Metbugat neşirleri
ÝOLLARYMYZ ASUDA BOLSUN!
11.01.2024
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen badalga alan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk eziz Watanymyzyň ähli ýerlerinde giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzda hereket howpsuzlygynyň şeýle-de ynsanlaryň rahatlygynyň üpjün edilmegine oňyn täsir edýän bu biraýlygy işjeň ýagdaýda geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Kärine, ýaşyna bagly bolmazdan, köpçüligiň ählisine degişli bolan bu biraýlyk halkymyzyň agzybirliginden habar berýär.
Giňişleýin
GARAŞSYZLYGYŇ HUKUK ESASLARY
08.01.2024
Garaşsyzlyk ýyllary Türkmenistan üçin döwlet gurluşyny üýtgedip gurmakda, syýasy, ykdysady, durmuş taýdan ösüşiň milli nusgasyny döretmekde möhüm tapgyr boldy. Garaşsyz ösüş döwründe Türkmenistanda demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň berk binýady tutuldy. 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy hakynda Jarnamanyň kabul edilmegi bilen, ýurduň içeri we daşary syýasatynyň ösüşinde möhüm başlangyç başlady. Bu Jarnama ýurdumyzyň çäklerinde ähli ýeriň, ýerasty baýlyklaryň, howa giňişliginiň, suwuň we beýleki gymmatlyklaryň türkmen halkynyň milli emlägidigini, respublikanyň özbaşdaklygyny, onuň kanunlarynyň hökmürowanlygyny, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarda garaşsyzlygyny jar etdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy hakynda Jarnamanyň kabul edilmegi garaşsyzlygyň ilkinji belent jaňydy» diýlip, bellenilýär.
Giňişleýin
DÜNÝÄ NUSGALYK ŞÄHER
05.01.2024
Ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň bina galdyrmak, köpri saldyrmak, dostlukly döwletleri doganlaşdyrýan ýollary gurmak işleri bugünki gün Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilip, bu işler dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna mynasyp bolýar. Pederlerimiziň pähimli ýörelgelerinden ugur alnyp, umumadamzat ähmiýetli sahawatly işleriň giň gerim alýan ýurdy bolan ata Watanymyz öz Garaşsyzlygyna guwanyp, Bitaraplyk ýörelgesine daýanyp, gurmak, döretmek arkaly halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrýar we ýurdumyzyň bagtyýarlyk binýadyny berkidýär.
Giňişleýin
ARKADAG ŞÄHERINE SÖÝGI DÖREDÝÄN KITAP
01.01.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalaryndan, hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlaryndan bina bolan Arkadag şäheri berkarar türkmen döwletiniň okgunly ösüşleriniň, beýik özgertmeleriniň şäheridir. «Akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäheriniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dabaraly açylmagy ähli halkymyzyň milli buýsanjyny artdyran taryhy waka boldy.
Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşynyň öň ýanynda «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitap neşir edilip, halkymyza gowuşdy. Giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenen, türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilen bu kitaby okanymyzda, Arkadag şäherine bolan söýgimiz, buýsanjymyz has-da artýar.
Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheri hakynda çuňňur paýhasa ýugrulan parasatly sözleriniň bu kitabyň başynda ýerleşdirilmegi, «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň taryhy ähmiýetini, täsirliligini, many-mazmunyny has-da ýokarlandyrýar.
