Metbugat neşirleri
TÄZE OKUW ÝYLYNYŇ BOSAGASYNDA
14.09.2021
Ata watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alýan bilim ulgamy hem beýleki pudaklar bilen birlikde ýyl geçdigisaýyn kämilleşýär. Ýurdumyzda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumybilim berýän orta mekdeplerde bagtyýar çagalara döwrebap ylym-bilim bermäge, edep-ekramly watansöýüji, berk bedenli nesilleri kemala getirmäge taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
“Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň-Watany” ýylynda Hormatly Belent Serkerdebaşymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda eziz diýarmyzda nesil terbiýesine aýratyn uly üns berilýär. Milli Lidermiz her bir çykyşynda Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtly geljeginiň ýaşlaryň elindedigini nygtaýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda “Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr. Döwlet her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün edýär.Tölegli bilim beriş işini amala aşyrmaga kanunda bellenen esaslarda we tertipde ýol berilýär.Ähli bilim edaralary üçin hökmany bolan döwlet bilim standartlary bellenýär” diýip kesgitlenen.
Giňişleýin
BAGTYÝAR DURMUŞYŇ HATYRASYNA
03.09.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen, raýatlaryň hukuklaryny we erkinligini üpjün edýän kanunçylygyň höküm sürmegi üçin çäksiz tagallalar edilýär. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň her gezekki ýygnaklarynda, döwlet maslahatlarynda ýurdumyzyň kanunçylygyny hem-de döwlet dolandyryş işini kämilleşdirmegiň, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejelere götermegiň hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň öňünde wezipe edip goýlandygyny belleýär. Dünýäde üýtgäp duran ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýlaryň, şeýle hem ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda durmuşa geçirilmäge başlanan özgertmeleriň döwlet-hukuk institutlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi, täze kanunlary gaýra goýman kabul etmegi we olary örän çalt durmuşa ornaşdyrmagy talap edýändigini nygtaýar.
Giňişleýin
GARAŞSYZLYK — HALKYŇ ÇÜWEN YKBALY
02.09.2021
Ýurt parahatçylygynyň, il abatlygynyň hatyrasyna uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen maksatnamalary, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçiliksyýasy özgertmeleri, halkara derejede öňe sürýän başlangyçlary netijesinde, bu gün eziz Diýarymyzyň, mähriban halkymyzyň abraýmertebesi, şan-şöhraty has-da ýokarlanýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny giňden toýlaýar. Ýurdumyz Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ulgamlar boýunça ýokary sepgitlere ýetdi. Munuň özi geçmişde ata-babalarymyzyň ýüreklerinde arzuwlan we uzak garaşan döwlet Garaşsyzlygymyzyň netijesi, onuň türkmen halkyna beren peşgeşidir.
Garaşsyzlyk türkmeniň buýsançly bagtydyr. Ýurdumyz özbaşdaklyk ýoluna düşen ilkinji gününden başlap, halkymyzyň taryhy tejribesinde toplanan parahatçylyk söýüjilik, asudalyk, dostlukly gatnaşyklara eýerýän goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur almak bilen, döwlet syýasatynyň binýadyny goýdy. Netijede, Garaşsyz Türkmenistan içeri we daşary syýasatyny özbaşdak alyp barmak bilen, halk hojalyk pudagyny düýpli özgertmäge hem-de dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge başlady. Watanymyz bu günki gün hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda dünýäniň halkara syýasy giňişliginde özüniň ornuny barha pugtalandyrýar. Türkmen halkynyň öňe sürýän başlangyçlary dünýä döwletleri tarapyndan biragyzdan goldanylýar. Döwletimiziň şeýle teklipleriniň birine eýerip, Birleşen Milletler Guramasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi.
