Metbugat neşirleri
DEMOKRATIK ÝÖRELGELERIŇ ZAMANASY
22.09.2024
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiz ähli ugurlar boýunça ösüş-özgerişli döwri başdan geçirýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň kanunçylyk-hukuk binýady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşli talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Bu bolsa, döwletimiziň we raýat jemgyýetimiziň durnukly ösüşine bähbitli täsirini ýetirýär. Döwlet Baştutanymyzyň içeri we daşary syýasaty üstünliklere beslenýär.
Giňişleýin
«DÖWLET GUŞUNDA» PYRAGYNYŇ KEŞBI
20.09.2024
Milli Liderimiziň «Döwletguşy» romanynda özüniň mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň ömrüniň diňe bir ýarym ýylyny — urşa giden kakasyndan maşgala garamatyny gerdenine alyp, ol ýüki entek çagadygyna garamazdan, merdimerdanalyk bilen çeken döwrüni suratlandyrýar.
Romanda türkmeniň buýsanjy Magtymguly Pyragynyň beýik şygyrlarynyň —ölmez-öçmez ruhy bilen ýaş Mälikgulynyň ýüregine medet, penakär, söýenç bolşy, ýaşdygyna garamazdan, garadan gaýtmaz, merdana Mälikgulynyň bolsa özüniň agramly sözleri, juwan kalbyndan çykýan şygyrlary, arassa ýüregi, gara güýji bilen il-gününe hemaýatkär, goldaw bolandygy baradaky hakykat açylyp görkezilýär.
Giňişleýin
ZÄHMET GATNAŞYKLARYNYŇ HUKUK ESASLARY
18.09.2024
Zähmet çekmäge bolan hukuk her bir raýatyň konstitusion hukugydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, her bir adamyň zähmete, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine hukugy bardyr. Mejbury zähmet we çaga zähmetiniň ýaramaz görnüşleri gadagandyr. Hakyna durup işleýän adamlaryň öz çeken zähmetiniň möçberine we hiline laýyk gelýän hak almaga hukugy bardyr.
Giňişleýin
TÜRKMENISTAN — AK BUGDAÝYŇ MEKANY
16.09.2024
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan netijeli işler täze üstünlikler bilen ilerleýär.
Ak bugdaýyň gadymy mekanynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daýhanlarymyzyň ekerançylyk medeniýetiniň häzirki zaman tejribeleri — sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp ýetişdiren bol galla hasyly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbidir.
Giňişleýin
TÜRKMENIŇ BUÝSANJYNA ÖWRÜLEN ŞAHYR
14.09.2024
Geçen şanly ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gojaman Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň öňünde okan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy akyldar şahyrymyza goýulýan belent sarpany dabaralandyrdy. Hut şu nukdaýnazardan, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän şanly ýylymyz — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly bu gün ajaýyp wakalara beslenýär. Şanly ýylymyzda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlanyp geçirilýän çäreler her birimize şatlyk we begenç duýgularyny bagyşlaýar.
Giňişleýin
TELEKEÇILIK ULGAMYNYN ROWAÇLYKLARY
12.09.2024
Hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren galkynyşlar eýýamynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda telekeçiligi ösdürmäge, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürmäge, telekeçiligiň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle başlangyçlaryň guramaçylykly durmuşa geçirilmegi bolsa ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmeginde, ýokary hilli önümleri öndürip, dünýäniň döwletlerine eksport edilmeginde möhüm orny eýeleýär.
Giňişleýin
TEBIGAT — BIZIŇ ÖÝÜMIZ
10.09.2024
Ekologiýa abadançylygy
Esasy Kanunymyzyň 53-nji maddasynda «Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr» diýlip bellenilýär. Hereket edýän kanunçylyk Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça halkara ylalaşyklara we maksatnamalara goşulmagyny, şeýle hem olarda göz öňünde tutulan düzgünnamalary berjaý etmegini ýeterlik hukuk mümkinçiligi bilen üpjün edýär. Munuň üçin zerur bolan hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş şertleri döredilendir.
Giňişleýin
SPORT: PARAHATÇYLYGY, DOSTLUGY ÖSDÜRMEGIŇ TÄZE MÜMKINÇILIKLERI
08.09.2024
Halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdynlygy döwletimiziň rowaçlygynyň we okgunly ösüşiniň girewidir. Hut şundan ugur alnyp, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek milli taglymata, adamlary birleşdirýän hem-de Watanymyzyň okgunly ösüşine ýardam berýän kuwwatly, jebisleşdiriji güýje öwrüldi.
