşlary terbiýelemekde adamzat ýaşaýşynyň döreýşini, jemgyýetçilik gurluşyny, gatnaşyklaryny öwredýän taryh ylmy örän uly orun eýeleýär.
Giňişleýin
ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR
26.01.2023
Alkyş aýdýar eziz Prezidentine,
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar.
Buýsanyp ýaşaýar ýeten bagtyna,
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar.
Guýmagursak, gujurly, mert ganlydyr,
Tutan oguz ýoly şöhrat-şanlydyr,
Berkarar ýurt guran Gahrymanlydyr,
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar.
Giňişleýin
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESINE EÝERIP
23.01.2023
Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän kämil jemgyýeti kemala getirmek, şeýle-de möwsümleýin keselleriň öňüni almak boýunça düşündiriş ähmiýetli wagyz-nesihat işleriniň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, Babadaýhan etrabynyň Babadaýhan şäher geňeşliginiň mejlisler jaýynda «Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet» atly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň Babadaýhan etrap geňeşiniň, etrap häkimliginiň, etrap polisiýa bölüminiň, etrap bilim bölüminiň, etrap hassahanasynyň we etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Giňişleýin
MAŞGALA MUKADDESLIGI
20.01.2023
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir maşgalanyň berk, kämil bolmagy we abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Bu ugurda toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda maşgalany goramak we ony goldamak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny we maşgalada çaga terbiýesi baradaky kadalary düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň döwrüň talabyna görä kämil we halkara hukuk kadalaryna laýyk bolmagy üçin netijeli işler amala aşyrylýar.
Maşgala — adamzadyň hojalyk döretmeginiň, öz durmuşyny ýöretmeginiň, çaga terbiýelemegiň esasy binýady bolup durýar. Türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Nikadan, garyndaşlygyndan, ogullyga ýa-da gyzlyga almagyndan (perzentlige almak) ýa-da çagalaryň maşgala kabul edilmeginiň başga görnüşinden gelip çykýan şahsy emläk däl we emläk hukuklary hem-de borçlary bilen baglanyşykly şahslaryň topary maşgala diýlip hasap edilýär. Türkmeniň maşgala terbiýesiniň gözbaşynda ata-babalarymyzdan galan asylly däp-dessurlar, edim-gylymlar, ýörelgeler bar.
Giňişleýin
ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY GELJEGIMIZIŇ ÇYRAGY
17.01.2023
Ajaýyp zamanamyzda asylly däbe görä, her bir ýylyň özüne mahsus şygar bilen atlandyrylmagy halkymyzyň ruhuny belende galdyryp, öňde duran möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ugrukdyrýan ýol görkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär. Halkymyzdan gelip gowşan köp sanly teklipleriň esasynda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy buýsanjymyzy artdyrdy.
Ýylymyzyň şygary hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleriniň, şu günki hem-de geljek nesilleriň abadan we ösüşlerden doly nurana geljegini üpjün etmek ugrundaky taýsyz tagallalarynyň halkymyz tarapyndan ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulan döwlet syýasaty hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýen çuň manyly sözlerinde beýan edişi ýaly, bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär.
Giňişleýin
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESINE EÝERIP
14.01.2023
Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän kämil jemgyýeti kemala getirmek, şeýle-de möwsümleýin keselleriň öňüni almak boýunça düşündiriş ähmiýetli wagyz-nesihat işleriniň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, Babadaýhan etrabynyň Babadaýhan şäher geňeşliginiň mejlisler jaýynda «Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet» atly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň Babadaýhan etrap geňeşiniň, etrap häkimliginiň, etrap polisiýa bölüminiň, etrap bilim bölüminiň, etrap hassahanasynyň we etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Giňişleýin
YSNYŞYKLY GATNAŞYK—BAGTYŇ KEPILI
11.01.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimiziň jebisligi, mäkämligi, ilkinji nobatda, maşgalalarymyzyň agzybirliginden gözbaş alýar. Munuň üçin bolsa, är-aýalyň maşgalada özleriniň hukuklaryna we borçlaryna deň derejede düşünmekleri, olary talabalaýyk berjaý edip, agzybirlikli ýaşamaklary derwaýysdyr. Şeýle gatnaşyklaryň kämil kanunçylygy Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde kesgitlenendir. Maşgala kodeksinde bellenilişi ýaly, är-aýalyň özara agzybirlikli we ysnyşykly gatnaşygy çagalaryň döwrebap ösüp-ulalmaklarynyň, terbiýelenmekleriniň kepili bolup durýar. Şeýle hem är-aýalyň agzybirligi beýleki garyndaşlar bilenem mähirli gatnaşyklara ýol açýar.