Giňişleýin
ÝURDUMYZYŇ HUKUK NAMALARYNYŇ BEÝANY
01.09.2021
Häzirki döwürde her bir döwletiň ähli ugurlaryndaky ösüşiniň kanunalaýyklygynyň, jemgyýetçilik islegleriniň kanunçylyk namalarynda öz wagtynda we netijeli hasaba alynmagynyň zerur şerti — hukuk namalarynyň hemişe kämilleşdirilmegidir. Jemgyýetiň we döwletiň bähbitleri üçin kabul edilýän kadalar hukuk taýdan düzgünleşdirilmelidir, ilat üçin ýeterlik derejede aýdyň bolmalydyr. Kanun çykarmak işi hukuk taýdan ählitaraplaýyn düzgünleşdirilmegi talap edýän jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň öwrenilmeginden, hereket edýän kanunlaryň seljerilmeginden, konstitusion hukuk binýadynyň hem-de döwletiň we adamlaryň berjaý etmäge borçly bolan düzgünleriniň göz öňünde tutulmagyndan başlanmalydyr. Islendik hukuk namasynda durmuşda bolup biläýjek ähli ýagdaýlary göz öňünde tutmak asla mümkin däl. Şonuň üçin hem bütin kanunçylyk ulgamy hemişe täzelenip we kämilleşdirilip durulmagynda mätäçlik çekýär. Kanun çykaryjylyk işiniň kämilleşdirilmegi kabul edilýän namalaryň hiliniň ýokarlanmagyna, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillikleriniň güýçlendirilmegine, döwletiň we jemgyýetiň bähbitleriniň deňagramlylygynyň has oňyn bolmagyna ýardam edýär. Hukuk namalarynyň kabul edilmegine, üýtgedilmegine, goşmaçalar girizilmegine ýa-da ýatyrylmagyna ýurtda amala aşyrylýan häkimiýet dolandyrylyşynyň görnüşi, ykdysadyýetiň we söwda gatnaşyklarynyň ösmegi, maglumatlar bileleşigi, elektron hökümetiň hem-de jemgyýetiň durmuşykdysady islegleriniň ýüze çykmagy, şahsyýetiň bähbitleriniň hasaba alynmagynyň ýagdaýy, jemgyýetiň hukuk düşünjeliliginiň we medeniýetiniň derejesi, ilatyň syýasy işjeňligi, halkara hukuk gatnaşyklarynyň täsiriniň güýçlenmegi ýaly şertler öz täsirini ýetirýär. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz hemişe ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek işine aýratyn üns berýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli ösüşler geljegi nazarlaýan konstitusion özgertmeleriň esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen badalga berlen özgertmeleriň netijesinde döwletimiziň konstitusion hukuk binýady barha berkeýär. Ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk ulgamynda iki palataly parlamentiň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň döredilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Giňişleýin
BERK BINÝATLY ÝÖRELGE
31.08.2021
Gahryman Arkadagymyz geljegimiz bolan ýaşlaryň maşgala terbiýesine uly üns berýär. Terbiýäniň düýp binýady, ilkinji nobatda, maşgalada goýulýar. Sebäbi çaga ilkinji terbiýäni maşgaladan alýar. Türkmen maşgalasy agzybirligiň ojagy, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Ata-enäniň yhlasy, söýgisi bilen bina bolan maşgala berk, abat bolýar.
Häzirki ylmy-tehniki mümkinçilikleriň ösýän eýýamynda öz ähmiýetini ýitirmän saklaýan zerur düşünjeleriň biri hem çaga terbiýesidir. Çagalar — biziň geljegimiz. Biz özümizi boýy ýeten daragt hökmünde göz öňüne getirsek, ýaş nesiller şol daragtyň miweleri bolup durýar. Onuň ajylygy ýa-da süýjüligi bolsa biziň olara berýän terbiýämize baglydyr. Hormatly
Prezidentimiz çagalaryň, ýaşlaryň aň-üşükli, zehinli we ukyply bolmaklary, zähmete yhlasly çemeleşmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döretdi. Şeýle mümkinçilikleriň bar ýerinde biz döwletimiz üçin ummasyz işleri bitirmäge borçludyrys.
Giňişleýin
TÜRKMENISTANYŇ OŇYN BAŞLANGYÇLARY
30.08.2021
Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipe-borçlaryna ygrarly Türkmenistan dünýäde umumadamzat derejeli ynsanperwer başlangyçlaryň öňe sürülýän ýurdy hökmünde tanalýar. Bu hakykat hormatly Prezidentimiziň 20-nji awgustda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde hem tassyklandy. Sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda öz işine başlajak nobatdaky 76-njy mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary baradaky hasabat halka ýetirildi.