Giňişleýin
SARPASY SYNMAZ PYRAGY
06.09.2024
Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyraga Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe goýulýan belent sarpa halkara derejeli çäreleriň, asylly maksatly beýik işleriň mysalynda has aýdyň duýulýar.
Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, birnäçe döwletlerde şahyryň ýadygärliginiň döredilmegi, medeni maksatnama esasynda dürli ugurly çäreleriň guralmagy türkmeniň söz ussadynyň kämil döredijiliginiň we şahsyýetiniň dünýä giňişli- ginde ykrar tapýandygyny görkezýär. Munuň özi akyldar şahyry bolan merdana türkmen halkynyň dünýä medeniýetine, ylmyna, edebiýatyna we sungatyna goşan ägirt uly goşandynyň güwäsidir. Türkmeniň adyny beýgelden şahyr, filosof, akyldar Pyragynyň umumadamzat medeniýetiniň, edebiýatynyň we ruhyýetiniň parlak ýyldyzy hasaplanýandygynyň nyşanydyr.
Giňişleýin
ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄN TUTUMLAR
04.09.2024
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, halkara abraýyny has-da belende göterýär. Durmuşymyzyň ähli ugurlary uly üstünliklere beslenýär. «Açyk gapylar» syýasaty esasynda dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk barha giň gerime eýe bolup, ýurdumyzyň ykdysadyýetini täze ösüşlere beslese, amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýete eýedir.
Giňişleýin
RAÝATLARYŇ ÝAŞAÝYŞ JAÝ HUKUKLARY
02.09.2024
Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde hereket edýän kanunlar raýatlarymyzyň hukuklarynyň goraglylygyny kepillendirýär. Şonuň bilen birlikde-de, her bir raýat Konstitusiýa we kanunlar esasynda öz üstüne ýüklenilen borçlaryň ýerine ýetirilmegi üçin döwletiň öňünde jogapkärçilik çekýär. Bu kada ýaşaýyş jaýy bilen bagly ýüze çykýan meseleler babatda hem üýtgewsizdir.
Giňişleýin
RAÝATLARYŇ DURMUŞ GORAGLYLYGY
31.08.2024
Berkarar döwletimizde durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady binýady kuwwatlanyp, raýatlarymyzyň ýaşaýyş şertleri yzygiderli gowulanýar. Döwletimizde kabul edilýän ilýurt bähbitli kararlar, durmuşa geçirilýän maksatnamalar, ilkinji nobatda, raýatlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, amatly şertleri döretmäge gönükdirilýär.
Giňişleýin
OWAZASY DÜNÝÄ DOLAN
29.08.2024
Türkmen nusgawy edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýä dolandygyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolup geçýän şanly wakalaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde akyldar şahyryň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylmagy hem munuň buýsançly subutnamasy boldy. Häzirki wagtda bu ajaýyp medeni-seýilgäh toplumy şatlyk-şowhunly çäreleriň geçirilýän, paýtagtlylaryň we şäheriň myhmanlarynyň höwes bilen gezelenç edýän, dynç alýan söýgüli ýerine öwrüldi.
Giňişleýin
MEDENI MIRASY GORAMAGYŇ KANUNÇYLYK BINÝADY
27.08.2024
Ösüşlere beslenýän döwrümizde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden medeni mirasyny toplamak, hasaba almak, öwrenmek, onuň geljekki nesillere elýeterli bolmagyny gazanmak üçin talaba laýyk goralyp saklanmagyny üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar we olar degişli kanunlar arkaly düzgünleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda medeni we milli mirasymyzyň hukuk üpjünçiligi boýunça hem köp işler amala aşyrylýar.
Giňişleýin
GYSGA SÖZÜŇ ŞERHI KÖP
25.08.2024
Her bir sözi mukaddeslige, her bir jümlesi çuň mana eýe bolan, Hakdan içen şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi öçmejek ruhy we ahlak gymmatlyklaryna eýe bolup, umumadamzat mirasynyň altyn hazynasynda uly orun eýeleýär. Onuň şahyrana mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şahyryň goşgularynda öňe sürlen ynsan per werlik, watansöýüjilik, agzybirlik we jebislik pikirleri üç asyrdan bäri dünýäniň aglaba ýurtlarynyň şahyrlary we alymlary üçin nusgalyk ýörelge bolup hyzmat edip gelýär.
Giňişleýin