Metbugat neşirleri

GÜL­ZAR­LY ­­GEL­JE­GI­MI­ZIŇ­ ME­SE­LE­SI

31.01.2024

Dogrusy, ene topragymyzyň gözel tebigatyny goramak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak hemişe aladasy edilmegi derwaýys meseledir. Çünki, ajaýyp gözelligi özünde jemleýän tebigatymyz biziň öýümizdir. Güneşli Diýarymyzyň tebigaty gymmatly baýlygymyz bolup, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, köp dürlüligini aýawly goramak bilen geljekki nesillere ýetirmek biziň wajyp wezipämizdir. şu wezipä hormatly Prezidentimiz hemişe uly üns berip, tebigaty myzy goramak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmak bilen bagly wezipeleri öňde goýýar.

Giňişleýin
WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ÝAŞAÝYŞ JAÝ ÜPJÜNÇILIGI

26.01.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ykraryýetli ýörelgelerini döwrüň derejesindäki rowaçlyklar bilen dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watan goragçylaryna döwletimiz tarapyndan yzygiderli berýän goldaw-aladalaryň gözbaşynda duran kämil şahsyýetdir. Watan goragçylarynyň saglygyny berkitmäge, ýokary derejede durmuş hyzmatlaryny almaga, maşgala agzalarynyň iş bilen üpjün edilmegine we beýleki pudaklaryň hyzmatlaryndan ýeňillikli peýdalanmaga bolan kanuny hukuklary kanunçylyk namalary esasynda kepillendirilendir. Ukyp-başarnyklaryny eziz Watanymyzyň goragyna gönükdiren harby we hukuk goraýjy işgärlerimiziň ýaşaýyş jaý üpjünçiligi döwletimiz tarapyndan olara berilýän kepillendirmeleriň we hukuk, durmuş taýdan goraglylygyň bir görnüşi bolup durýar. «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda beýan edilişi ýaly, döwlet harby gullukçylara ýaşaýyş jaýlarynyň berilmegine kepil geçýär. Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna edermen Watan goragçylary üçin açylyp ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaýlaryny, ýagny gulluk jaýlary, umumy ýaşaýyş jaýlary, ipoteka we paýly gurluşyk görnüşindäki jaýlary we olara göçüp baran bagtyýar maşgalalary görüp, milli kanunçylygymyzda beýan edilen bu düzgüniň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň şaýady bolýarys. Kanunyň talaplaryna laýyklykda, harby gullugy borçnama boýunça geçýän harby we hukuk goraýjy, kazyýet edaralarynyň döwlet gullukçylaryna has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryndan ipoteka karzy boýunça öýleri edinmäge ýa-da harby gullugy geçýän ýerinde hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer bölegini almaga hukuk berilýär.

Giňişleýin
GÖZELLIGIŇ TEBIGAT, TEBIGATYŇ GÖZELLIK BILEN SAZLAŞÝAN ÝERI

22.01.2024

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öň-den görüjilikli başlangyçlary bilen örän gysga wagtda gurlan Arkadag şäheri ylmyň hem-de tehnologiýanyň döwre-bap ýaşaýyş-durmuş üçin gazanan ähli üstünliklerini özünde jemleýän, sebitde ilkinji «akylly» şäher adyny alan ajaýyp şäherdir. Ýaşaýyş-durmuşymyzda gözelleşdirilen usullary aýry-aýry binalarda ornaşdyrmagyň oňyn taraplary hakynda gyzykly söhbetleriň edilýän döwründe, şol mümkinçilikleri özünde jemleýän, sanly ulgam, «ýaşyl» ykdysadyýet, «ekologik kadalar» ýaly köpugurly ösüşlere doly laýyk gelýän, deňsiz-taýsyz şäher barada gürrüň buýsançly söhbetleriň başydyr.