Giňişleýin
MAŞGALA — JEMGYÝETIŇ GYMMATLYGY
25.08.2021
Hormatly Prezidentimiziň: «...Watana, il-güne bolan beýik söýgi maşgala terbiýesinden başlanýar, maşgala döwletimiziň we jemgyýetimiziň ilkinji düzümidir» diýen parasatly jümlesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kämil we sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek aladasyny döwlet syýasatymyzyň iň esasy, wajyp wezipesi edip, öňümizde goýmaga esas bolýar.
Maşgala jemgyýetiň esasy gymmatlygy bolup durýar. Adamyň durmuş ýolunda, geljekde öz ornuny tapmak meselesinde maşgalanyň täsiri uludyr. Adamyň çäkli ömründe berk maşgala gurup, agzybirlikde, söýüp, söýlüp ýaşamagy durmuşyň manysy diýsek hem ýalňyşmarys.
Giňişleýin
IL-ÝURT BÄHBIDINE
04.08.2021
Türkmenistanyň Konstitusiýasy we «Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýurdumyzyň çäginde takyk we birmeňzeş berjaý edilmegine gözegçilik işini amala aşyrmagy prokuratura edaralarynyň öňünde goýlan esasy wezipe hökmünde kesgitleýär.
Giňişleýin
MÖHÜM MESELELERE GARALDY
04.08.2021
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň, şol sanda Daşoguz welaýatynyň ähli ýerlerinde Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen bagtyýarlyk eýýamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, halkymyzyň bähbidine gönükdirilip kabul edilýän kanunlaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegi barada wagyz-nesihat ýygnaklary ýokary guramaçylyk derejesinde yzygiderli geçirilýär.
Giňişleýin
ÝÜPEKDEN HEM ÝUMŞAK ÝOL
03.08.2021
Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň iň häzirki zaman nusgasy Türkmenistandan Hytaý Halk Respublikasyna gaz alyp gidýän dünýäde iň uzyn gaz geçirijisidir. Bu ýol türkmen gazy bilen doganlyk halklaryň kalbyny ýyladýar.
Şu ýylyň ýanwar aýynda «Malaý» ýatagynda täze kuwwatly gaz gysyjy desganyň ulanmaga berilmegi türkmen tebigy gazynyň Hytaý Halk Respublikasyna uzak möhletleýin esasda durnukly iberilmegini üpjün etmekde möhüm ädim boldy.
Giňişleýin
ÝAŞYL GURŞAW — EKOLOGIÝA SYÝASATYMYZYŇ BAŞ MAKSADY
03.08.2021
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, Diýarymyzyň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga öwürmek, biodürlüligi artdyrmak işleri ýokary depgin bilen alnyp barylýar. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyz köptaraply tebigy aýratynlyga eýedir. Başy asmana diräp duran äpet daglarymyz, haýwanat dünýäsi we süýji suwlulygy bilen tapawutlanýan derýalardyr köllerimiz, giň gözýetime uzap gidýän sähralardyr düzlerimiz, üsti we asty hazyna saýylýan Garagum sähramyz türkmen tebigatynyň bezegidir. Ýurdumyzyň obalaryndadyr şäherlerinde, mermer paýtagtymyzda we onuň daş-töwereklerinde oturdylýan bag nahallary bolsa, ynsan saglygy üçin möhüm şert bolan arassa howany, amatly gurşawy emele getirýär. Bag ekmegi, guýy gazyp, ýap çekmegi asylly we sogap iş hasaplaýan türkmen halkymyz gadymdan şu günlerimize çenli bu asylly işleri uly höwes bilen ýerine ýetirýärler. Bu babatda bize hormatly Prezidentimiziň hut özi şahsy görelde görkezýär. Köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek dabarasy Arkadagly eýýamymyzda milli medeniýetimizi baýlaşdyran däbe öwrüldi.
