Metbugat neşirleri

ÄNEW ME­DE­NI­ÝE­TI — GADYMY TARYH

26.04.2024

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri , Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­tynyň Baş­ly­gy  Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­langyç­la­ry bi­len türk­men hal­ky­nyň ösen ga­dy­my me­de­ni­ýe­ti, maddy gym­mat­lyk­la­ry tä­ze mazmu­na eýe bol­dy. Hal­ky­my­zyň ir­ki dö­wür­ler­den göz­baş alyp gaýd­ýan ta­ry­hy­nyň do­wa­mynda top­lan tej­ri­be­si­ni, ne­sil­le­re gal­dy­ran aja­ýyp mad­dy we me­de­ni mi­ra­sy­ny, ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny, hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da çuň we hem­me­ta­rap­la­ýyn öw­ren­mek hem-de ola­ry hal­ka ýe­tir­mek örän wa­jyp me­se­le­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar.

Giňişleýin
MIL­LI MAK­SAT­NA­MA­LA­RY DUR­MU­ŞA GE­ÇIR­MEK­DE YLYM-BI­LI­MIŇ ÄH­MI­ÝE­TI ULU­DYR

22.04.2024

Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. Obadyr şäherlerde durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen birlikde,döwrebap bilim edaralary yzygiderli gurulýar. Ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistanyň 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, sanly bilim ösdürilýär. Milli bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine çykarylmagy häzirki döwürde ýurdumyzda toplumlaýyn wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berdi. Munuň özi, ilkinji nobatda, halkara derejeli bilim ojaklarynyň döredilmegi, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki okuw-terbiýeçilik edaralarynyň binalarynyň gurulmagy, olaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, şol sanda internet arkaly dünýä maglumatlar binýadynyň we elektron kitaphanalaryň giň elýeterliligi bilen baglydyr.

Giňişleýin
DÖWLET BERKARARLYGYNYŇ HUKUK BINÝADY

19.04.2024

Ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik durmuşynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy iňňän möhüm ähmiýete eýedir. Çünki Esasy Kanunymyz döwletiň jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklarynyň berk hukuk binýady bolmak bilen, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny kepillendirmegiň ygtybarly goragyny üpjün edýär.  Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda, ählihalk tarapyndan ara alyp maslahatlaşmagyň netijesinde, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi hem-de ol rejelenen görnüşde kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň syýasy durmuşynda möhüm wakalaryň birine öwrüldi. Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşinde «Prezident», «Watan» we «halk» diýen mukaddes düşünjeleriň bitewüligi doly beýanyny tapýar. Olar Garaşsyz, baky Bitarap türkmen döwletiniň ygtybarly ösüşiniň, rowaçlyklarynyň binýadyny emele getirýär. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini gazanmak, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny demokratiýalaşdyrmak, medeni-ynsanperwer ulgamy kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygy işjeň leşdirmek meseleleriniň berk hukuk binýady döredilip, bu ugurlarda Diýarymyzda dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar.

Giňişleýin
SANLY YKDYSADYÝET — ÖSÜŞLERE BADALGA

15.04.2024

Mälim bolşy ýaly, Watanymyzda elektron resminama, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýän hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilen «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanunda elektron söwda diýlip, elektron maglumat ulgamlaryndan, telekommunikasiýa aragatnaşyk torlaryndan we elektron amallaryndan peýdalanmak bilen, geleşikler edilende elektron resminamalaryň alşylmagy arkaly amala aşyrylýan uzaklykdan satmak arkaly edinilýän söwdanyň görnüşine düşünilýändigi görkezilýär. Şeýle hem elektron söwda satyn almak-satmak, üpjün etmek, daşamak, karz bank hyzmaty, saklamak, ätiýaçlandyryş, tabşyryk, eýeçiligiň ynanç haty esasynda dolandyrylmagy, bäsleşik, Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göz öňünde tutulan beýleki geleşikler, şeýle hem telekeçilik işiniň çygrynda gaýry hukuklaryň, borçlaryň edinilmegi we amala aşyrylmagy ýaly ugurlaryň degişlidigi barada görkezilendir. Söwda işiniň onlaýn tertipde alnyp barylmagy hem-de alyjylar üçin internet dükanlarynyň döredilmegi haryt dolanyşygynyň sazlaşyklylygyny we üznüksizligini üpjün etmäge, sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak üçin hyrydarlygy öwrenmäge, hyzmatlaryň edilişini döwrebaplaşdyrmaga ýardam edýär. Soňky wagtda internet-dükanlaryň we olardan peýdalanyjylaryň sany barha artýar.