Giňişleýin
HALKYŇ BAKY DOWAMATY

16.01.2024

Bu günki gün türkmen halky hormatly Prezidentimiziň baş tutanlygynda baş baýramymyz bolan Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuna taýýarlyk görýär. Garaşsyzlygymyzyň bu şanly senesi türkmen döwletiniň özygtyýarlylygyny, berkararlygyny, milletiň dowamatyny, erkinligini we mertebesini şertlendirýär. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Çünki Garaşsyzlyk zamanynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlar boýy ýüreklerinde ýaşan arzuw-umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda täze ruhda, täze öwüşginde hasyl boldy.

Giňişleýin
ÝOL­LA­RY­MYZ ASU­DA BOL­SUN!

11.01.2024

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen badalga alan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk eziz Watanymyzyň ähli ýerlerinde giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzda hereket howpsuzlygynyň şeýle-de ynsanlaryň rahatlygynyň üpjün edilmegine oňyn täsir edýän bu biraýlygy işjeň ýagdaýda geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Kärine, ýaşyna bagly bolmazdan, köpçüligiň ählisine degişli bolan bu biraýlyk halkymyzyň agzybirliginden habar berýär.

Giňişleýin
GA­RAŞ­SYZ­LY­GYŇ HU­KUK ESAS­LA­RY

08.01.2024

Garaşsyzlyk ýyllary Türkmenistan üçin döwlet gurluşyny üýtgedip gurmakda, syýasy, ykdysady, durmuş taýdan ösüşiň milli nusgasyny döretmekde möhüm tapgyr boldy. Garaşsyz ösüş döwründe Türkmenistanda demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň berk binýady tutuldy. 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy hakynda Jarnamanyň kabul edilmegi bilen, ýurduň içeri we daşary syýasatynyň ösüşinde möhüm başlangyç başlady. Bu Jarnama ýurdumyzyň çäklerinde ähli ýeriň, ýerasty baýlyklaryň, howa giňişliginiň, suwuň we beýleki gymmatlyklaryň türkmen halkynyň milli emlägidigini, respublikanyň özbaşdaklygyny, onuň kanunlarynyň hökmürowanlygyny, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarda garaşsyzlygyny jar etdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy hakynda Jarnamanyň kabul edilmegi garaşsyzlygyň ilkinji belent jaňydy» diýlip, bellenilýär.

Giňişleýin
DÜNÝÄ NUSGALYK ŞÄHER

05.01.2024

Ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň bina galdyrmak, köpri saldyrmak, dostlukly döwletleri doganlaşdyrýan ýollary gurmak işleri bugünki gün Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilip, bu işler dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna mynasyp bolýar. Pederlerimiziň pähimli ýörelgelerinden ugur alnyp, umumadamzat ähmiýetli sahawatly işleriň giň gerim alýan ýurdy bolan ata Watanymyz öz Garaşsyzlygyna guwanyp, Bitaraplyk ýörelgesine daýanyp, gurmak, döretmek arkaly halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrýar we ýurdumyzyň bagtyýarlyk binýadyny berkidýär.

Giňişleýin
ARKADAG Ş­Ä­HE­RI­NE­ SÖÝ­GI ­­DÖ­RED­ÝÄN ­­KI­TAP

01.01.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalaryndan, hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlaryndan bina bolan Arkadag şäheri berkarar türkmen döwletiniň okgunly ösüşleriniň, beýik özgertmeleriniň şäheridir. «Akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäheriniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dabaraly açylmagy ähli halkymyzyň milli buýsanjyny artdyran taryhy waka boldy. Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşynyň öň ýanynda «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitap neşir edilip, halkymyza gowuşdy. Giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenen, türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilen bu kitaby okanymyzda, Arkadag şäherine bolan söýgimiz, buýsanjymyz has-da artýar. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheri hakynda çuňňur paýhasa ýugrulan parasatly sözleriniň bu kitabyň başynda ýerleşdirilmegi, «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň taryhy ähmiýetini, täsirliligini, many-mazmunyny has-da ýokarlandyrýar.

