Metbugat neşirleri

TARYHY MASLAHAT — TÄZE ÖSÜŞLERE BADALGA

14.11.2024

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Py­ra­gy» ýy­lyn­da, mu­kad­des döw­let Ga­raşsyz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­ly­gy­nyň da­ba­ra­ly baýram edil­ýän gün­le­rin­de paý­tag­ty­myz­da­ky Mas­la­hat köş­gün­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çi­ri­len Türk­me­nis­tanyňHalk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si uly üs­tün­li­kle­re bes­le­nip, tä­ze ösüş­le­re ba­dal­ga ber­di. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň bu mej­li­si hem hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň, bi­te­wü­li­gi­niň, pa­ra­hat­çy­lyk we yn­san­perwer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly bo­lup, oňyn öz­gert­me­le­riň, tä­ze­le­ni­şiň ýo­lun­dan ynam­ly öňe bar­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň ny­şa­ny­na öw­rül­di. Bu iri sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik çä­re hal­ky­my­zyň «Ag­zy­bir­lik döw­let­li­li­giň al­tyn aça­ry­dyr» diýen pä­hi­mi­niň do­wa­mat-do­wam­dy­gy­ny ýe­ne bir ge­zek aý­dyň gör­kez­di.

Giňişleýin
SPORT ULGAMYNYŇ HUKUK BINÝADY

12.11.2024

Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, beden we ruhy taýdan kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, sporty ösdürmek boýunça başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde has-da rowaçlanýar. Bu gün eziz Diýarymyzda sport ulgamyny has-da kämilleşdirmek hem-de ösdürmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarda yzygiderli ýeňiş gazanyp, Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrmagy hem uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barlan binýatlaýyn işleriň, oýlanyşykly özgertmeleriň miwesidir. Islendik işiň düýpli we uzak möhletli bolmagy onuň kanunçylyk binýadynyň kämilligine baglydyr.

Giňişleýin
SAHAWATLY IŞLER ÝÜREKLERDE ÝAGŞY TÄSIRLERI OÝARÝAR

10.11.2024

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde: «Çaganyň dünýä inen gününden başlap, döwletimiz ýaş raýatyny alada bilen gurşap alýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi bolsa ýaş nesliň saglygy hakyndaky düýpli aladalaryň ýene-de bir aýdyň mysalydyr» diýip, parasatlylyk bilen nygtaýar. Mälim bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelen ýän we bilim alýan, şeýle-de Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldip, bejergi alýan çagalara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan dürli datly miwelerden, süýjüliklerden, beýleki naz-nygmatlardan ybarat bolan sowgatlar gowşuryldy.

Giňişleýin
NETIJELI TAGALLALAR

08.11.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz geljekde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi mundane beýläk-de ösdürmeli türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýärler. Şeýle ynam bolsa, ýaşlarymyzy ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmäge borçly edýär. Garaşsyz döwletimizde “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Bu Kanun Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny, çärelerini we täsirlerini kesgitleýär. Ady agzalan Kanunyň 1-nji maddasynda bellenilişi ýaly, ýaşlar barada döwlet syýasaty — Türkmenistanda ýaş raýatlaryň hukuklarynyň we erkinlikleriniň goldanylmagynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş, ykdysady, syýasy, guramaçylyk we hukuk çäreleriniň ulgamy bolup durýar. Şu Kanunda ýurdumyzda ýaşlaryň goraglylygy hem-de kanunçylykda bellenilen borçlary kesgitlenilýär. Şu kämil kanunçylyk türkmen ýaşlaryna jemgyýetimizde özleriniň mynasyp orunlaryny eýelemeklerine mümkinçilik berýär.