Giňişleýin
ÇAGALARYŇ HUKUKLARYNYŇ GORAGLYLYGY

12.04.2024

Ýurdumyzda çagalaryň goraglylygy döwlet tarapyndan kepillendirilendir. «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenilişi ýaly, on sekiz ýaşyna ýetmedik adam çaga hökmünde ykrar edilip, belli bir hukuga eýe bolmak ukyby onuň doglan pursadyndan ýüze çykýar. Agzalan Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan her bir çaganyň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, durmuş we emläk ýagdaýyna, özüniň we ata-enesiniň ýaşaýan ýerine, diline, bilimine, dini garaýşyna, dogluş ýagdaýyna, saglygyna ýa-da beýleki ýagdaýlaryna garamazdan, hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligini kepillendirilýär. Her bir çaganyň özüne berlen ähli hukuklardan we azatlyklardan peýdalanmaga hukugy bardyr. Çaganyň hukuklary, azatlyklary we kanuny bähbitleri durmuşa geçirilende onuň iň gowy bähbitleri üpjün edilmelidir.

Giňişleýin
MEDENI MIRASYŇ BELENT SARPASY

09.04.2024

         Milli medeni mirasymyz täze taryhy eýýamda döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň, nesilleri ruhy, ahlak taýdan kämilleşdirmegiň berk binýatlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde medeni mirasymyzy aýawly saklap, dünýä ýaýmakda, geljekki nesillere ýetirmekde gazanylan ägirt uly üstünlikler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent derejelere göterilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dürli derejeli çäreler munuň subutnamalarydyr.

Giňişleýin
ÄHLI DÖWÜRLERIŇ RUHY HAZYNASY

05.04.2024

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ynsan köňüllerine saçýan şuglasy ýyllar geçdigiçe has-da güýçlenýär. Nusgawy şahyrymyzyň eserleriniň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin alymlar tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Beýik Pyragynyň ХVIII asyrda aýdan nesihatlary, öwüt-ündewleri ähli döwürlerde, şol sanda häzirki ajaýyp zamanamyzda hem durmuşda ýol görkeziji şamçyrag bolup durýar.  Gündogaryň beýik akyldary özüniň ajaýyp şygyrlarynda türkmen halkyny jebisleşdirmek, onuň agzybirligini gazanmak, Watany goramak hem söýmek, adamlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek taglymatlaryny öňe sürýär, adalatlylyk üçin göreşmäge, namartlygy, galplygy, ikiýüzlüligi ýazgarmaga çagyrýar.

Giňişleýin
MAGTYMGULY — KÖŇÜLLERIŇ TÄJI

01.04.2024

Toý-mä­re­ke­ler­de, üýş­me­leň­ler­de adam­laryň ara­syn­da bir zat ba­ra­da je­del gi­den­de, ylym­ly-bi­lim­li, hat-so­wat­ly adam­lar: «Magtym­gu­luda şeý­le­räk», «Py­ra­gy şeý­le di­ýip­dir» di­ýse, şol ýerde je­del­ler ke­sil­ýär. Se­bä­bi halky­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­ga, onuň pel­se­pe­wi pi­kir­le­re baý bo­lan şy­gyr­la­ry­na bü­tin kal­by bi­len ynanýar. Türk­men hal­ky­nyň şöh­rat­ly ta­ry­hyn­da, nus­ga­wy ede­bi­ýa­tyn­da uly orun tut­ýan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy eg­sil­mez ru­hy ha­zy­na­dyr. Mag­tym­gu­ly­nyň dö­re­di­ji­li­ginde hal­ky­my­zyň dün­ýä ha­kynda­ky oý­lan­ma­la­ry­nyň, pi­kir-dü­şün­je­le­ri­niň çuň­lu­gy we öze­ni jem­le­nen­dir. 

Giňişleýin
ÖSÜŞI NAZARLAÝAN ÖZGERTMELER

26.03.2024

Islendik döwletiň ösüşini ylmyň, bilimiň, tehnikanyň ösüşinden aýry göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu ugurda soňky gazanylanlary önümçilige ornaşdyrmak milli ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şoňa görä­de, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda ylym­bilim ulgamy täzeçil başlangyçlar arkaly baýlaşdyryldy, döwrebaplaşdyryldy. «Garaşsyz Watanymyzda örän gysga taryhy döwrüň içinde ylym ulgamynyň binýatlaýyn esaslaryny has­da pugtalandyrmak we dünýä derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň netijeliligini jemgyýetimiziň, döwletimiziň ösüşlerine gönükdirmek, adam maýasyny kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyryldy» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki döwürde bu ugurdaky oýlanyşykly döwlet syýasatyny mynasyp dowam etdirýär.

Giňişleýin
Rowaçly­gyň aýdyň ýoly

23.03.2024

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly buýsanç bilen garşylan agzybir halkymyz gazanylan üstünlikleri berkitmek ugrunda zähmetsöýerligiň belent nusgasyny görkezip, rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan il-ýurt, dünýä ähmiýetli başlangyçlar hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda mynasyp dowam etdirilip, täze-täze belent sepgitlere ýetilýär.  Ykdysadyýetde we durmuşyň beýleki ugurlarynda gazanylýan ägirt uly ösüşleriň netijesinde ýurdumyz dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, ýurdumyzyň sebitlerini düýpli özgertmek, ýaşaýyş-durmuş düzümini döwrümiziň täze talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Günsaýyn gözelleşýän oba-şäherler, yzygiderli gurlup ulanmaga berilýän medeni-durmuş ähmiýetli binalardyr desgalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý geçmiş taryhyny, özboluşly medeniýetini, sungatyny halkara derejede wagyz etmek boýunça hem uly işler alnyp barylýar. Şu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede dabaraly bellenilmegini munuň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde görkezmek bolar.