Giňişleýin
DAÝHANLAR HAKDA ALADA
27.07.2021
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin hormatly Prezidentimiz irginsiz alada edýär. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ýer bilen bagly kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegi, halkymyzyň ýerden bol hasyl alyp, çeken zähmetiniň hözirini görmekleri üçin zerur bolan ähli şertleri döredýär. «Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanuny üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, kämilleşdirilen kanunçylyk namasy bolup durýar. Agzalan Kanunyň 8-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 10-njy bendinde: «Döwlet ýer kadastry babatda ygtyýarlandyrylan edara ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi bu ugurdaky öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmegi, jemlemegi we ýaýratmagy amala aşyrýar» diýlip bellenilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda hususy önüm öndürijileri, şol sanda daýhan hojalyklaryny goldamak işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Hususy önüm öndürijilere ýardam etmek, ýer almak üçin ýüz tutýan önüm öndürijilere, daýhan hojalyklaryna 99 ýyllyk möhletine ýeri peýdalanmaga bermek bilen baglanyşykly işler üstünlikli amala aşyrylýar.
Giňişleýin
SANLY ULGAMYŇ GIŇ MÜMKINÇILIKLERI
17.07.2021
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde hukuk, ykdysady, durmuş we söwda gatnaşyklarynda ählitaraplaýyn ýeňillikler döreýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 16-njy maddasynda: «Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar. Döwletiň ylmy-tehniki syýasaty jemgyýetiň we her bir adamyň bähbitlerine ýöredilýär. Döwlet ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna ýardam edýär» diýlip bellenilýär we bu ugurda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň tassyklanylmagy esasynda sanly ulgamy döretmek, ýaýratmak, giňden ulanmak, peýdalanyjylaryň hukuklaryny goramak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça «Aragatnaşyk hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Giňişleýin
KANUNÇYLYK WE DEMOKRATIÝA
12.07.2021
Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda bolup geçýän özgerişler berk hukuk esaslaryna eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek iki palataly parlamentiň döredilmegi kanun çykaryjy ulgamyň işini hil taýdan täze derejä çykarmak bilen ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde geçirilýän özgerişleriň berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa halkymyzyň milli ýörelgelerini dünýäniň syýasy ylmynda we tejribesinde öňe sürlen gymmatlyklar bilen utgaşdyrmak esasynda kämil derejede raýat jemgyýetiniň kemala gelmegini üpjün edýär.
Bagtyýarlyk döwrümizde Türkmenistanyň ösüşi ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny düýpli, mazmun taýdan täzelemäge, demokratik edaralaryň işine häzirki zaman ölçeglerini we kadalaryny ornaşdyrmaga, döwletiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge, adamyň döredijilik mümkinçiliklerini açmak, raýatlyk hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek we goramak üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen öňdebaryjy özgertmeler bilen häsiýetlendirilýär.
Giňişleýin
AGZYBIR MAŞGALA — JEBIS JEMGYÝET
12.07.2021
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 1-nji iýulynda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi ýurdumyzda jemgyýetçilik hukuk tertibini, asuda we bagtyýar durmuşy üpjün etmekde, adamyň ömrüni we saglygyny goramak babatda döwlet syýasatymyzy has-da ilerletmekde harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde täze wezipeleri kesgitledi
Döwlet Baştutanymyz mejlisde hukuk bozulmalaryna garşy terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini geçirmekde bilim edaralarynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginiň, Ýaşlar guramasynyň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň komitetleriniň orunlaryny belläp, olaryň ýaşlary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watançy, zähmetsöýer, akylly-başly edip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan çärelere işjeň gatnaşmagyna ünsi çekdi.
Ata-babalarymyz maşgala aýratyn mukaddeslik hökmünde garap, onuň abadançylygyny, agzybirligini ähli zatdan ýokary tutupdyrlar. Häzirki günlerimizde hem ogul öýerip, gyz çykarjak bolnanda, guda bolunjak ýeriň maşgala agzybirligine, abadançylygyna, şol maşgalanyň il arasyndaky abraýyna aýratyn üns berilýär. Şonuň üçin hem türkmende «Maşgalam — baş galam» diýen söz hemişe ýörgünli. Jemgyýetiň başlangyç topary bolan maşgala mukaddes ojak hasaplanylýar. Halk arasynda «Maşgalalar näçe agzybir bolsa, jemgyýet hem şonça jebisdir» diýilýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, onuň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar.
Giňişleýin