Giňişleýin
KÄMIL KANUNÇYLYK — DÖWLETIŇ KUWWATLYLYGYNYŇ KEPILI

06.11.2024

Ýurdumyzyň kanunçylyk binýady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe yzygiderli kämilleşdirilýär, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak hem-de üpjün etmek boýunça netijeli çäreler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde halkara tejribäniň ulanylmagy adam hukuklarynyň ähli zatdan belentde tutulmagyny üpjün etmegiň wajyp serişdesi bolup hyzmat edýär. Adam hukuklaryny üpjün etmek bolsa, raýat jemgyýetini gurýan her bir demokratik ýurduň esasy ýörelgesidir. Her bir adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, şol bir wagtda jemgyýetde her bir adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillikleriniň hakyky ulgamyny döretmek hukuk döwletini gurmagyň esasy şerti bolup durýar.

Giňişleýin
GIDROMETEOROLOGIÝA IŞI HAKYNDA KANUNÇYLYK

04.11.2024

Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelerde oba hojalyk pudagyna hem möhüm orun degişlidir. Bu özgertmeler oba hojalyk pudagynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny, ýer we suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagyny, ýerli önümleriň öndürilişini we ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyny maksat edinýär. Şu maksatlar bilen, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda milli kanunçylygymyz döwrebaplaşdyrylyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň gerimli durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin amatly şertler döredilýär.

Giňişleýin
BÄHBITLI IŞE GOŞANDYMYZ

01.11.2024

Raýat jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleriň rowaçalýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe neşekeşligiň we beýleki zyýanly endikleriň halkymyzyň durmuşyndan ýok bolup gitmegini gazanmak derwaýys meseleligine galýar. Sebäbi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygy bir tarapdan jemgyýetimiziň jebisliginiň, mäkämliginiň gözbaşy bolsa, ikinjiden, halkyň saglygyny goramakda netijeli ädimdir.

Giňişleýin
ATYM BAR — GANATYM BAR

30.10.2024

Ahalteke bedewi özüniň köpasyrlyk taryhy, gaýtalanmajak özboluşlylygy bilen diňe bir ýurdumyzyň däl-de, eýsem, tutuş adamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasy bolup durýar. Muny ýurdumyza «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy hem doly tassyklaýar. Taryhyň şaýatlyk edişi ýaly, türkmen behişdi bedewleriniň gelip çykyşy dünýä siwilizasiýasynyň dörän wagtyna gabat gelýär. Halkymyzyň arasynda olaryň taryhynyň gadymydygyna, düşbüligine we gözelligine dünýä içre taý ýokdugyna güwä geçýän ýazuw çeşmeleri saklanyp galypdyr.

Giňişleýin
ASUDA ÝOL — ABADAN IL

28.10.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan her bir işde mähriban halkymyzyň bagtyýarlygy we rowaçlygy, kanuny bähbitleri ileri tutulýar. Bu bolsa döwletimiziň baş aladasynyň halkyň bähbidine we abadançylygyna gönükdirilendiginiň güwäsidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Ýol hereketiniň kadalary» hem şol aladadan gözbaş alýar.

Giňişleýin
AKYLDARY ARŞA GÖTEREN ESER

26.10.2024

Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy akyldar şahyryň adyny arşa göteren eser bolmak bilen, döredijilik bilen meşgullanýan ähli raýatlar üçin nusgalyk mekdebe öwrüldi.

Giňişleýin
OŇYN ÇÖZGÜTLER KABUL EDILER

24.10.2024

Türkmen halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny ýeňişlere besläp, şanly wakalaryň şaýady bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryny baýdak edinýän türkmen ili abadan ertirine barýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny berkden tutýar. Ata Watanymyzda raýat jemgyýeti mundan beýläk-de demokratik ýörelgeler esasynda ösdürmekde tutumly işler alnyp barylýar. Döwletimiziň konstitusion gurluşynyň esaslaryny kämilleşdirmekde we pugtalandyrmakda giň möçberli işler geçirilýär.