Giňişleýin
SEBITDE ÝEKE-TÄK «AKYLLY» ŞÄHER

27.12.2023

Sebitde ýeke-täk, şeýle hem ýurdumyzda ýörite Kanun esasynda ilkinji döwlet ähmiýetli şäher diýlen aýratyn hukuk derejesi bolan Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň atgazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň döwletli döredijilik başlangyçlaryny hem-de nusgalyk işlerini dünýä ýaýan şäher boldy. Ýurdumyzda her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmek bilen bagly wezipeleriň döwletiň hemişeüns merkezinde durýandygynyň beýany bolan bu şäherde döredilen ähli taraplaýyn oňaýlyklar oňa «geljegiň şäheri» diýmäge esas berýär. Ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary, edara binalarydyr desgalar, häzirki zaman yşyklandyryş, wideo gözegçilik hem-de dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilen giň şaýollary, köçeleri, halkalaýyn çatryklary şähere aýratyn görk berýär. Şäheriň sary yşykly ýol çyralary öz boluşly aýratynlyga eýe bolup, ümürli howada hem sürüjileriň öz ýoluny päsgelçiliksiz saýgarmagyna ýardam edýär. ITS ulgamy, ýagny intelligent Transportation System programmasy esasynda ulag ulgamlaryny düzmekde, ulag akymlaryny düzgünleşdirmekde innowasion işläp taýýarlamalaryň ulanylmagy ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine öztäsirini ýetirýär. Şäherde elektro mobiller we elektrobuslar hereket edip, bu ugurda «Duralga», «Ynamly taksi» ýaly programmalary ulanmak üçin QR-kod hyzmaty döredilen.

Giňişleýin
TOÝLY GÜNLER BAGTA ÝARAN

20.12.2023

Günler bizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramyna barha ýakynlaşdyrýar. Ýurdumyzyň baş baýramyny mynasyp derejede garşylamak we ony adyna laýyk merte bebilen bellemek üçin häzirki günlerden taýýarlyk işleri görülýär. Eziz Watanymyzyň okgunly ösüşlerine goşant goşýan her bir adam üçin mukaddes Garaşsyzlgymyzy berkitmek, onuň şanyny-şöhratyny Ýer ýüzüne ýaýmak uly ähmiýete eýedir. Zähmet adamlarynyň kanuny hak-hukuklaryny goramak bolsa degişli edaralaryň, şol sanda, prokuratura edaralarynyň işgärleriniň hem jana-jan borjy bolup durýar. Ýurdumyzda raýatlarymyzyň azatlyklaryny we hukuklaryny, döwletimiziň bähbitlerini hem-de konstitusion gurluşyny goramak, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ugrunda anyk işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz döwletimizde prokuratura edaralarynyň işgärleri kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalarynyň ýerine ýetirilişine prokuror gözegçiligini amala aşyrýarlar. Eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmäge, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönük dirilen maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Bu bolsa agzy bir türkmen halkymyzyň öz Milli Lideriniň we hormatly Prezidentiniň töweregine mäkäm jebisleşýän diginiň hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň kanunçylyk binýadynyň barha pugtalanýandygynyň subut namasydyr.

Giňişleýin
SAG­DYN­­ BE­DEN­DE ­—­ SAG­DYN­­ RUH

16.12.2023

Ýaşlar biziň Watanymyzyň geljegi, kuwwaty, daýanç sütüni bolupdurýar. Döwletimiz tarapyndan ýaş nesillerimiziň döwrebap ýaşamagy we bilim almagy ugrunda hukuk tertibini pugtalandyrýan birnäçe kanunlardyr kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edilip, döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda: “Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr. Döwlet her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün edýär. Tölegli bilim beriş işini amala aşyrmaga kanunda bellenen esaslarda we tertipde ýol berilýär. Ähli bilim edaralary üçin hökmany bolan döwlet bilim standartlary bellen ýär” diýlip kesgitlenen. Türkmenistanyň “Bilim hakynda” Kanunynda bilim — bu ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmagy maksat edinýän maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiniň binýady bolupdurýar diýlip bellenilen. Türkmenistanyň “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakyndaky” Kanunyny hem şolaryň hatarynda agzamak bolar. Röwşen geljegimiziň dowamaty bolan ýaşlar hakynda uly işleri alypbarýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Giňişleýin
KÄMIL KANUN — BERK BINÝAT