Giňişleýin
SEBITDE ÝEKE-TÄK «AKYLLY» ŞÄHER
27.12.2023
Sebitde ýeke-täk, şeýle hem ýurdumyzda ýörite Kanun esasynda ilkinji döwlet ähmiýetli şäher diýlen aýratyn hukuk derejesi bolan Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň atgazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň döwletli döredijilik başlangyçlaryny hem-de nusgalyk işlerini dünýä ýaýan şäher boldy. Ýurdumyzda her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmek bilen bagly wezipeleriň döwletiň hemişeüns merkezinde durýandygynyň beýany bolan bu şäherde döredilen ähli taraplaýyn oňaýlyklar oňa «geljegiň şäheri» diýmäge esas berýär. Ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary, edara binalarydyr desgalar, häzirki zaman yşyklandyryş, wideo gözegçilik hem-de dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilen giň şaýollary, köçeleri, halkalaýyn çatryklary şähere aýratyn görk berýär. Şäheriň sary yşykly ýol çyralary öz boluşly aýratynlyga eýe bolup, ümürli howada hem sürüjileriň öz ýoluny päsgelçiliksiz saýgarmagyna ýardam edýär. ITS ulgamy, ýagny intelligent Transportation System programmasy esasynda ulag ulgamlaryny düzmekde, ulag akymlaryny düzgünleşdirmekde innowasion işläp taýýarlamalaryň ulanylmagy ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine öztäsirini ýetirýär. Şäherde elektro mobiller we elektrobuslar hereket edip, bu ugurda «Duralga», «Ynamly taksi» ýaly programmalary ulanmak üçin QR-kod hyzmaty döredilen.
Giňişleýin
TOÝLY GÜNLER BAGTA ÝARAN
20.12.2023
Günler bizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramyna barha ýakynlaşdyrýar. Ýurdumyzyň baş baýramyny mynasyp derejede garşylamak we ony adyna laýyk merte bebilen bellemek üçin häzirki günlerden taýýarlyk işleri görülýär.
Eziz Watanymyzyň okgunly ösüşlerine goşant goşýan her bir adam üçin mukaddes Garaşsyzlgymyzy berkitmek, onuň şanyny-şöhratyny Ýer ýüzüne ýaýmak uly ähmiýete eýedir. Zähmet adamlarynyň kanuny hak-hukuklaryny goramak bolsa degişli edaralaryň, şol sanda, prokuratura edaralarynyň işgärleriniň hem jana-jan borjy bolup durýar. Ýurdumyzda raýatlarymyzyň azatlyklaryny we hukuklaryny, döwletimiziň bähbitlerini hem-de konstitusion gurluşyny goramak, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ugrunda anyk işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz döwletimizde prokuratura edaralarynyň işgärleri kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalarynyň ýerine ýetirilişine prokuror gözegçiligini amala aşyrýarlar. Eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmäge, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönük dirilen maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Bu bolsa agzy bir türkmen halkymyzyň öz Milli Lideriniň we hormatly Prezidentiniň töweregine mäkäm jebisleşýän diginiň hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň kanunçylyk binýadynyň barha pugtalanýandygynyň subut namasydyr.
Giňişleýin
SAGDYN BEDENDE — SAGDYN RUH
16.12.2023
Ýaşlar biziň Watanymyzyň geljegi, kuwwaty, daýanç sütüni bolupdurýar. Döwletimiz tarapyndan ýaş nesillerimiziň döwrebap ýaşamagy we bilim almagy ugrunda hukuk tertibini pugtalandyrýan birnäçe kanunlardyr kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edilip, döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda: “Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr. Döwlet her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün edýär. Tölegli bilim beriş işini amala aşyrmaga kanunda bellenen esaslarda we tertipde ýol berilýär. Ähli bilim edaralary üçin hökmany bolan döwlet bilim standartlary bellen ýär” diýlip kesgitlenen. Türkmenistanyň “Bilim hakynda” Kanunynda bilim — bu ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmagy maksat edinýän maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiniň binýady bolupdurýar diýlip bellenilen. Türkmenistanyň “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakyndaky” Kanunyny hem şolaryň hatarynda agzamak bolar. Röwşen geljegimiziň dowamaty bolan ýaşlar hakynda uly işleri alypbarýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Giňişleýin
KÄMIL KANUN — BERK BINÝAT
13.12.2023
Biziň ýurdumyzda giň gerim alan sagdyn durmuş ýörelgeleri parahat durmuşy üpjün edýär. Bu bolsa geljek üçin sagdyn jemgyýetiň berk binýadyny kemala getirýär.
«Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny adamyň saglygyny pugtalandyrmaga, onuň işjeň ýagdaýda uzak ýaşa- magyna we durmuş wezipelerini ýokary derejede ýerine ýetirmegine gönükdirilen ugurlary beýan edýär. Kanunda ýurdumyzyň raýatlarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň alnyp barlyşynda öňe sürlen kanunçylyk namalaryna orun berlip, bedenterbiýäniň we sportuň esasy ýörelgelerini kesgitleýär, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär hem-de işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny programma bolup belleýär. Şeýle hem Kanunda ýurdu- myzda olimpiýa hereketiniň halkara olimpiýa hereketiniň düzüm bölegi- digi bellenilýär.
Giňişleýin
ÝAŞ NESLIŇ HUKUK KEPILLIKLERI
09.12.2023
Ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegimiz bolan ýaş nesilleriň watansöýüji, zähmetsöýer, döwrebap ylym-bilimli, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Ýaş nesliň hukuklarynyň döwlet tarapyndan goraglylygy bolsa kämil kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň esasynda üpjün edilýär.
Giňişleýin
MILLILIGE SARPANYŇ BELENT NUSGASY
05.12.2023
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gadymy milli medeni mirasymyza, sungatymyza, däp-dessurlarymyza uly sarpa goýulýar. Olaryň gadymy durky, milliligi saklanyp, häzirki döwrüň ruhuna görä janlandyrylýar. Ýol ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň, medeni we ruhy gymmatlyklarymyzyň, milli mirasymyzyň gaýtadan dikeldilmegi, öwrenilmegi, halka ýaýylmagy hem-de dünýä çykarylmagy halkymyzyň baý mirasynyň ajaýyp öwüşgine eýe bolmagyna itergi berýär. Türkmen halky dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, medeni-ruhy ösüşine örän uly goşant goşan iň gadymy halklaryň biridir.
Giňişleýin
ÝAŞAÝYŞ ÇEŞMESI
02.12.2023
Alym Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde: «Toprak, howa, gyzgynlyk, suw, bular ýaşaýşyň dowam etmeginiň hökmany şertleri. Adam tebigatyň sazlaşykly guralan ýaşaýyş akymynyň dowam etmegine täsirini ýetirýär» diýip nygtamak bilen, adam bilen tebigatyň arasyndaky baglanyşyga aýawly çemeleşmegiň wajyplyklary barada juda täsirli ündewlerini beýan edýär. Ajaýyp eserde nygtalyşy ýaly, suw — ynsan üçin ýaşaýyş çeşmesi. Suw bar ýerinde ýaşaýyş bar, täzeleniş, janlanyş bar. Ýaşaýşyň we bolçulygyň gözbaşy, bereket çeşmesi bolan suwuň her damjasyny ata-babalarymyz altyna deňäpdir. Suw tebigaty janlandyrýar. Mukaddes hasaplanýan suw ýurdumyzyň ýaýylyp ýatan giň sähralyklaryny gülzarlyga, keramatly topragymyzy bolsa bereket mekanyna öwürýär. Şu nukdaýnazardan hem biziň halkymyz suwuň gadyryny bilip, ony sarpalap, suw bilen bagly «Dama-dama köl bolar, hiç dammasa çöl bolar», «Çöl görki suw, köl görki guw» ýaly peder pentlerini öz nesillerine miras galdyryp, suwuň asla ýok ýerinde guýy ýa-da käriz gazmak, jykyr gurmak arkaly ol ýerlere suw eltmegiň, suwy tygşytly ulanmagyň dürli ýollaryny gözläp, olary has-da kämilleşdiripdirler.
Giňişleýin
MILLILIGE SARPANYŇ BELENT NUSGASY
28.11.2023
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gadymy milli medeni mirasymyza, sungatymyza, däp-dessurlarymyza uly sarpa goýulýar. Olaryň gadymy durky, milliligi saklanyp, häzirki döwrüň ruhuna görä janlandyrylýar. Ýol ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň, medeni we ruhy gymmatlyklarymyzyň, milli mirasymyzyň gaýtadan dikeldilmegi, öwrenilmegi, halka ýaýylmagy hem-de dünýä çykarylmagy halkymyzyň baý mirasynyň ajaýyp öwüşgine eýe bolmagyna itergi berýär. Türkmen halky dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, medeni-ruhy ösüşine örän uly goşant goşan iň gadymy halklaryň biridir.
