26.10.2024
Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy akyldar şahyryň adyny arşa göteren eser bolmak bilen, döredijilik bilen meşgullanýan ähli raýatlar üçin nusgalyk mekdebe öwrüldi.
Giňişleýin
26.10.2024
Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy akyldar şahyryň adyny arşa göteren eser bolmak bilen, döredijilik bilen meşgullanýan ähli raýatlar üçin nusgalyk mekdebe öwrüldi.
Giňişleýin24.10.2024
Türkmen halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny ýeňişlere besläp, şanly wakalaryň şaýady bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryny baýdak edinýän türkmen ili abadan ertirine barýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny berkden tutýar. Ata Watanymyzda raýat jemgyýeti mundan beýläk-de demokratik ýörelgeler esasynda ösdürmekde tutumly işler alnyp barylýar. Döwletimiziň konstitusion gurluşynyň esaslaryny kämilleşdirmekde we pugtalandyrmakda giň möçberli işler geçirilýär.
Giňişleýin22.10.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her bir raýatyň hukuklary we azatlyklary kepillendirilip, döwlet gurluşy kämilleşdirilýär. Esasy Kanunymyzda döwlet gurluşynyň ähli ugurlary, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, ylmyň we medeniýetiň, saglygy goraýşyň, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilimiň elýeterli bolmagyny üpjün etmek boýunça döwletimiziň ýöredýän syýasatynda ileri tutulýan ugurlary kesgitlenilýär. Konstitusiýada we onuň esasynda kabul edilýän kanunlarda döwletimiziň durmuşynyň esasy meseleleri baradaky syýasatynyň beýan edilmegi we ählisiniň mazmuny raýatlaryň bähbitlerini goramak bilen baglydyr.
Giňişleýin20.10.2024
Şu ýylyň 6-njy sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gowaça ösdürip ýetişdirýän daýhanlara we ähli oba hojalyk işgärlerine işlerinde uly üstünlikleri arzuw etmegi pagtaçylarymyzyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, pagta ýygymy möwsüminiň sazlaşykly işini yzygiderli üpjün etmek üçin ýerlerde ulanylýan tehnikalara gije-gündizleýin tehniki hyzmatlar ýola goýlup, mehanizatorlaryň, sürüjileriň we pagtany el bilen ýygmaga gatnaşýanlaryň öndürijilikli işlemekleri, doly derejeli dynç almaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi bol hasylyň isripsiz ýygnalmagy ugrunda taýsyz tagallalaryň edilýändigi niň subutnamasydyr.
Giňişleýin18.10.2024
Ýurdumyzda neşekeşlikdir beýleki zyýanly endikler bilen birlikde, çilimkeşlige garşy göreşe uly üns berilýär. Sebäbi, çilimkeşligiňem, naskeşligiňem ynsan saglygyna ýetirýän zyýany juda uludyr. Aýratynam, ýaşlary şu ýaramaz endiklerden goramak derwaýys wezipedir. Şonuň üçinem bu babatda alnyp barylýan işler döwrüň talaby bolup durýar. Ajap eýýamymyzda sagdyn durmuşyň dabaralanmagyny gazanmakda çilimkeşlige garşy göreşem uly ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi, temmäki önümleriniň ulanylmagy adamyň öýkenine, dem alyş ýollaryna uly zyýan ýetirýär. Ýürek, gan-damar, dem gysma keselleriniň döremegine getirýär. Şonuň üçinem çilimkeşligiň, naskeşligiň öňüni almak wajyp wezipe bolup durýar. Bu meselede wagyz-nesihat işine uly orun degişli bolup, netijeli işler geçirilýär. Il-gün bähbitli şu işde her birimiziň goşandymyz bolmalydyr.
Giňişleýin15.10.2024
Belent bagtymyzyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna tutulýan toý milli senenamamyzyň bir gününiň çygryndan has giň. Tutuş ýurdumyz güýzüň ilkinji gününden bäri baş baýramymyzyň dabaralaryna beslenýär. Göwünlerdäki toý ruhy döwrümize, döwrümiziň toý lybasy bolsa göwnümize nur çaýýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň belleniljek gününe bir hepdeden sähel gowrak wagt galdy. Şanly toý barha ýakynlaşdygyça, göwünlerimiziň şatlygy, toý ruhy Göge göterilýär. Çünki baş baýram — her birimiz üçin iň mukaddes toý.
Giňişleýin12.10.2024
Garaşsyzlyk kalby Garagum sährasy ýaly giň, sabyrly we sahawatly halkymyzyň baky bagtynyň, erkinliginiň kepili, Watana bolan çäksiz söýgüsiniň beýik aňlatmasy bolup dabaralanýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen Garaşsyzlykdan galkynan döwletimiz bu gün ykdysady, syýasy, medeni we beýleki ugurlarda ösüşleriň belent sepgitlerine ýetip, türkmen halky eşretli günleriň hözirini görýär, bagtyýar döwrümize, berkarar döwletimize guwanyp we buýsanyp ýaşaýar. Mähriban halkymyz eziz Diýarymyzyň mundan beýläk hem öňe gidip, ösüşiň täze sepgitlerine ýetmegi üçin agzybirlikli zähmetiň nusgasyny görkezýär.