Giňişleýin
ÝAKYMLY HABAR

19.03.2024

Ýurdumyzyň şanly wakalary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary döwlet syýasatynyň durmuş hakykatyny dabaralandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda gol çeken Karary bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine Arkadag şäherinde azyk, senagat, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň önümçilik zolagynda binalary hem-­de desgalary gurmak üçin maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Goetzpartners Emerging Markets GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berilmegi hem munuň nobatdaky dabaralanmasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň bu taryhy Karary sebitlerimiziň sazlaşykly ösdürilmegi, halkymyzyň ýaşaýyş­-durmuş derejesiniň has­-da ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň bütindünýä ýalkym saçýan buýsanjy bolan Arkadag şäherini ösdürmek babatdaky döwlet maksatnamalarymyzda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan bina bolan Arkadag şäherine sanly ulgamyň iň kämil çözgütlerini ornaşdyryp, halky hakynda alada etmegiň beýik nusgasyny görkezýän hormatly Prezidentimize egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys. 

Giňişleýin
WATAN MERTLERI BEÝGELDÝÄR

13.03.2024

— Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän adyl syýasatynyň netijesinde toýlar-toýa ulaşýar. Ösüşleriň saýasynda uly ruhy galkynyşa eýe bolýan ýurdumyzyň her bir raýaty bu toýlara mynasyp zähmet ýeňişleri bilen gelýär. Maňa-da «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinde toýlanylýan Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanmak bagty nesip etdi. Bu döwlet sylagyna mynasyp bolmagym meni döwletimizde kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak we döwletiň kanun tarapyndan goralýan bähbitlerini üpjün etmek bilen baglanyşykly alyp barýan işlerimizde mundan beýläkde jan aýaman zähmet çekmäge, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatyny durmuşa geçirmekde mynasyp goşant goşmaga borçlandyrdy. Halkymyzyň abadan durmuşynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, buýsançly başlary aman, ilimiziň bagtyýar durmuşy dowamat-dowam bolsun!

Giňişleýin
WATAN MERTLERI BEÝGELDÝÄR

09.03.2024

— Ösüşlere beslenýän ýurdumyzda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiz şanly sepgitleri nazarlaýar. Adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülip, her bir raýatyň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy, ýurdumyzyň ösüşine goşant goşmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ak ýürekden zähmet çekýän her bir raýat höweslendirilýär. Maňa-da ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli döwlet sylagy «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanmak bagty nesip etdi. Meniň prokuratura edaralarynda hukuk tertibi we kanunçylygy pugtalandyrmaga goşan şahsy goşandymyň nazara tutulyp, döwlet sylagy bilen sylaglanmagym Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza ak ýürekden, ýokary hünär derejesinde gulluk etmäge, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrdy. Ýurdumyzyň şanyna şan goşýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Giňişleýin
TÄMIZ GÖZBAŞ

05.03.2024

Türkmenistanyň kanunçylygynyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň Magtymguly Pyragynyň adalatlylyk, adamkärçilik wesýetleri bilen sazlaşygy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady halkymyzda çäksiz ruhubelentlik döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisi 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etmek baradaky karary kabul etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralyndaky 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede guramaçylykly bellemek baradaky Karary bolsa bu şanly sene bilen bagly işleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen resminamadyr.

Giňişleýin
WATANÇYLYGA ÝUGRULAN KITAP

01.03.2024

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sepgidinde «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny halkymyza serpaý etmegi 2024-nji ýyla beýik maksatlar bilen girişmegimize badalga boldy. Bu kitap ynsanperwer halkymyzyň ruhuny galkyndyran wakalaryň birine. ösüşli eýýamymyzyň çeper beýanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip, parasatlylyk bilen belläp geçýär. Watanyň ösüşleri joşgunly we zähmetsöýer ýaşlaryň ylym derejesi, edep-terbiýesi, öňegidişlikleri bilen berk bagly. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüji syýasaty bilen gülleýän Watanymyzda ýaşlaryň orny juda pugtalandy. «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň gazanan üstünlikleri barada giňişleýin söz açylmagy, şeýle-de olaryň durmuşyny bezeýän ýol-ýörelgeler, asylly gylyk-häsiýetler hakda paýhasly pikirleriň öňe sürülmegi ýaşlary belent maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň durmuşy, bilimi, terbiýesi we üstünlikleri bilen şeýle içgin gyzyklanmasynyň düýp esasynda Watanymyzyň geljeginiň aladasy bar.

Giňişleýin