Giňişleýin
AJAÝYP GOLLANMA
23.11.2023
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň türkmen jemgyýetini döwrebaplaşdyrmak syýasaty ýaşlar babatynda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine gönükdirilendir. Ýurdumyzda ösüp gelýän nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymlybilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli amatlyklar, möhüm şertler döredilýär. Ýaşlaryň hak-hukuklarynyň ygtybarly goragy üpjün edilýär, ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, şeýle-de ýaşlar birleşikleriniň hukuklaryny amala aşyrmagy kepillendirmäge gönükdirilen Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek, onuň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynda döwletimiz tarapyndan bu ugurda alnyp barylýan syýasata içgin syn berilýär. «Hakydada orun alan pursatlar» atly bölümde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny berkitmek, döwrebap lukmançylyk-şypahana hyzmatlaryny ýola goýmak, çagalaryň sagdyn ösüşini üpjün etmek, ýaşlary ählitaraplaýyn goldamak ýaly möhüm işleri durmuşa geçirmek boýunça gazanylan guwandyryjy netijeler beýan edilýär. Hususan-da, bu bölümde Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi barada giňişleýin gürrüň edilýär.
Giňişleýin
MANYLY ÖMRI MEKDEPDIR
19.11.2023
«Ýa şaýyş ene den baş lan ýar» diý en söz rast. Ene mu kad des lik, edil şonuň ýa ly ene hak da ky gür- rüň hem mu kad des dir. Gah ry man Arka dagy myzyň bel leýşi ýa ly, ene rimiz bizi durmuş da-da köp zatla ra borç ly edýär.
Biz islendik işiň başyna barmaz- dan ozal, ejemiz bilen maslahat- laşmaga, onuň ak pata bermegine howlugýarys. Çünki eneleriň ak pata bermegi bilen başy başlanan işleriň şowuna bolýandygyny durmuş hakykaty ýyllaryň, asyrlaryň dowamynda subut edip gelýär. Halkymy- zda: «Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr» diýen parasatly sözleriň nesilden-nesle geçip gelmeginde hem uly many bar. Eneler hakda kän-kän eserler ýazyldy, filmler surata düşürildi, ol mähribanlara bagyşlanan goşgulardan aýdymlar döredi. Enelere bagyşlanan her bir işde, onuň keşbini mynasyp dö- redip bilmekde uly jogapkärçilik bar. Nusgalyk işleri bilen eziz Diýarymyzyň oňyn özgerişlerine goşant goşup, kemally perzentleri ösdürip ýetişdirýänem, olary il hataryna goşup, Watanyň ygtyýaryna berýä- nem mähriban enelerimizdir.
Giňişleýin
HUKUKÇYNYŇ SÖZLEÝIŞ MEDENIÝETI
15.11.2023
Medeniýetli sözleýiş oňagatnaşýan adamlaryň hünär aýratynlygy bilen berk baglanyşyklydyr. Mysal üçin, hukukçynyň dil medeniýetine edilýän aýratyn talaplar bardyr. Ýokary medeniýetli sözleýişsiz jenaýat we kazyýet önümçiligi bolup bilmez. Hukuk namalarynda bir sözüň ýa-da adalganyň nätakyk ulanylmagy raýatyň ykbaly bilen baglanyşykly düzedip bolmajak ýalňyşlygyň bolmagyna getirip biler. Hukukçynyň sözleýşinde alynma sözleriň ýa-da seýrek ulanylýan sözleriň has köplügi, köpsözlülik, sözlemde sözleriň tertibiniň bozulmagy, bir söze derek başga bir sözüň ulanylmagy, çalyşmalaryň ýerliksiz ulanylmagy sözleýşiň düşnüksiz bolmagyna getirýär. Şonuň üçin hukukçynyň diliniň sözleýişgörnüşi-de, ýazmaçagörnüşi-deýalňyşsyz, öz ugry boýunça ulanylýan kär-hünär sözlerine baý bolmalydyr.
Giňişleýin