Giňişleýin
BAGT BERÝÄN BAÝRAM
08.01.2023
Şu günler gözelligiň, ak arzuwlaryň, täzelikleriň we garaşylmadyk ýakymly sowgatlaryň baýramynyň — Täze ýylyň gelmegi bilen bagly Diýarymyzyň çar künjegi toý lybasyna beslendi.
Taryhy çeşmelere görä, bu baýramçylyk ilkinji gezek gadymy Mesopotamiýada biziň eýýamymyzdan öňki üçünji müňýyllykda bellenilipdir. Täze ýyl baýramy dekabr aýynyň 31-inden ýanwar aýynyň 1-ine geçilýän gije däl-de, ýaz paslynyň ýa-da güýz paslynyň başynda bellenilipdir.
Täze ýyl arçasy baradaky ilkinji ýazuw maglumaty biziň eýýamymyzyň XVI ýüzýyllygyna degişlidir. Onda Strasburgda nemes halkynyň arçalary ir-iýmişler we dürli reňkli kagyzlar bilen bezändikleri beýan edilýär.
Ýaponiýada Täze ýyly garşylamaga taýýarlanylýan döwürde dükanlaryň penjireleriniň öňi arça we Aýazbabanyň keşbi bilen bezelýär. Ýary gije ybadathanalarda jaňlar 108 gezek urlandan soň, Täze ýyl gelýär. Şol wagt ýaponlar gülüp başlaýarlar. Olar gülkiniň ýylyň dowamynda üstünlik getirjekdigine ynanýarlar.
Giňişleýin
ZÄHMET ŞERTLERINIŇ DÖWLET KEPILLENDIRMELERI
04.01.2023
Raýatlaryň zähmet çekmäge bolan hukugyny, şol sanda olaryň kärini, edýän işini we iş ýerini saýlamaga, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine işsizlikden goramaga bolan hukugyny hem goşmak bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan kepillendirilýär. Düýp manysy boýunça Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň maksatlary raýatlaryň zähmet hukuklarynyň döwlet kepillendirmelerini bellemekden, zähmetiň amatly şertlerini döretmekden, işgärleriň we iş berijileriň hukuklaryny we bähbitlerini goramakdan ybaratdyr.
Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda, her bir raýata öndürijilikli we döredijilikli zähmete bolan öz başarnyklaryna ygtyýar etmekde we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik islendik işi amala aşyrmakda aýratyn hukuk degişlidir. Döwletimiz tarapyndan raýatlaryň zähmet hukuklarynyň gorag esaslarynyň şeýle kämilleşdirilmegi internet telekeçiliginiň dürli görnüşleriniň artmagyna, onlaýn söwdalarynyň ýola goýulmagyna, daşary ýurtlar bilen söwda dolanyşygynyň artmagyna, netijede, raýatlarymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär.
