Metbugat neşirleri
MÖHÜM MESELELERE GARALDY
04.08.2021
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň, şol sanda Daşoguz welaýatynyň ähli ýerlerinde Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen bagtyýarlyk eýýamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, halkymyzyň bähbidine gönükdirilip kabul edilýän kanunlaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegi barada wagyz-nesihat ýygnaklary ýokary guramaçylyk derejesinde yzygiderli geçirilýär.
Giňişleýin
ÝÜPEKDEN HEM ÝUMŞAK ÝOL
03.08.2021
Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň iň häzirki zaman nusgasy Türkmenistandan Hytaý Halk Respublikasyna gaz alyp gidýän dünýäde iň uzyn gaz geçirijisidir. Bu ýol türkmen gazy bilen doganlyk halklaryň kalbyny ýyladýar.
Şu ýylyň ýanwar aýynda «Malaý» ýatagynda täze kuwwatly gaz gysyjy desganyň ulanmaga berilmegi türkmen tebigy gazynyň Hytaý Halk Respublikasyna uzak möhletleýin esasda durnukly iberilmegini üpjün etmekde möhüm ädim boldy.
Giňişleýin
ÝAŞYL GURŞAW — EKOLOGIÝA SYÝASATYMYZYŇ BAŞ MAKSADY
03.08.2021
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, Diýarymyzyň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga öwürmek, biodürlüligi artdyrmak işleri ýokary depgin bilen alnyp barylýar. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyz köptaraply tebigy aýratynlyga eýedir. Başy asmana diräp duran äpet daglarymyz, haýwanat dünýäsi we süýji suwlulygy bilen tapawutlanýan derýalardyr köllerimiz, giň gözýetime uzap gidýän sähralardyr düzlerimiz, üsti we asty hazyna saýylýan Garagum sähramyz türkmen tebigatynyň bezegidir. Ýurdumyzyň obalaryndadyr şäherlerinde, mermer paýtagtymyzda we onuň daş-töwereklerinde oturdylýan bag nahallary bolsa, ynsan saglygy üçin möhüm şert bolan arassa howany, amatly gurşawy emele getirýär. Bag ekmegi, guýy gazyp, ýap çekmegi asylly we sogap iş hasaplaýan türkmen halkymyz gadymdan şu günlerimize çenli bu asylly işleri uly höwes bilen ýerine ýetirýärler. Bu babatda bize hormatly Prezidentimiziň hut özi şahsy görelde görkezýär. Köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek dabarasy Arkadagly eýýamymyzda milli medeniýetimizi baýlaşdyran däbe öwrüldi.
Giňişleýin
DAÝHANLAR HAKDA ALADA
27.07.2021
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin hormatly Prezidentimiz irginsiz alada edýär. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ýer bilen bagly kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegi, halkymyzyň ýerden bol hasyl alyp, çeken zähmetiniň hözirini görmekleri üçin zerur bolan ähli şertleri döredýär. «Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanuny üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, kämilleşdirilen kanunçylyk namasy bolup durýar. Agzalan Kanunyň 8-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 10-njy bendinde: «Döwlet ýer kadastry babatda ygtyýarlandyrylan edara ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi bu ugurdaky öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmegi, jemlemegi we ýaýratmagy amala aşyrýar» diýlip bellenilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda hususy önüm öndürijileri, şol sanda daýhan hojalyklaryny goldamak işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Hususy önüm öndürijilere ýardam etmek, ýer almak üçin ýüz tutýan önüm öndürijilere, daýhan hojalyklaryna 99 ýyllyk möhletine ýeri peýdalanmaga bermek bilen baglanyşykly işler üstünlikli amala aşyrylýar.
Giňişleýin
SANLY ULGAMYŇ GIŇ MÜMKINÇILIKLERI
17.07.2021
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde hukuk, ykdysady, durmuş we söwda gatnaşyklarynda ählitaraplaýyn ýeňillikler döreýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 16-njy maddasynda: «Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar. Döwletiň ylmy-tehniki syýasaty jemgyýetiň we her bir adamyň bähbitlerine ýöredilýär. Döwlet ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna ýardam edýär» diýlip bellenilýär we bu ugurda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň tassyklanylmagy esasynda sanly ulgamy döretmek, ýaýratmak, giňden ulanmak, peýdalanyjylaryň hukuklaryny goramak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça «Aragatnaşyk hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Giňişleýin
KANUNÇYLYK WE DEMOKRATIÝA
12.07.2021
Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda bolup geçýän özgerişler berk hukuk esaslaryna eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek iki palataly parlamentiň döredilmegi kanun çykaryjy ulgamyň işini hil taýdan täze derejä çykarmak bilen ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde geçirilýän özgerişleriň berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa halkymyzyň milli ýörelgelerini dünýäniň syýasy ylmynda we tejribesinde öňe sürlen gymmatlyklar bilen utgaşdyrmak esasynda kämil derejede raýat jemgyýetiniň kemala gelmegini üpjün edýär.