13.12.2023

Biziň ýurdumyzda giň gerim alan sagdyn durmuş ýörelgeleri parahat durmuşy üpjün edýär. Bu bolsa geljek üçin sagdyn jemgyýetiň berk binýadyny kemala getirýär. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny adamyň saglygyny pugtalandyrmaga, onuň işjeň ýagdaýda uzak ýaşa- magyna we durmuş wezipelerini ýokary derejede ýerine ýetirmegine gönükdirilen ugurlary beýan edýär. Kanunda ýurdumyzyň raýatlarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň alnyp barlyşynda öňe sürlen kanunçylyk namalaryna orun berlip, bedenterbiýäniň we sportuň esasy ýörelgelerini kesgitleýär, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär hem-de işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny programma bolup belleýär. Şeýle hem Kanunda ýurdu- myzda olimpiýa hereketiniň halkara olimpiýa hereketiniň düzüm bölegi- digi bellenilýär.

Giňişleýin
ÝAŞ NESLIŇ HUKUK KEPILLIKLERI

09.12.2023

Ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegimiz bolan ýaş nesilleriň watansöýüji, zähmetsöýer, döwrebap ylym-bilimli, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Ýaş nesliň hukuklarynyň döwlet tarapyndan goraglylygy bolsa kämil kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň esasynda üpjün edilýär.

Giňişleýin
MILLILIGE SARPANYŇ BELENT NUSGASY

05.12.2023

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gadymy milli medeni mirasymyza, sungatymyza, däp-dessurlarymyza uly sarpa goýulýar. Olaryň gadymy durky, milliligi saklanyp, häzirki döwrüň ruhuna görä janlandyrylýar. Ýol ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň, medeni we ruhy gymmatlyklarymyzyň, milli mirasymyzyň gaýtadan dikeldilmegi, öwrenilmegi, halka ýaýylmagy hem-de dünýä çykarylmagy halkymyzyň baý mirasynyň ajaýyp öwüşgine eýe bolmagyna itergi berýär. Türkmen halky dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, medeni-ruhy ösüşine örän uly goşant goşan iň gadymy halklaryň biridir.

Giňişleýin
ÝAŞAÝYŞ ÇEŞMESI

02.12.2023

Alym Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde: «Toprak, howa, gyzgynlyk, suw, bular ýaşaýşyň dowam etmeginiň hökmany şertleri. Adam tebigatyň sazlaşykly guralan ýaşaýyş akymynyň dowam etmegine täsirini ýetirýär» diýip nygtamak bilen, adam bilen tebigatyň arasyndaky baglanyşyga aýawly çemeleşmegiň wajyplyklary barada juda täsirli ündewlerini beýan edýär. Ajaýyp eserde nygtalyşy ýaly, suw — ynsan üçin ýaşaýyş çeşmesi. Suw bar ýerinde ýaşaýyş bar, täzeleniş, janlanyş bar. Ýaşaýşyň we bolçulygyň gözbaşy, bereket çeşmesi bolan suwuň her damjasyny ata-babalarymyz altyna deňäpdir. Suw tebigaty janlandyrýar. Mukaddes hasaplanýan suw ýurdumyzyň ýaýylyp ýatan giň sähralyklaryny gülzarlyga, keramatly topragymyzy bolsa bereket mekanyna öwürýär. Şu nukdaýnazardan hem biziň halkymyz suwuň gadyryny bilip, ony sarpalap, suw bilen bagly «Dama-dama köl bolar, hiç dammasa çöl bolar», «Çöl görki suw, köl görki guw» ýaly peder pentlerini öz nesillerine miras galdyryp, suwuň asla ýok ýerinde guýy ýa-da käriz gazmak, jykyr gurmak arkaly ol ýerlere suw eltmegiň, suwy tygşytly ulanmagyň dürli ýollaryny gözläp, olary has-da kämilleşdiripdirler.

Giňişleýin