Giňişleýin
KÄMIL KANUNLAR — DÖWLET GURLUŞYNYŇ BINÝADY

22.10.2024

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­nyşy döw­rün­de ýur­du­myz­da her bir ra­ýa­tyň hukuk­la­ry we azat­lyk­la­ry ke­pil­len­di­ri­lip, döw­let gur­lu­şy kä­mil­leş­di­ril­ýär. Esa­sy Ka­nu­ny­myz­da döw­let gur­lu­şy­nyň äh­li ugur­la­ry, ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny go­ra­mak, yl­myň we me­de­ni­ýe­tiň, sag­ly­gy go­raý­şyň, dün­ýä ül­ňüle­ri­ne la­ýyk gel­ýän bi­li­miň el­ýe­ter­li bol­ma­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça döw­le­ti­mi­ziň ýö­red­ýän sy­ýa­sa­tyn­da ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry kes­git­lenil­ýär. Kons­ti­tu­si­ýa­da we onuň esa­syn­da ka­bul edil­ýän ka­nun­lar­da döw­le­ti­mi­ziň dur­mu­şy­nyň esa­sy me­se­le­le­ri ba­ra­da­ky sy­ýa­sa­ty­nyň be­ýan edil­me­gi we äh­li­si­niň maz­mu­ny ra­ýat­la­ryň bähbit­le­ri­ni go­ra­mak bi­len bag­ly­dyr.

Giňişleýin
BOL HASYLLY MEÝDANLAR

20.10.2024

Şu ýylyň 6-njy sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gowaça ösdürip ýetişdirýän daýhanlara we ähli oba hojalyk işgärlerine işlerinde uly üstünlikleri arzuw etmegi pagtaçylarymyzyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, pagta ýygymy möwsüminiň sazlaşykly işini yzygiderli üpjün etmek üçin ýerlerde ulanylýan tehnikalara gije-gündizleýin tehniki hyzmatlar ýola goýlup, mehanizatorlaryň, sürüjileriň we pagtany el bilen ýygmaga gatnaşýanlaryň öndürijilikli işlemekleri, doly derejeli dynç almaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi bol hasylyň isripsiz ýygnalmagy ugrunda taýsyz tagallalaryň edilýändigi niň subutnamasydyr.

Giňişleýin
ÇILIMKEŞLIGIŇ ZYÝANY

18.10.2024

Ýurdumyzda neşekeşlikdir beýleki zyýanly endikler bilen birlikde, çilimkeşlige garşy göreşe uly üns berilýär. Sebäbi, çilimkeşligiňem, naskeşligiňem ynsan saglygyna ýetirýän zyýany juda uludyr. Aýratynam, ýaşlary şu ýaramaz endiklerden goramak derwaýys wezipedir. Şonuň üçinem bu babatda alnyp barylýan işler döwrüň talaby bolup durýar. Ajap eýýamymyzda sagdyn durmuşyň dabaralanmagyny gazanmakda çilimkeşlige garşy göreşem uly ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi, temmäki önümleriniň ulanylmagy adamyň öýkenine, dem alyş ýollaryna uly zyýan ýetirýär. Ýürek, gan-damar, dem gysma keselleriniň döremegine getirýär. Şonuň üçinem çilimkeşligiň, naskeşligiň öňüni almak wajyp wezipe bolup durýar. Bu meselede wagyz-nesihat işine uly orun degişli bolup, netijeli işler geçirilýär. Il-gün bähbitli şu işde her birimiziň goşandymyz bolmalydyr.

Giňişleýin
BAŞ BAÝRAM — GÖWÜNLERIŇ TUGY

15.10.2024

Belent bagtymyzyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna tutulýan toý milli senenamamyzyň bir gününiň çygryndan has giň. Tutuş ýurdumyz güýzüň ilkinji gününden bäri baş baýramymyzyň dabaralaryna beslenýär. Göwünlerdäki toý ruhy döwrümize, döwrümiziň toý lybasy bolsa göwnümize nur çaýýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň belleniljek gününe bir hepdeden sähel gowrak wagt galdy. Şanly toý barha ýakynlaşdygyça, göwünlerimiziň şatlygy, toý ruhy Göge göterilýär. Çünki baş baýram — her birimiz üçin iň mukaddes toý.

Giňişleýin