Giňişleýin08.10.2024
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlet Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Dünýä türkmenlerini bir supranyň başyna has-da jebisleşdirmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bu gurama 1991-nji ýyldan bäri hereket edýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda daşary ýurtlaryň 14-sinde, hususan-da, Russiýa Federasiýasynda, Beýik Britaniýada, Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Şwesiýada, Ukrainada, Owganystanda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Saud Arabystany Patyşalygynda, Pakistan Yslam Respublikasynda, Türkiýede, Özbegistanda, Gazagystanda, Gyrgyz Respublikasynda we Täjigistanda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 sany bölümi işleýär.
Giňişleýin05.10.2024
Şygary Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgusyndan gözbaşly üstümizdäki ýylyň ýeňişli sepgitleri, şanly wakalary il-günümizde uly ruhubelentligi döredýär. Türkmen halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň gülläp ösmeginiň hatyrasyna tutan ýerli zähmet çekýär, gurýar we döredýär. Türkmen ili şu ýylyň taryhy wakasy bolýan beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýuny toýlaýar.
Giňişleýin02.10.2024
Halkymyz asyrlar boýy özüniň milli gymmatlyklaryny gorap we ösdürip gelen halkdyr. Garaşsyz ýurdumyzda türkmen halkynyň medeni gymmatlyklarynyň hatarynda esasy orun eýeleýän maddy däl medeni mirasyň öwrenilmegine, aýalyp saklanylmagyna, wagyz edilmegine we dünýä ýaýylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Döwletimizde türkmen halkynyň milli maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hereket etmegi hem bu ugra gönükdirilen asylly işleriň berk hukuk binýadyny üpjün edýär.
Giňişleýin30.09.2024
Ýurdumyzda halkymyzyň taryhy we medeni mirasy aýratyn sarpalanýan gymmatlyk bolup, ol bütin dünýä medeni mirasynyň düzüm bölegidir. Türkmenistan dünýäniň ençeme ýurtlarynyň alymlarynyň ünsüni özüne çekýän Gündogaryň gadymy siwilizasiýasynyň ojagy hasaplanýar. Dünýäde ýaşaýan her bir halkyň özüne degişli aýratynlyklary, özboluşly medeni mirasy bar. Türkmenistan dünýä ösüşiniň genji-hazynasyna girýän maddy we ruhy medeniýetiň köp sanly ýadygärliklerinde saklanyp galan täsin mirasa eýedir.
Giňişleýin28.09.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusynyň ady şygar edinilen üstümizdäki ýylyň guwançly menzilleri ýeňişlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürmekde belent sepgitlere eýe bolunýar. Gündogaryň akyldary, filosof, beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly toýy şu ýylymyzyň şanyna şan goşdy.
Giňişleýin26.09.2024
Halkymyzyň asyrlardan bäri durmuşyň wajyp meselelerini halkyň içinden sylanýan, hormatlanýan adamlar bilen maslahatlaşyp, sala salşyp çözendigi bize taryhdan mälimdir. Hormatly Prezidentimiz öňden dowam edip gelýän bu däpleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy gurluşynyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrüp, ony zamanabap talaplar esasynda ösdürýär. Döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Bu babatda häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli düzümlerinde taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, 24-nji sentýabrda geçiriler.
Giňişleýin24.09.2024
Ýurdumyzyň döwlet gurluşynda ata-babalarymyzyň iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meselelerini çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alynýar we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerilýär. Ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi Esasy Kanunymyzyň 3-nji maddasynyň «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeketäk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar» diýen kadalarynyň durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.
Giňişleýin22.09.2024
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiz ähli ugurlar boýunça ösüş-özgerişli döwri başdan geçirýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň kanunçylyk-hukuk binýady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşli talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Bu bolsa, döwletimiziň we raýat jemgyýetimiziň durnukly ösüşine bähbitli täsirini ýetirýär. Döwlet Baştutanymyzyň içeri we daşary syýasaty üstünliklere beslenýär.
Giňişleýin26.10.2024
AKYLDARY ARŞA GÖTEREN ESER24.10.2024
OŇYN ÇÖZGÜTLER KABUL EDILER22.10.2024
KÄMIL KANUNLAR — DÖWLET GURLUŞYNYŇ BINÝADY20.10.2024
BOL HASYLLY MEÝDANLAR18.10.2024
ÇILIMKEŞLIGIŇ ZYÝANY15.10.2024
BAŞ BAÝRAM — GÖWÜNLERIŇ TUGY12.10.2024
BAGTDAN PAÝLY, TOÝDAN SERPAÝLY08.10.2024
BIR SUPRADA JEM BOLUP05.10.2024
BELENT MERTEBÄNIŇ ÝAŇY02.10.2024
ZENAN KALBYNYŇ SUNGATY30.09.2024
MEDENI MIRAS WE HALKARA HUKUGY28.09.2024
KÖŇÜLLERIŇ YLHAM ÇEŞMESI24.09.2024
HALK — DÖWLET HÄKIMIÝETINIŇ GÖZBAŞY22.09.2024
DEMOKRATIK ÝÖRELGELERIŇ ZAMANASY