Bagtyýarlyk döwrümizde Türkmenistanyň ösüşi ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny düýpli, mazmun taýdan täzelemäge, demokratik edaralaryň işine häzirki zaman ölçeglerini we kadalaryny ornaşdyrmaga, döwletiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge, adamyň döredijilik mümkinçiliklerini açmak, raýatlyk hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek we goramak üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen öňdebaryjy özgertmeler bilen häsiýetlendirilýär.
Giňişleýin
AGZYBIR MAŞGALA — JEBIS JEMGYÝET
12.07.2021
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 1-nji iýulynda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi ýurdumyzda jemgyýetçilik hukuk tertibini, asuda we bagtyýar durmuşy üpjün etmekde, adamyň ömrüni we saglygyny goramak babatda döwlet syýasatymyzy has-da ilerletmekde harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde täze wezipeleri kesgitledi
Döwlet Baştutanymyz mejlisde hukuk bozulmalaryna garşy terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini geçirmekde bilim edaralarynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginiň, Ýaşlar guramasynyň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň komitetleriniň orunlaryny belläp, olaryň ýaşlary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watançy, zähmetsöýer, akylly-başly edip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan çärelere işjeň gatnaşmagyna ünsi çekdi.
Ata-babalarymyz maşgala aýratyn mukaddeslik hökmünde garap, onuň abadançylygyny, agzybirligini ähli zatdan ýokary tutupdyrlar. Häzirki günlerimizde hem ogul öýerip, gyz çykarjak bolnanda, guda bolunjak ýeriň maşgala agzybirligine, abadançylygyna, şol maşgalanyň il arasyndaky abraýyna aýratyn üns berilýär. Şonuň üçin hem türkmende «Maşgalam — baş galam» diýen söz hemişe ýörgünli. Jemgyýetiň başlangyç topary bolan maşgala mukaddes ojak hasaplanylýar. Halk arasynda «Maşgalalar näçe agzybir bolsa, jemgyýet hem şonça jebisdir» diýilýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, onuň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar.
Giňişleýin
BEREKET ÇEŞMESI
05.07.2021
Suw adamzat durmuşynda iň gymmatly hazyna. Durmuş döräli bäri, ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi hasaplanylýan suw tebigaty janlandyrýar, ynsan durmuşyny gülledip özgerdýär. Ol isripsiz ulanylmaly baýlykdyr. Hormatly
Prezidentimiziň tagallalary bilen soňky ýyllarda diňe bir derýalarymyz däl, ýagyş-ýagmyrlaryň suwuny-da yrýa etmezlik üçin ygalyň köp düşýän ýerlerinde suw howdanlarynyň birnäçesi guruldy. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň hanasyna toplanýan suwuň möçberi hem barha artýar. Geljekde onuň suwuny süýjedip, ekerançylyk, içimlik üçin peýdalanyp boljakdygyny hünärmenler aýdýarlar. Alym Arkadagymyzyň tagallalary bilen Hazar deňziniň suwuny süýjediji desgalaryň ençemesiniň gurulmagy, eýýäm bu ugurda ýeterlik tejribäniň toplanylandygyny aňladýar. Belli bolşy ýaly, her bir ugurdaky hukuk gatnaşyklary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan Türkmenistanyň Suw kodeksi we suw gatnaşyklaryna degişli beýleki kanunçylyk namalary esasynda düzgünleşdirilýär. Bu hukuk namasy suw serişdeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmaga, suwlary hapalanmakdan, zibillenmekden we egsilmekden goramagy üpjün etmäge, olara ýetip biljek ýaramaz täsirleriň öňüni almaga we ýok etmäge, suw obýektleriniň ýagdaýyny dikeltmäge we gowulandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Suw kodeksi we 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen «Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ilaty agyz suwy bilen üpjün etmegine, onuň hiline we çeşmeleriniň goralmagyna, olardan peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýar. Mundan başga hem bu Kanun agyz suw üpjünçiliginiň ulgamlarynyň rejeli peýdalanylmagynyň we ekologik taýdan goralmagynyň, şeýle-de agyz suw üpjünçiligi babatda subýektleriň özara gatnaşyklarynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kadalaşdyrýar.
Giňişleýin
BITARAPLYK WE HALKARA HYZMATDAŞLYK
28.06.2021
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz häzirki döwürde dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýup, halkara guramalarynyň işine işjeň gatnaşýar. Dünýä bileleşiginiň deňhukukly agzasy hökmünde özüniň özbaşdak daşary syýasatyny ýöredýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy türkmen halkynyň taryhy geçmişi bilen aýrylmaz baglanyşykly. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap, halkara gatnaşyklarynyň ulgamynda öz ornuny, ýol-ýörelgelerini tapmaga çalyşdy. 1995-nji ýylda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Onda ýurdumyzyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilmeginiň halkymyzyň häzirki we geljekki nesilleriniň durmuşynda ägirt uly ähmiýete eýedigi nygtalýar.
Parasatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleri hukuk taýdan goldamaga gönükdirilen milli kanunçylygymyz döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Esasy Kanunymyzyň 2-nji maddasyna dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy hakyndaky kadalar girizildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýändigi we goldaýandygy, Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleri Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna, şeýle hem onuň Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmaga çagyrýandygy bellenilýär. Esasy Kanunymyzyň 9-njy maddasynda: «Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär. Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýär» diýlip bellenilýär.
Giňişleýin
YNSAN SAGLYGYNY GORAMAGYŇ DÖWREBAP ÝÖRELGELERI
21.06.2021
Milli Liderimiziň halkyň saglygyny gorap saklamak ugrunda alyp barýan syýasaty diňe bir nazary taglymat bolman, eýsem, iş ýüzünde anyk durmuşy taglymat hökmünde öz ornuny tapýar. Munuň özi döwletimizde adamyň ömrüniň, onuň saglygynyň, abadançylygynyň, mynasyp ýaşaýyş-durmuş derejesiniň döwlet üçin ýokary gymmatlyk bolup durýandygynyň kepillendirmesi hökmünde dabaralanýar.
Gözel paýtagtymyzda hem-de welaýat merkezlerimizde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglyk merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, saglyk öýleri guruldy. Saglygy dikeltmek maksady bilen, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, gurlan şypahanalar halk köpçüligine hyzmat edýär.
Giňişleýin
ÝAŞLAR — KUWWATLY DÖWLETIŇ SÜTÜNI
16.06.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Diýarymyzyň ýokary depginli ösüşini üpjün etmäge, ykdysady kuwwatyny berkitmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň durmuş goraglylygyna, olaryň bilim derejeleriniň döwrebaplygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa ýaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Üstümizdäki ýylyň 8-nji ýanwarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekmegi ýurdumyzda ýaşlara aýratyn üns berilýändigini aýdyňlygy bilen subut edýär.
Giňişleýin
TEBIGATY GORAMAGYŇ HUKUK ESASLARY
14.06.2021
Tebigatyň jana ýakymly howasy, derdiňe müň bir derman bolan şypaly we hoşboý ysly ösümlikleri, göwnüňi göterýän beýik daglary, kalbyňy heýjana salýan dury suwly çeşmeleri, egsilmez baýlyk eçilýän ymgyr giň sährasy bahasyna ýetip bolmajak baýlyklardyr. Bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşygy bolan ýurdumyzyň täsin tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini, dagyny, düzüni, sährasyny, deňiz-derýalaryny, ýerüsti, ýerasty baýlyklaryny gorap saklamak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda: «Her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr» diýlip berkidilýär.
Giňişleýin
ÖSÜŞE BESLENÝÄN SPORT
05.06.2021
Türkmenistanda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, welosiped sporty hem täze ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmegiň meseleleri hakynda» Kararynyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Resminama sportuň bu görnüşiniň ösdürilmegine, bar bolan düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna, welosiped sporty bilen meşgullanmaga ilatyň giň köpçüliginiň çekilmegine uly itergi berýär.
Giňişleýin
NESIL TERBIÝESI - GELJEGE ŞUGLA
31.05.2021
Jemgyýetiň döwrebap özgermeginde şahsyýetiň orny we täsiri örän uludyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gül açýan eziz ýurdumyzyň geljegi bolan körpe nesliň döwrebap, kämil ahlak keşbini emele getirmek, babatda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda köpugurly işler amala aşyrylýar. Çünki ahlakly, ýokary bilimli, giň düşünjeli nesiller ähli ugurlardaky oňyn özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolup çykyş edýär. Şonuň üçin hem ýaş nesliň ählitaraplaýyn terbiýesi jemgyýetde we döwletde bolup geçýän ähli zatlara gönüden-göni täsir edýän serişde hem-de güýç hökmünde ykrar edilýär.
Giňişleýin
AZIÝANYŇ MERJENI
25.05.2021
Her bir ýurduň ady agzalanda, ilki bilen, göz öňüňde onuň paýtagty janlanýar. Türkmenistan diýleninde bolsa, Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen, ak mermere beslenen binalara baý şäher — gözel paýtagtymyz Aşgabat göz öňüňe gelýär. Esasy Kanunymyzyň 24-nji maddasynda bellenilişi ýaly: «Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir», paýtagtymyzyň hukuk ýagdaýy bolsa «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenýär. Aşgabadyň her biri gaýtalanmajak sungat eserini ýadyňa salýan, kaşaň, özboluşly binagärlik aýratynlyklary bilen tapawutlanýan, başy asmana ýetýän binalaryny görmäge göz gerek. Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz zähmetiniň netijesinde Aşgabat dünýäniň ýaşaýyş üçin amatly şertlerini özünde jemleýän şäherleriň hatarynda mynasyp orun aldy. Häzir paýtagtymyz Aşgabat diňe bir ýurdumyzyň syýasy-ykdysady hem medeni merkezi bolman, eýsem, halkara derejeli maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň, sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň 2013-nji ýylyň
Giňişleýin