Giňişleýin
TELEKEÇILIK IŞINIŇ KANUNÇYLYGY
29.12.2022
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan halkara giňişliginde jemgyýetiň maddy hem ruhy zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmagy üçin giň mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmünde tanalýar. Ykdysadyýetiň kadaly hereket etmeginiň döwletiň kuwwatynyň iň esasy hem zerur şerti bolup durýandygy nukdaýnazaryndan, 2016-njy ýylda Esasy Kanunymyza jemgyýetiň ykdysady esaslaryny düzgünleşdirýän täze bölümiň girizilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Sebäbi ýurduň ykdysady taýdan ösüş aýratynlygyny açyp görkezýän bazar ykdysadyýeti, hususy eýeçilik, zähmet, pul we beýleki düşünjeler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünleşdirýän esasy obýektleri hökmünde çykyş edýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 12-nji maddasynda eýeçiligiň eldegrilmesizligi, döwletiň eýeçiligiň ähli görnüşiniň deň goragyny kepillendirýändigi we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýändigi bellenilýär. Esasy Kanunymyzyň 47-nji maddasynda bolsa her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugynyň bardygy aýdylýar. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmegiň kämil hukuk binýadynyň emele getirilmegi döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir. Şondan ugur alnyp, konstitusion ýörelgelere laýyklykda kabul edilen «Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda», «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda», «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Daşary ykdysady iş hakynda», «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda», «Eýeçilik hakynda», «Erkin ykdysady zolaklar hakynda», «Kärende hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» (rejelenen görnüşi), «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» (rejelenen görnüşi), «Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki hukuk resminamalary bu ulgamyň depginli ösüşiniň hukuk binýady bolup çykyş edýär.
Giňişleýin
HUKUKÇYNYŇ HÜNÄR ETIKASY
24.12.2022
2016-njy ýylyň martynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly tagallalary esasynda «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen, döwlet gullukçysynyň ahlak keşbine we işewür sypatlaryna bildirilýän talaplaryň we döwlet gullukçysynyň hünär işini mynasyp amala aşyrmagy üçin onuň umumy etiki kadalarynyň we özüni alyp baryş düzgünleriniň hukuk esaslary kesgitlenildi.
Hünär, gulluk etikasy bilen bagly düzgünler we meseleler hukukçynyň raýatlar, şeýle hem onuň hünär işi bilen bagly beýleki gatnaşyjylar, işdeşleri, döwlet edaralary, umuman, jemgyýet bilen aragatnaşygynyň özeni bolup durýar. Döwletimizde kabul edilýän kanunçylygyň has-da ynsanperwerleşýändigini göz öňünde tutup, öz hünäriniň, gullugynyň ahlak ýörelgelerini öwrenmek her bir hukukçy üçin möhümdir. Sebäbi hukukçylar tarapyndan kabul edilýän kararlar diňe bir kanuny bolman, eýsem, adalatly bolmalydyr. Hukukçy ahlagyň esasyny düzýän adalat we borç, ýagşylyk, päk ynsaplylyk, abraý we mertebe düşünjelerine dogry düşünip, öz iş tejribesinde giňden peýdalanmalydyr.
Giňişleýin
ÝURT ABADANÇYLYGYNYŇ GORAGYNDA
20.12.2022
Hormatly Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletiň taze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik özgertmeleriň, ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan ata Watanymyz şan-şöhrata beslenen taryhy döwri başdan geçirdr. Her ýylymyz dal, eýsem, her günümiz il-ýurt bahbitli düýpli özgertmelere, asylly işlere utgaşyp, şanly wakalara beslenýär. Bu tutumly özgerişliklerden ruhlanýan ildeşlerimiz eziz Watanymyzyň ösüşne, asuda, abadan durmuşymyzyň gün-günden gowulanyşyna guwanyp ýaşaýarlar, ata-babalarymyzyň mukaddes ýörelgelerine eýerip, döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.
Hazirki döwürde ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmeginde, ähli ugurlar boýunça belent derejelere ýetmeginde öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy möhüm talap bolup durýar. Bu bolsa ähli ulgamlar bilen bir hatarda, prokuratura edaralarynyň işgärlerini kanunlaryň hökmürowanlygyny üpjün etmek ugrunda has yhlasly we tutanýerli işlemäge borçly edýär. Şundan ugur alyp. prokuratura edaralarynyň işgärleri hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwletimizde kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak bilen, kanunyň ähli zatdan ýokary tutulmagyny üpjün edýarler we öz öňlerinde goýlan wezipeleri gyşarnyksyz ýerine ýetirip. ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, mahriban halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen tutumly maksatnamalaryh üstünlikli durmuşa geçirilmegine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Giňişleýin